Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hazar forumy öz işine başlady, rus premýeri Medwedew Türkmenbaşa geldi, CNN Türkmenistanyň 'çökmeginden' söz açýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedew. Türkmenbaşy. 12-nji awgust, 2019 ý.

11-nji awgustda Türkmenbaşyda Birinji Hazar ykdysady forumy öz işine başlaýar, rus mediasy Orsýetiň premýer-ministi Dmitriý Medwedewiň foruma gatnaşmak üçin gelendigini habar berýär.

Şeýle-de, türkmen mediasy 11-nji awgust agşamy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bolgariýa Respublikasynyň premýer-ministri Boýko Borisow bilen duşuşandygy barada maglumat berdi.

Türkmenistan: Altyn asyr" saýty irden prezident Berdimuhamedowyň Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisine we “Türkmen sährasy – 2019” atly halkara awtosergisine gatnaşyjylara gutlagyny çap etdi.

Forumyň programmasyna laýyklykda, 11-nji awgustda irden Halkara Hazar innowasion tehnologiýalar hem-de "Türkmen sähra – 2019" sergileriniň açylyş dabarasy boldy.

Türkmen telewideniýesi Gurbanlyk baýramynyň ilkinji gününe gabat gelen çäräniň dowamynda sergiden göni alyp görkeziş gurady, emma foruma gelen myhmanlar barada anyk maglumatlar berilmedi. Türkmen mediasytndan tapawutlylykda, "Trend" foruma gatnaşýan azeri resmisi hakynda habar berdi.

11-12-nji awgustda geçirilýän forumda Hazar sebitindäki ykdysady hyzmatdaşlyklary ösdürmek bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljagy habar berilýär.

Forumyň dowamynda iri taslamalar üçin şert döretmek, Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň dünýä derejesindäki orny, ykdysadyýetiň nebit-gaz, energiýa, transport, söwda, agrosenagat, syýahat we beýleki pudaklarynyň inwestisiýa mümkinçilikleri barada maslahat ediler diýip, resmi habarda aýdylýar.

Forum Halkara konferensiýasy, Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi we hukuk (şertnamalara we ylalaşyklara gol çekişmek) bölümlerine bölünýär.

Türkmen TW-siniň maglumatyna görä, Berdimuhamedow 10-njy awgustda Hazar forumyna gatnaşmaga gelen daşary ýurtly myhmanlaryň birnäçesini, “VINСI” toparynyň Direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iw Tibo de Silgini, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowany kabul etdi.


Şu aralykda CNN onýyllyklara uzan dabara-şowun arasynda "çökmegiň gyrasyna gelen" Türkmenistanyň düşen syýasy-ydysady ýagdaýyna syn berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (2)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG