Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň Sakarçäge etrap hassahanasynda barlag geçirilýär


Türkmenistandaky hassahanalaryň biri. Illýustrasiýa suraty
Türkmenistandaky hassahanalaryň biri. Illýustrasiýa suraty

Marynyň Sakarçäge etrap hassahanasynda barlag geçirilip, hususan-da, onuň hasaplaşyk bölümi derňelýär diýip, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

Bu habar Azatlyk Radiosynyň Mary we Lebap welaýatlarynyň şäher hem-de etrap hassahanalarynyň aglabasynda töleg terminallarynyň işlemeýändigi, nagt däl hasaplaşyga degişli mümkinçiligiň ýoklugy sebäpli näsaglaryň nagt tölemäge mejbur bolýandygy baradaky habarlarynyň yzýanyna gabat geldi.

Habarçymyz bilen anonim şertde söhbetdeş bolan agzalýan hassahananyň birnäçe lukmanynyň we şepagat uýasynyň aýtmagyna görä, ýurduň Milli howpsuzlyk we prokuratura pudagynyň işgärlerinden düzülen barlagçylar geçen hepdeden bäri derňewleri geçirýärler.

“Esasy barlaglar hassahananyň hasaplaşyk bölüminde dowam edýär. Hasaplaşyk bölüminiň hasapçysy günälenýär, ýöne aç-açan maglumat berilmeýär” diýip, habarçy saglyk işgärlerine salgylanyp, 30-njy oktýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, resmiler barlaglaryň sebäpleri barada hiç zat aýtmaýarlar. Ýöne hassahananyň saglyk işgärleriniň arasynda ýaýran gürrüňlere görä, bu barlaglaryň hasaplaşyk bölümindäki “bidüzgünçilikler bilen baglanyşyklydygy” öňe sürülýär.

“Näsaglar kassa nagt pul geçirende, tölegler üçin iki sany girdeji kassasynyň bolandygy, ýagny olaryň biriniň uly, beýlekisiniň kiçi tölegler üçin niýetlenendigi aýdylýar. Şol kassalaryň birine barýan nagt girdejiniň hassahananyň başlygy bilen hasapçysynyň arasynda paýlaşylýandygy barada gürrüňler bar” diýip, hassahananyň lukmanlarynyň biri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna anonim şertde gürrüň berdi.

Habarçy bu barlaglaryň fonunda, hassahanalara gelýän näsaglardan tölegleri mümkin boldugyndan plastik kartlar arkaly tölemek talabynyň güýçlendirilendigini hem belledi.

“Häzirki wagt töleg geçirmäge baran näsaglardan ilki bilen ‘plastik kartyň barmy?’ diýip soralýar. Plastik karty bolan ýaşaýjylaryň tölegini nagt kabul etmeýärler. Öňler bu sorag berilmeýärdi. Näsaglaryň köpüsi nagt töläp gidýär. Häzir şu talap welaýatyň beýleki hassahanalarynda hem güýçlendi” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilýän maglumatlary Sakarçägäniň etrap hassahanasyna ne tassykladyp, ne-de inkär etdirip bildi. Bu barada Mary welaýat prokuraturasyndan we saglyk bölüminden hem kommentariý alyp bolmady.

Ýöne Sakarçägäniň etrap hassahanasynda barlaglaryň geçirilýändigi baradaky gürrüňler, ýokary derejeli döwlet resmileriniň käbiriniň Aşgabatdan Mara barandygy we welaýatyň käbir edara-kärhanalarynda barlag geçirýändigi baradaky – resmi taýdan tassyklanmadyk, ýöne inkär hem edilmeýän – habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

Munuň bilen bir wagtda, Mary şäheriniň edara-kärhanalarynda, köçelerinde, seýilgählerinde arassaçylyk we abatlaýyş işleriniň geçirilýändigi hem mälim bolupdy.

Şeýle-de, soňky aýlarda Azatlyk Radiosy Mary we Lebap welaýatlarynyň şäher hem-de etrap hassahanalarynyň aglabasynda töleg terminallarynyň işlemeýändigini habar beripdi. Zerur döwlet edara-kärhanalarynda nagt däl hasaplaşyga degişli mümkinçiligiň ýoklugy sebäpli näsaglaryň nagt tölemäge mejbur bolýandygy hem aýdylypdy.

“Hatda welaýat hassahanasynyň kassalarynda hem töleg terminallary ýok, nagt däl hasaplaşyk geçirip bolmaýar. Dermanhanalarda ‘aragatnaşykda problema bar’ diýlip, töleg terminallary kassalardan doly aýrylypdyr” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy oktýabr aýynda gürrüň beripdi.

Şol bir wagtyň özünde, Azatlyk Radiosyna Sakarçägäniň etrap hassahanasynda geçirilýän bu barlaglaryň ýokarda aýdylan ýagdaýlar bilen arabaglanyşyklydygyny ýa däldigini anyklamak häzirlikçe başartmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG