Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýurt boýunça dowam edýän pagta ýygym möwsüminde býujet işgärlerinden “ýygym üçin” pul ýygnalýar


Illýustrasiýa suraty.

Mary welaýatynda ýerleşýän döwlet edara kärhanalarynda işgärlerden “pagta ýygym üçin” dilden görkezme esasynda her 10-15 günden bir gezek pul ýygnalýar.

Bu maglumatyň jikme-jikligini Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 14-nji oktýabrda habar berdi.

Habarçynyň tassyklamagyna görä, welaýatyň çäginde ýerleşýän her bir döwlet edara-kärhanasy üçin Mary welaýatynyň häkimligi tarapyndan aýratynlykda kesgitlenen pul möçberi bar.

“Mysal üçin her bir mekdep, her bir çagalar bagy aýratynlykda her 15 günden bir gezek 4000 manat möçberinde, etrap hassahanalary 7000 manat möçberinde, şäher we welaýat keselhanalaryň her bölümleri aýratynlykda 10 müň manat möçberinde, gaz üpjünçilik edaralary hem 10 müň manat möçberinde pagta ýygyma diýip pul bermeli bolýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, agzalýan “summalary her edaranyň başlyklary Mary welaýatynyň häkimligine tabşyrýar”

Ýurt içindäki habarçymyz Mary welaýatynyň agyz suw hem-de tok üpjünçilik edaralarynda hem işgärlerden dilden görkezme esasynda pagta ýygym möwsümi bilen baglylykda pul ýygnalýandygyny aýdýar.

“Marywelaýatagyzsuw” edarasynyň hem-de Marynyň “tok üpjünçilik edarasynyň” ençeme işgäri Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde her bir işgärden “pagta ýygym üçin” hepdelik 100 manatdan pul ýygnalýandygyny aýtdylar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlary Mary welaýatynyň agzalýan döwlet edara kärhanalaryna tassykladyp ýa-da inkär etdirip bilmedi.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Mary welaýatynyň käbir etraplarynda bu ýylky pagta ýygym möwsümine awgustyň aýagynda girişildi. Ýöne döwlet metbugatyna görä, welaýatda ýygym möwsümine resmi derejede 11-nji sentýabrda girişildi.

Maryda pagta ýygym möwsüminde käbir döwlet edara-kärhanalaryň işgärlerinden pul ýygnamak işleri awgustyň aýagynda başlandy.

29-njy awgustda Azatlygyň habarçysy Mary welaýatynda býujet işgärlerinden adam başyna pagta üçin 20 manatdan, çürtüm üçin 15 manatdan pul ýygnalýandygyny habar beripdi.

Onuň maglumatlaryna görä, döwlet edara-kärhanalary ýygnalýan pullary “ýygyma ýa-da çürtüme hakyna tutma adam iberýändiklerini” aýdyp düşündirýärler.

Habarçylarymyz iýulyň aýagynda Lebap welaýatynyň gowaça meýdanlarynda-da çürtüm işleriniň geçirilmegi üçin döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden işgär başyna 20 manat pul ýygnalýandygyny habar beripdi.

Azatlyk bilen iýulyň aýagynda anonimlik şertinde habarlaşan lebaply bir magaryf işgäri mekdepleriň direktorlarynyň mugallymlardan ýygnalan pullary welaýat bilim bölümine geçirýändiklerini aýdandygyny habar berdi.

Habarçylar işgärlerden ýygnalan pullaryň welaýat bilim bölümleri tarapyndan pagta meýdanlaryna ugradylýan hakyna tutma adamlara berilýändigini aýdýarlar.

Bu ýyl Türkmenistanda boýunça 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG