Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan gymmatlykda we haýallykda tapawutlanýan internet hyzmatlaryny arzanladýar, emma...


Türkmenistan. Internet kafesinde internet ulanýan ýaşaýjylar. Arhiw suraty
Türkmenistan. Internet kafesinde internet ulanýan ýaşaýjylar. Arhiw suraty

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki ýeke-täk internet üpjünçisi "Türkmentelekom" ilat üçin internet hyzmatlarynyň bahasyny 50 manat arzanladandygyny habar berýär.

Kompaniýanyň internet saýtynda çap edilen maglumata görä, şu ýylyň dekabr aýynyň 1-inden başlap, ilat üçin 512 Kbit/sekunda çenli tizlikde trafigiň çäklendirilmedik görnüşinde hödürlenýän internet hyzmatlarynyň bahasy 250 manat bolanlygyndan 200 manada düşürildi.

Emma muňa garamazdan, “Gündogar” neşiri Türkmenistandaky internetiň şindi hem GDA ýurtlarynyň arasynda we dünýäde iň gymmat hem-de haýal internetleriň biri bolup galýandygyny, 200 manadyň döwlet kursunda çalşylanda, 57,14 ABŞ dollaryna barabar serişde bolýandygyny habar berýär.

Neşiriň deňeşdirmegine görä, Täjigistanyň “Tojnet” üpjünçisiniň “Be Mahdud-2019” paketi (çäklendirilmedik, tizligi 512 Kbit/sekunda çenli) ABŞ-nyň 10 dollaryna berilýär.

Orsýetde, Gazagystanda we Özbegistanda bu hili pes tizlikdäki interneti tasdan hiç kim ulanmaýar. Bu ýurtlarda elýeterliligi 4 Mbit/s tizliginden başlanýan çäklendirilmedik internet hyzmaty degişlilikde aýda 7, 9 we 10 ABŞ dollarynda bahalanýar.

Gyrgyzystanda 1 Mbit/s tizligindäki internet elýeterliligi ABŞ-nyň 5 dollaryna golaý bahalanýar.

GDA ýurtlarynyň arasynda ilata iň arzan internet hyzmaty Ukraianda hödürlenýär: bu ýurtda tizligi 50 Mbit/sekunda çenli bolan çäklendirilmedik internet hyzmaty aýda ABŞ-nyň 2 dollaryna golaý.

2017-nji ýylyň oktýabryndaky metbugat maglumatlaryna görä, Türkmenistan internet gymmatlygy boýunça soňky bäşlikde ýelşeýär: Tanzania ($134,09), Türkmenistan ($171,01), Efiopiýa ($210,59), Angola ($236,17) we Kongo ($288).

Türkmenistanda internet diňe beýleki ýurtlardakydan gymmatlygy we haýallygy bilen hem tapawutlanmaýar, eýsem ýowuz çäklendirmeleri bilen hem öňe saýlanýar.

Azatlygyň ozal hem habar berşi ýaly, Şwesiýanyň hökümetden aýry “Qurium Media Foundation” guramasynyň soňky barlaglary türkmen hökümetiniň onlarça habar saýtyny we sosial ulgamlary petikli saklaýandygyny tassyklady.

Barlag netijelerine görä, “Türkmentelekom”, daşary ýurtlarda işleýän garaşsyz türkmen neşirleri we beýleki onlarça saýt bilen bir hatarda, Türkmenistanda BBC, Reuters, “Deutsche Welle”, “Eho Moskwy” ýaly habar çeşmelerini hem petikli saklaýar.

Mundan başga, türkmen häkimiýetleri interneti raýatlaryny yzarlamakda, gorkuzmakda ulanmakda hem tankyt edilýär.

Internet hyzmatlarynyň arzanladylmagy noýabryň aýagynda Aşgabatda geçirilen “Türkmentel-2019” halkara maslahatynyň yz ýanyna gabat geldi. Bu maslahata gatnaşan daşary ýurt tehnologiýa kompaniýalarynyň arasynda Germaniýanyň “Rohde & Schwarz” kompaniýasynyň wekilleri hem boldy.

Azatlygyň ýanwarda geçiren derňewi bu kompaniýanyň türkmen howpsuzlyk gulluklaryny onlaýn içalyçylyk enjamlary we ekspert maglumatlary bilen üpjün edendigi baradaky faktlaryň üstüni açdy.

Türkmen kanunçylygynyň şahsy durmuşyň we raýatlaryň hat aragatnaşygynyň eldegrilmezidigini kepillendirýändigine garamazdan, türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlardan dolanyp gelen studentleriň, migrant işçileri we beýlekileriň telefonlaryny alyp, olaryň giren internet saýtlary, hat aragatnaşyklary boýunça eden-etdilikli derňew geçirmek praktikasyny ulanýandygy hakynda hem maglumatlar bar.

Şeýle-de, häkimiýetleriň daşary ýurt habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk saklaýanlary, raýat aktiwistlerini we öz pikirini aýtmaga çalyşýan ýaşaýjylary yzarlamagy we olary gorkuzmaga synanmagy dowam etdirýändigi hakynda maglumatlar çap edilýär.

Azatlyk bilen daşary ýurtlarda anonimlik şertinde gürleşen türkmen raýatlarynyň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, olar Aşgabada uçmazlaryndan öň, “başlaryna bela gelmezligi üçin”,telefonlaryny, laptoplaryny we beýleki elektron enjamlaryny “mazaly arassalamagy” hiç wagt ýatdan çykarmaýarlar.

Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça Demirgazyk Koreýadan hem yzda durýar, 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelende ilatyň ýokary internet üpjüçiligini wada beren prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa, Serhetsiz reportýorlar guramasy tarapyndan “internetiň ganym duşmany” diýlip atlandyrylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG