Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzlylar mobil aragatnaşygynyň hili we bahasy bilen bagly kynçylyk çekýärler


Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Daşoguzyň ýaşaýjylary mobil telefon aragatnaşygynyň hili we bahasy bilen bagly birnäçe problemanyň ýüze çykandygyny habar berýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu ýagdaýyň jikme-jikleri bilen gyzyklandy. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda regionyň ençeme ýerinde, şol sanda şäherde we etraplarda telefon gepleşigi gysga wagtda ençeme gezek kesilip durýar.

"Daşoguz şäherinde we etraplarda "Altyn Asyr" aragatnaşygy kadaly işlemeýär. Her minutda 10-15 sapar kesilýär" diýip, habarçymyz 2-nji iýunda habar berdi.

Obuň sözlerine görä, mobil aragatnaşygynyň hiline degişli şikaýatlar "Altyn Asyr" aragatnaşyk ulgamynyň müşderileri tarapyndan edilýär.

Türkmenistandaky habarçylarymyzyň sözlerine görä, soňky günlerde mobil telefon aragatnaşygy Balkan we Ahal welaýatlarynyň birnäçe ýerinde hem kemçilikli işläpdir.

Şol bir wagtda-da, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtda mobil aragatnaşygynda kemçiligiň ýokdugyny aýdýar.

Daşoguz, Balkan we Ahal welaýatlarynyň birnäçe etrabynda mobil aragatnaşygynyň hiliniň ýaramazlaşmagy barada habarçylarymyzyň berýän maglumatlary bilen baglylykda "Altyn Asyr" aragatnaşyk kompaniýasynyň özünden resmi görnüşde kommentariý alyp bolmady.

Emma "Altyn Asyr" kompaniýasynyň işgärleriniň biri adynyň efirde tutulmazlyk şerti bilen habarçymyz bilen söhbetdeş boldy. Ol mobil telefon aragatnaşygynda dörän soňky bökdençlikleriň anyk sebäbini düşündirip bilmedi, ýöne muňa dürli ýagdaýlaryň sebäp bolup bilýändigini belledi.

"Meselem bahar aýlarynda ýyldyrym urup, aragatnaşyk diňlerine zyýan ýetipdi. Ondan ozal uzak aralyga signal ýetirmek üçin ulanylýan optiki süýümli kabel sandan çykypdy" diýip, söhbetdeşimiz aýtdy. Ol aragatnaşyk hyzmatlarynyň çäklendirilen bolmagynyň ähtimallygyny hem aradan aýyrmady.

​Şol bir wagtyň özünde-de, Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, daşoguzlylar mobil aragatnaşyk hyzmatlary üçin töleg meselesinde hem kynçylyklara duçar bolupdyr.

"Iki aý bäri aragatnaşyk kampaniýasy müşderileriň puluny tutup galýar, hasaba 50 manat goýulsa, azyndan 25 manady hasaba geçmeýär" diýip habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak meselesini ileri tutýandygyny yzygiderli aýdýarlar.

Ýaňy-ýakynda Aşgabatda “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk zamanasynda ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly ylmy konferensiýasy geçirildi. Türkmenistan 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça konsepsiýasyny" kabul etdi.

Şeýle-de, türkmen resmileri IT kompaniýalar bilen kiberhowpsuzlyk meselesini maslahat edýärler.

Muňa garamazdan, Türkmenistan öz mobil aragatnaşyk ulgamynda dünýä boýunça iň pes tizlikli we pes hilli hyzmatlary hödürleýän ýurtlaryň hatarynda agzalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG