Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşogzuň kafe-restoranlaryna täze ýyl baýramçylygynda işlemezlik tabşyryldy


Türkmenistan (arhiw suraty)

Daşogzuň häkimiýetleri ýerli kafeleriň, restoranlaryň we disko-barlaryň eýelerine baýramçylyk günlerinde öz kärhanalaryny açmazlygy tabşyrdylar diýip, turkmen.news neşri habar berýär.

Neşriň maglumatyna görä, kafe-restoranlardan 30-31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda işlemezlik, şeýle-de 29-njy dekabrda öz iş sagatlaryny 18:00 çenli çäklendirmek talap edilipdir.

Bäş döwlet edarasynyň, ýagny häkimligiň, polisiýanyň, salgyt gullugynyň, ýangyna garşy göreş edarasynyň we arassaçylyk edaralarynyň goly goýlan bu resmi talabyň nusgasy türkmen.news neşrinde bar diýlip, neşriň 24-nji dekabrda çap eden maglumatynda aýdylýar.

Üstesine, hatda naharhanalaryň eýelerinden kämillik ýaşyna ýetmedik müşderileri diňe olaryň ene-atalary bilen bilelikde goýbermek, ýetginjeklere alkogol we çilim satmazlyk, şeýle-de ýangynyň öňüni alyş çärelerini berjaý etmek talap edilýär.

Bu talaplaryň bozulan ýagdaýynda kärhanalaryň eýeleriniň "kanuna laýyklykda jogapkärçilige çekiljegi" aýdyldy diýip, neşir habar berýär we bu gadagançylygyň resmi hata görä, "jemgyýetçilik ýerlerinde düzgüni, asudalygy we howpsuzlygy üpjün etmek, şeýle-de tertip-düzgüniň bozulmagynyň öňüni almak" maksady bilen girizilendigi habar berilýär.

Türkmen.news neşriniň maglumatyna görä, Daşoguzda ilat arasynda meşhur kafeleriň we restoranlaryň sany ona golaý we baýramçylyk günlerinde işlemegine girizilen gadagançylyk olary girdejiden mahrum edýär.

​"Biz onlarça adama iş berýäris: azyk bilen üpjün edýänlere, aşpezlere, ofisiantlara. Biz baýramçylykda girdeji alyp bilmesek, netijede olaryň ählisi zyýan çekerler" diýip neşir öz çeşmesini sitirleýär.

Türkmenistanda hyzmat ugrundan işleýän hususy kärhanalaryň, şol sanda naharhanalaryň ýapylmagy bilen bagly ýagdaý şu ýylyň dowamynda ençeme gezek ýüze çykdy. Awgustyň başynda Aşgabatda ondan gowrak kafe we restoran ýapylypdy.

Azatlygyň paýtagtdaky habarçylary Magtymguly şaýoly bilen Hojow Annadurdyýew köçesiniň çatrygynda ýerleşýän süýji-köke önümleri satylýan bir söwda dükanyň, Kemine köçesi bilen Hojow Annadurdyýew köçesiniň ugrunda ýerleşýän “My Wam Rady” atly kafe-baryň, şeýle-de Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän “Altyn Açar” hem-de “Melbourne Burger” atly kafe-restoranlaryň, Görogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Nevada Steak House”, “Ammar Café”, “Erzurum restoran” hem-de Mežlauk köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Tumar Pub”, “Uzum Café” atly kafe-barlaryň ýapylandygyny 1-nji awgustda habar beripdi.

Şonda Aşgabadyň häkimiýetleri kafeleriň we restoranlaryň köpçülikleýin ýapylmagynyň sebäplerini düşündirmändi.

Türkmenistanda hususy telekeçilige degişli obýektleriň köpçülikleýin ýapylmagy köplenç baýramçylyklaryň öňýanyna gabat gelýär. Sentýabrda Garaşsyzlyk baýramynyň öňýany Aşgabadyň merkezi etraplarynda öňünden duýdurmazdan, onlarça hususy dükan we kärhana ýapylyp, olaryň gapylary möhürlenipdi.

Turkmen.news neşriniň bellemegine görä, ýurtda telekeçileriň ýerine ýetiriji häkimiýetler bilen gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunlaryň hiç birinde kafeleriň we restoranlaryň işini çäklendirmäge ýerli häkimiýet organlarynyň ygtyýarlydygy aýdylmaýar.

Türkmenistanyň döwlet mediasynda ýurtda hususy telekeçilere degişli kärhanalaryň köpçülikleýin ýapylýandygy barada habar berilmeýär, bu ýagdaýyň sebäpleri düşündirilmeýär. Azatlyk Radiosynyň türkmen häkimiýetlerinden resmi maglumat almak boýunça eden synanyşyklary şu çaka çenli netije bermedi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG