Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Bir ýyl bäri ondan ne habar, ne hatyr bar'. Täjigistanly Orsýetde dereksiz ýiten ogluny gözleýär


Kudratullo Ýusufow
Kudratullo Ýusufow

Täjigistanyň ýaşaýjysy eýýäm bir ýyl bäri Orsýetde dereksiz ýiten ogluny gözleýär. 24 ýaşly Kudratullo Ýusufow geçen ýylyň sentýabrynda kakasyna telefon edip, öz patentiniň (iş rugsatnamasynyň) möhletiniň geçendigi sebäpli polisiýanyň saklandygyny aýdypdyr. Şondan bäri ondan derek ýok.

52 ýaşly Ubaýdullo Ýusufow her gün oglundan telefon jaňyna garaşýar, ol Moskwanyň etegindäki Odintsowo şäherinde gurluşykda işleýärdi.

Onuň sözüne görä, soňky gezek telefon gepleşiginde Kudratullo özüni polisiýanyň saklamagynda çynlakaý bir meseläniň ýokdugyny, özüni hökman goýberjeklerini aýdypdyr.

«Bir sagat garaşdym, iki sagat gaşdym, günler, aýlar garaşdym, ýöne oglum gaýdyp jaň bolmady. Orsýete bardym, ýöne hiç ýerden oglumyň takdyryny bilip-bilmedim. Men Ufada ýerleşdim, mallara seredip gazanç edýän. Oglumdan nähilidir bir habar almak üçin, mydama hat ýazyp durýan» diýip, gürrüňdeşimiz aýdýar.

Biz hem Kudratullo Ýusubowyň ykbalyny bilmek üçin özbaşdak synanyşyp, Odintsowo şäheriniň polisiýa bölümine jaň etdik. Ol ýerden bize beýle graždanin barada hiç zat bilmeýändiklerini aýtdylar.

Hukuk goraýjylaryň aýtmagyna görä, zähmet migrantlary polisiýa bölümlerine häli-şindi düşýärler, soňra-da dereksiz ýitýärler. Ýitenleriň köpüsiniň soňra türmede oturandygy mälim bolýar, käbirleri bolsa dereksiz ýitýär.

Täjik migrantlarynyň hukugyny goraýjy Karimjon Ýorowyň aýtmagyna görä, şeýle dereksiz ýitenlerden 20 adamyň hossarlary hukuk babatynda ondan kömek sorap ýüz tutupdyr. Onuň sözüne görä, Russiýada ýitýän zähmet migrantlary köp ýagdaýda polisiýa saklanyndan ýa-da polisiýa bölümine çagyrylandan soň ýüze çykýar.

Ýitenleriň hossarlarynyň Azatlyk Radiosyna beren hatynda görkezilýän, ýagny olar saklanandan soň ýitýändigi baradaky faktlary rus hökümetleri ret edýärler.

Umuman, täjik tarapy şeýle ýagdaýyň bolýandygyny tassyklaýar. Täjigistanyň Zähmet ministrliginiň Russiýadaky wekilliginiň metbugat-sekretary Ibrohim Ahmadi soňky ýylda ýitenlerden 30 adamyň hossary kömek sorap, bize ýüz tutdular diýdi. Onuň sözüne görä, şolardan 18 adamy tapmak başardypdyr, olar türmede eken. Beýlekileri nähilidir bir sebäplere görä, hossarlary bilen aragatnaşyk saklamakdan gaçypdyr.

«Biz golaýda 1997-nji ýylda Orsýete gelip, soňra dereksiz ýiten bir aýaly tapdyk. Bize onuň ogly ýüz tutdy, biz bolsa Russiýa Federasiýasynyň Jenaýat agtaryş Baş uprawleniýesine hat üsti bilen ýüzlendik. Ol aýal oba ýerinden tapyldy. Ol dokumentlerini ýitiripdir, şondan şoň onuň huşy ýitipdir. Käbirini tapyp bolýar, köpler bolsa suwa gaçan ýaly» diýip, Ahmadi aýdýar.

Gürrüňdeşimiziň sözüne görä, olaryň elinde Russiýada ýiten täjigistanlylaryň ählisiniň sanawy ýok, diňe hossarlary tarapyndan ýüz tutulanlar hasaba alynýar.

Orsýetde polisiýa çagyrandan soň ýitirim bolan ilkinji hadysa bu däl. Mundan öň Hatlon welaýatynyň Hamadoni raýonynyň ýaşaýjysy Mirzo Zaripow öz iki doganynyň polisiýa çagyrylandan soň ýitendigini aýdypdy.

37 ýaşly Usmon Zarifow we 29 ýaşly Bobohalil Sadullo 2017-nji ýylyň 13-nji hem 14-nji iýunynda Moskwa degişli Solntsewo-Park mikroraýonynda tussag edilipdir. Hossarlarynyň aýtmagyna görä, olar Moskwada saklanandan iki gün soň täjik hökümetleri Hamadoni raýonyndaky Zarifowlaryň hossarlaryndan sorag edipdirler. Şondan soň hossarlary täjik hem rus hökümetlerinden hiç bir maglumat alyp bilmändirler.

Mirzo Zaripow doganlarynyň gözleginde, Orsýete ugrapdyr. Iki ýylyň gözlegi, Russiýanyň hem Täjigistanyň kanun goraýjy guramalaryna ýazylan petde-petde hat netije bermändir.

Täjik hökümeti käbir ýiten adamlaryň Russiýanyň gonamçylyk ýazgysyndan çykýandygyny aýdýar. Orsýetiň birnäçe şäherinde «mälim edilmedikleriň» jaýlanýan gonamçylygy bar.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG