Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň häkimiýetleri hususy taksiçileri tutmagyň ýene bir 'usulyny' tapdylar


Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Aşgabadyň häkimiýetleri hususy awtoulagynda kireý edýän raýatlary saklamak boýunça täze usullary oýlap tapýarlar.

Bu barada habar berýän Azatlygyň paýtagtdaky habarçylary, şu günler köçede taksi saklamaga synanyşýan ýolagçylaryň gapdalynda köplenç adaty geýimli nätanyş adamlaryň birden peýda bolýandygyny we geçip barýan awtoulagyň saklanan ýagdaýynda olaryň ulag sürüjini saklap jerime salýandygyny habar berýärler.

- Ulagy saklamaga synanyşýan ýolagçylaryň gapdalynda graždan geýimli bir adam gelip durýar, golaýda bolsa bir awtoulag hem durandyr. Köpüsi saklanman geçýärler. Meniň özüme iki sany waka mälim boldy, saklanan awtoulaglaryň adamlary mündüren badyna, olary sakladylar we ýolagçylary düşürdiler, "bozujylary" bolsa jogaba çekdiler, - diýip, habarçymyz 28-nji iýulda gürrüň berdi.

Bu ýagdaýlar Aşgabatda hususy taksileriň gadagan edilmeginiň, döwlet taksileriniň gytçylygynyň we gymmatlamagynyň fonunda bolup geçýär. Hususy awtoulagynda kireý edýänleri köpçülikleýin tutup-jezalandyrmak boýunça kampaniýa aprel aýynda içeri işler ministri Iskender Mulikowyň prezidentiň ýene bir berk käýinjine eýe bolmagyndan soň güýçlendi.

​Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, şu günler Aşgabatda döwletiň taksilerini tutmak ýa-da telefon arkaly çagyrmak örän kyn, berk yzarlanýan hususyýetçiler bolsa seýrek saklanýarlar.

- Şu yssyda Aşgabatda döwlet taksilerini tutmak kyn, hususyýetçileriň bolsa, geçen hepdede, şol sanda ýekşenbe güni "awlanmagynyň" täze tapgyry başlandy. Gündiz maşyn saklamak hasam kyn. Adamlar hiç bolmanda hususyýetçileri saklamaga synanyşýarlar - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 28-nji iýulda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, şu günler paýtagtda jemgyýetçilik transporty hem kadaly işlemeýär, awtobuslar wagtynda ýöremeýär, köçeler yzly-yzyna ýapylyp durýar. Bu ýagdaýda ýaşaýjylaryň şäheriň içinde hereket etmek mümkinçilikleri çäklenýär.

Iýun aýynda polisiýanyň hususy awtoulagynda kireý edýänlere garşy çärelerine salgyt edaralaryň işgärleri hem goşuldylar.

Hususy taksilere garşy göreş Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda hem giňden alnyp barylýar. Mary welaýatynda ýol gözegçilik polisiýasy öz awtoulagynda kireý edýänler bilen bilelikde adaty ulag eýelerini hem saklap, dürli bahanalary gözläp, jerimä sezewar edýär.

Azatlygyň regiondaky habarçysy ulag eýeleriniň köpüsiniň ýurtda polisiýa bilen jedelleşmegiň oňyn netije bermeýändigini bilip, jerime tölemäge ýa-da resmi jerimä derek, soralýan puluň ýarysyny para görnüşinde berip sypmaga kaýyl bolýarlar. Şol bir wagtda-da, Balkan welaýatynda hususy awtoulagynda kireý edýän sürüjiler birinji gezek tutulanda 300 manat, ikinji gezek 600 manat jerimä sezewar edilýärler. Üçünji gezek tutulanyň sürüjilik şahadatnamasy elinden alynýar.

Azatlyk Radiosyna jerimeleriň resmi derejede göz öňünde tutulan möçberini Aşgabadyň polisiýasynyň özünden we ýol gözegçilik polisiýasynyň özünden anyklamak başartmady.

Türkmenistanda 2016-njy ýylda güýje giren düzgünlerde, ýurtda hususy taksi hökmünde gazanç etmek üçin azyndan 12 adamyň gatnaşmagynda bileleşikleriň döredilmegi göz öňünde tutulýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG