Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda pagta ýygymyndaky mejbury zähmet gowaça çürtümine çenli öňe süýşdi


Gowaça meýdanyndaky bejeriş. Türkmen TW-siniň sýužetinden.
Gowaça meýdanyndaky bejeriş. Türkmen TW-siniň sýužetinden.

Türkmenistanda kärendeçileriň döwlet bilen baglaşylanşertnama esasynda öndürýän pagta hasylynyň töweregindäki mejbury çäreler pagtanyň ýygylýan döwründen has öňe, gowaça çürtmek döwrüne süýşdi diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy habar berýär.

Şu wagt gowaça çürtmek işi başlandy, adamlary günde gowaça çürtmäge äkidýärler” diýip, radionyň habarçysy aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, bu iş üçin edara-kärhanalara salgyt salynýar.

Çürtüm üçin diýip, işgärleriň hersinden 20 manat ýygnap alýarlar, çürtüm işleri tamam bolýança her edara-kärhanany 5-6 adamy gezekleşdirip, gowaça meýdanlaryna ibermeli etdiler” diýip, habarçy aýtdy.

Aýdylmagyna görä, mugallymlar we we beýleki mekdep işgärleri, edara-kärhanalaryň gullukçylar mekdep direktorlaryna ýa edara başlyklaryna 20 manatdan pul bermeli.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen magaryf işgäri mekdep direktorynyň özlerinden ýygnalan puly welaýat bilim bölümine geçirýändigini aýtdy. Direktory sözüne görä, welaýat bilim bölüminde ol pullar başga adamlaryň deregine gowaça çürtmäge gidýän işsiz adamlara berilýär.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçysynyň gürleşen magaryf işgärleri bu pullaryň gowaça çürtmäge gidýän adamlara berlip-berilmeýändigini çintgäp soramaga gorkýarlar.

Mugallymlaryň hemmesi işini ýitirmekden gorkýar, onsoň olaryň direktor näme diýse, bolýar diýmekden başga çäresi ýok" diýip, radionyň habarçysy bilen gürleşen magaryf işgäri aýtdy.

Azatlygyň bu maglumat boýunça bilim ministrliginden resmi maglumat almak üçin eden synanyşygy netije bermedi. Türkmen häkimiýetleri garaşsyz neşirleriň sowallaryna düşündiriş bermeýärler.

Mundan öňki ýyllarda Azatlygyň habarçylary Türkmenistanyň Balkan welaýatynda mekdepleriň we beýleki edara-kärhanalaryň işgärlerinden şugundyr ekişi we hasyly üçin pul ýygnalýandygyny habar beripdi.

Pagta ýygymy möwsümindäki ýagdaýbolsa, sowet ýyllaryndan bäri belli: sowet ýyllarynda pagta hasylyny ýygmaga esasan studentler sürlen bolsa, garaşsyzlyk ýyllarynda bu mejbury işe edara-kärhanalaryň işgärlerini, esgerleri hem çekmek kada öwrülene meňzeýär.

Azatlyk radiosy bu ýagdaý barada pikirini sorap, Şwesiýada ýaşaýan türkmen ykdysatçysy Hudaýberdi Orazowa telefon etdi. Onuň pikiriçe, pagta ýygymyndaky mejbury zähmetiň gowaça çürtmek işlerine çenli öňe süýşmegi Türkmenistanyň oba hojalygyndaky ýagdaýyň has çylşyrymlaşýandygyny, oba adamlarynyň durmuş şertleriniň has agyrlaşýandygyny aňladýar.

Orazowyň pikiriçe, Berdimuhamedowyň oba hojalygyndaky ýagdaýlary düzetmek boýunça soňky eden teklipleriniň arkasynda hem anyk hereket ýok we bu ýagdaý daýhanlaryň başga ýerlerden gazanç gözlemegine sebäp bolýar.

Şu sebäpden oňaran iş gözläp daşyna gaçýar, oňarmadyk içinde şäherlerde, bir iş bolmazmyka diýip, bazaryň töwereginde aýlanyp ýör. Bu Türkmenistanyň şu günki gündäki ýagdaýy” diýip, ykdysatçy Orazow Azatlyk radiosyna telefon arkaly beren düşündirişinde aýtdy.

Geçen ýyl Türkmenistanda gurakçylyk boldy we bu ýagdaý planlaşdyrylan hasylyň ýygnalyp bilinmezliginiň diňe bir sebäbi boldy diýip, synçylar aýdýarlar.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, ygally gelen 2019-njy ýylda hem gowaça meýdanlaryny suwarmaga suw ýetmeýär.

Neşiriň habarçylary şu ýyl Çärjew etrabynyň “Jeýhun” oba hojalyk birleşiginiň ýaşaýjylarynyň gowaçany bir gezek hem suwaryp bilmändigini habar berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG