Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda býujet işgärleri, telekeçiler metjidiň we beýleki desgalaryň gurluşygyna mejbury ýardam bermeli edildi


Illýstrasiýa suraty. Aşgabatda gurlan bir metjit.

Şu günler Balkanda häkimiýetler welaýatyň çäginde gurluşygy dowam edýän desgalary “wagtynda tabşyrmak maksady bilen” diýip ýerli býujet işgärlerinden adam başyna 500 manat möçberinde pul ýygnaýar. Ýerli telekeçilerden gurluşyklara mejbury ýardam bermek talap edilýär. Pulsuzlyk sebäpli gurluşygy togtan desgalaryň hatarynda Balkanyň baş metjidi hem bar.

Balkanabat şäheriniň welaýat bäş metjidiniň gurluşygy maliýe kynçylyklary sebäpli 1 ýyldan gowrak wagt bäri togtady. Onuň gurluşygyna dowam etmek üçin ýerli häkimiýetler býujet işgärlerinden pul ýygnaýar, telekeçilerden metjidiň gurluşygyna mejbury maliýe, material we tehnika kömegini bermek talap edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Ol metjidiň gurluşygynyň esasy agramly böleginiň ýerine ýetirilmändigini aýdýar. Habarçynyň tassyklamagyna görä, diňe ujypsyz bölegi tamamlanan metjidiň gurluşygyna döwlet 1 ýyl bäri pul goýberip bilmeýär.

Ýerli firmalar döwlet serişdesi goýberilmeýän gurluşyk desgalary sebäpli ýiti zyýana galýandyklaryny aýdýarlar:

“Firmalar gurluşygyna pul geçmeýän ‘obýektler’ sebäpli ‘bankrot’ bolýandygyny aýdýarlar” diýip, habarçy belleýär.

Onuň welaýatdan öwrenen maglumatlaryna görä, ýerli häkimiýetler bu metjide Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn töwereginiň biriniň adyny dakmagy meýilleşdirýär.

“Binalary öz wagtynda tabşyrmak maksady bilen döwlet edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary býujetden aýlyk alýan raýatlaryň aýlyklaryndan 500 manat möçberinde pul ýygnaýar” diýip, habarçy aýdýar.

Onuň maglumatlaryna görä, ýerli telekeçilerden dowam edýän gurluşyklar üçin armatur, daş, sement ýaly material kömegini bermek, ýa-da ýük maşynlaryny üpjün etmek arkaly tehnika kömegini bermek talap edilýär.

“Kömek bermekden boýun gaçyrýan telekeçilere prokuratura derňewiniň garaşýandygy, olaryň gazançlarynyň howp astyndadygy aýdylýar” diýip, habarçy telekeçilere salgylanýar.

Onuň býujet işgärleriniň ençemesinden alan maglumatlaryna görä, pul bermekden boýun gaçyrýan işgärlere bolsa işden kowmak haýbaty atylýar.

Habarçy bu talaplaryň dilden görkezme esasynda amala aşyrylýandygyna ünsi çekýär.

Ol gurluşygy 1 ýyl bäri togtadylan welaýat metjidiniň işine ilki 2 ýerli firmanyň gatnaşandygyny, ýöne soňra olaryň işden çekilendigini aýdýar. Habarçy häzirki wagtda desgany tamamlamak işleriniň Balkan welaýat gurluşyk trestiniň üstüne ýüklenendigini belleýär.

Türkmenistanda iki ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady kynçylyklar dowam edýär. Krizisiň fonunda ýurduň dürli künjeklerinde alnyp barylýan gurluşyk desgalarynda işler togtadyldy. Ýatlasak, mundan ozal noýabryň ortalarynda Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy täze gurulýan Darganata şäherçesinde maliýe ýetmezçiligi sebäpli işleriň togtadylandygyny habar berdi. Onuň tassyklamagyna görä, lebaply gurluşykçylar 5 aý bäri aýlyk haklaryny alyp bilmeýär. Welaýatyň işçileri etrap we welaýat suduna arz etdi, ýöne habarçynyň tassyklamagyna görä, olaryň bu tagallalary netije bermedi. Beýleki tarapdan, Darganatada ýerli firmalaryň ýolbaşçylary döwleti gurluşyklar üçin zerur serişde goýbermezlikde aýyplaýar. Ýurduň gurluşyk resmileri bu meseleler bile bagly resmi beýanat bilen çykyş etmeýär.

Duşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň häkimi Ýaztagan Gylyjowa welaýatda alnyp barylýan “medeni-durmuş hem-de önümçilik ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň barşyna” gözegçilik etmegi tabşyrdy. Ýöne TDH-nyň habarynda bu desgalar boýunça jikme-jik maglumat berilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG