Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Koreýa öz howa güýçleriniň Russiýanyň harby uçaryna duýduryş oklaryny atandygyny aýdýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

23-nji iýulda Günorta Koreýanyň uçarlary Russiýanyň harby uçary Günorta Koreýanyň Gündogar deňzindäki howa giňişligine gireni üçin oňa iki gezek duýduryş okuny atdylar diýip, Reuters habarlar agentligi bu ýurduň Milli Goranmak ministrligine salgylanyp habar berdi.

Hytaýyň harby uçary hem Günorta Koreýanyň howa giňişligine girdi.

Ýonhap habarlar agentligi Günorta Koreýanyň Ýolbaşçylaryň baş ştabyndaky ofiserlere salgylanyp, Russiýanyň uçary Günorta Koreýanyň howa giňişliginiň çäklerini bozandan soňra, Günorta Koreýanyň Howa güýçleriniň birnäçe reaktiw uçarlar, şol sanda F-15K we F-16K söweş uçarlary bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny habar berdi.

Soňra hytaý we rus uçarlary günorta tarap uçup gitdi. Bu Russiýanyň harby uçarynyň Günorta Koreýanyň howa giňişliginiň çäklerini bozmagy bilen bagly ilkinji waka diýip, Günorta Koreýanyň Milli Goranmak ministrliginiň resmisi Reuters we AFP habarlar agentliklerine aýtdy.

“Günorta Koreýanyň harbylary raketa uçgunlaryny zyňmak we duýduryş oklaryny atmak arkaly taktiki çäräni amala aşyrdylar” diýip, Günorta Koreýanyň Milli Goranmak ministrliginiň beýanatynda aýdyldy.

Russiýanyň harby uçary Günorta Koreýanyň howa giňişliginden çykandan soň, gaýtadan ýene geldi. Bu Günorta Koreýanyň howa güýçleri tarapyndan ikinji duýduryş okunyň atylmagyna sebäp boldy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi özüniň strategik bombaçylarynyň Günorta Koreýanyň howa giňişliginiň çäklerini bozandygy baradaky maglumaty ret edip, Günorta Koreýanyň uçarlaryny howply manýowrlary amala aşyrmak arkaly öz uçarlaryna wehim salmakda aýyplady. Bu barada RIA habarlar agentligi maglumat çap etdi.

Günorta Koreýanyň hökümeti degişli ýurtlara resmi şikaýat bilen ýüzlenjekdigini mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG