Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan Eýranyň üsti bilen swap ylalaşygy esasynda türkmen gazyny satyn almagyň üstünde işleýär


Illýustrasiýa suraty.

18-nji dekabrda Sputnik neşiri Ermenistanyň swap ylalaşygy esasynda Eýranyň üsti bilen Türkmenistanyň tebigy gazyny satyn almagyň üstünde işleýändigini habar berdi.

“Swap ulgamyndan şeýle peýdalanylmagy Türkmenistanyň Eýranyň demirgazyk welaýatlaryny gaz bilen üpjün etjekdigini, öz gezeginde Eýranyň Ermenistana gaz iberjekdigini alamatlandyrýar” diýip, “bne intellinews” neşiri ýazýar.

Ýatlasak, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkmenistan Eýrana gaz ibermegini bes etdi. Türkmenistan bilen eýranyň arasynda gazyň tölegi bilen baglylykda dawa döredi. Häzirki wagtda taraplaryň arasyndaky dawa Halkara arbitraž sudunda dowam edýär.

Ermenistanyň Milli mejlisiniň Ýewraziýa we regional integrasiýa komitetiniň başlygy Mikael Melkumian Ermenistan bilen Eýranyň arasynda Eýranyň infrastrukturasyndan peýdalanmak arkaly täze gaz üpjünçiligini ýola goýmak boýunça gepleşik geçirýändiklerini aýtdy.

“Bu mesele boýunça gepleşik geçirilýär. Häzirki wagtda bu shema işlemeýär, ýöne elbetde bu hökman işlär. Munuň maksatlarynyň biri hem Türkmenistandan Eýranyň, Ermenistanyň we Gürjistanyň üsti bilen Russiýa energiýa koridoryny döretmekdir” diýip, Melkumianyň sözleri Sputnikde sitirlendi.

Türkmenistanyň Eýranyň demirgazyk welaýatlaryna iberýän gazyny kesmegi, onuň Eýran bilen aradaky swap ylalaşyklaryna dessine täsir etmedi. Türkmenistan 2017-nji ýylda swap ylalaşygy esasynda Eýranyň üstünden Azerbaýjana 6 million kub metr tebigy gaz iberýärdi. 2017-nji ýylyň fewralynda Türkmenistan Eýranyň üstünden alyş-çalyş esasynda Azerbaýjana we Ermenistana amala aşyrýan gaz swapynyň möçberini 15 million kub metre çenli ýokarlandyrmagy Eýrana teklip etdi.

Ýöne aradan bir ýyldan gowrak wagt geçenden soň, 2018-nji ýylyň noýabrynda Azerbaýjan Eýranyň üsti bilen Türkmenistandan swap ylalaşygy esasynda gaz satyn almagy bes etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan öz gazyny diňe Hytaýa we Russiýa eksport edip bilýär. Ýöne türkmen hökümeti köpýyllyklaryň dowamynda gaz eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda tagalla edýändigini aýdyp gelýär.

Ermenistanyň Türkmenistan bilen Eýranyň üstünden swap esasynda gaz söwdasyny ýola goýmagy ugrunda alnyp barylýan gepleşikler barada Türkmenistanyň döwlet metbugatynda habar berilmeýär.

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen GDA döwlet baştutanlarynyň sammitiniň çäklerinde türkmen paýtagtynda duşuşdy.

Türkmen metbugatynyň habaryna görä, bu duşuşykda Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasynda energetika, ulag, dokma senagaty we beýleki ulgamlarda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak maslahat edilipdi.

Ermenistanyň Eýranyň üstünden swap ylalaşygy esasynda satyn almaga göz öňünde tutýan türkmen gazynyň möçberi we onuň bahasy barada maglumat berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG