Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Syçan ýylynyň öňýany Aşgabatda gemrijiler köpeldi


Aşgabat
Aşgabat

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, täze ýylyň, ýagny gündogar kalendary boýunça syçan ýylynyň öňüsyrasynda paýtagtda öň görlüp-eşidilmedik möçberde syçanlar köpelipdir. Olaryň sözlerine görä, şu günler köpelen gemrijileri şäheriň merkezinde, gara ýollarda, ýaşaýyş jaýlarda we şäheriň gonamçylygynda görmek mümkin.

Azatlygyň habarçylary şeýle gürrüň berýärler:

- Gündiz türkmen disneýlendiniň [Ertekiler dünýäsiniň] ýanynda alakalary gördüler, olar ýagyş suwy üçin gurlan çukurlardan çykdylar.

- Häzir maýyl. 4-nji etrapçada futbol meýdançasynyň golaýyndaky jaýda maşgala ýerde ýatýar. Alaka zenanyň aýagynyň ýanyna geldi. Öň beýle zat bolmandy.

- Meniň tanyşlarym Aşgabadyň üsti bilen Ýaşlykdan Änewe barýardylar we olar ýoldan eýläk-beýläk geçýän syçanlary görüp, geň galdylar. Bir wagtda 20 sanysy bardy.

- Çoganlynyň gonamçylygynda örän köp alaka bar we Çoganlynyň özünde-de köp. Köçelerde we gonamçylykda bolýarlar - ol ýerde azyk bar...

- Dokuz gatly jaýyň girelgesinde zenan "pişijigi" gördi, birden şol "pişijik" turbanyň ýokarysyna dikleýin dyrmaşyp gitdi. Ol alaka bolup çykdy.

Azatlygyň Aşgabatdaky gürrüňdeşleri şäherde gemrijileriň köpelmeginiň sebäplerini zerur arassaçylyk çäreleriniň wagtynda geçirilmezligi, şeýle-de pişikleriň köpçülikleýin ýok edilmegi bilen baglanyşdyrýarlar.

"Öň sanitariýa çäreleri geçirilýärdi, häzir sanepidemstansiýalary çäreleri geçirmeýärler, olarda derman ýok. Üstesine, diňe bir Aşgabatda däl, eýsem, tutuş Ahal welaýatynda pişikleri ýok edýärler" diýip, habarçymyz aýdýar.

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, arassaçylyk ýagdaýyň gözegçiligini Türkmenistanyň saglyk ministrligine degişli "Örän howply keselleriň öňüni almak boýunça merkez" amala aşyrýar. ​

Azatlyk Radiosy bu döwlet edarasynyň özünden resmi maglumat alyp bilmedi.

Şol bir wagtda-da, aşgabatly haýwanlary goraýjylar häkimiýetleriň şäherde we onuň töwereginde hem idegsiz, hem-de öý haýwanlarynyň, şol sanda pişikleriň öldürilmeginiň dowam edýändigini habar berýärler.

"Adamlar alakalaryň köpelmeginden şikaýat edýärler, merkezde jemagat gulluklaryň işgärleri pişikleri ýok edýärler. Edil şu wagt maňa Parahat-3 etrapçasynda atylan zäherlerden pişikleriň ýogalandygyny habar berdiler" diýip, Azatlyk Radiosy bilen gizlinlik şertlerinde gürrüňdeş bolan haýwanlary goraýjy 20-nji dekabrda Aşgabatdan habar berdi.

Türkmenistanyň paýtagtynda gemrijileriň we mör-möjekleriň ýaýramagyna degişli ýagdaýlar häli-şindi ýüze çykýar. Emma ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, olar problema garşy köplenç özbaşdak göreşmeli bolýarlar.

Bilermenler syçanlaryň we mör-möjekleriň köpelmeginiň esasy sebäpleriniň arasynda arassaçylyk normalarynyň bozulmagyny we pişikleriň köpçülikleýin ýok edilmegini agzaýarlar.

"Pişikleri ýok etmeli däl. Mundan başga-da ýene birnäçe sebäp bar. Hapa-hupadan doly ýerzeminlere, köp sanly skladlara, ýerzeminlerdäki kafelere we dükanlara hem gemrijiler üçin iýmit elýeterliligini döredýän ýerlere gowşak gözegçilik edilýär" diýip, Azatlyk bilen gizlinlik şertlerinde söhbetdeş bolan aşgabatly ekolog aýdýar.

BiIermenleriň sözlerine görä, Aşgabatda gemrijileriň we mör-möjekleriň köpelmeginiň fonunda 90-njy ýyllaryň aýagynda, şeýle-de 2003-2004-nji ýyllarda keselçiligiň ýaýramagy hasaba alnypdyr.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Azatlyk Radiosy bilen Telegram arkaly habarlaşyň
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:17 0:00

XS
SM
MD
LG