Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parahat etrapçalarynyň hususy dükanlary we kärhanalary köpçülikleýin ýapyldy


Köpetdag etrabynyň hususy dükanlarynyň we kärhanalarynyň gapylary möhürlendi, Aşgabat, 13-nji sentýabr, 2019

Paýtagtyň "Parahat" mikroraýonlarynda hususy dükanlaryň we kärhanalaryň onlarçasy öňünden duýdurmazdan ýapyldy, olaryň gapylary möhürlendi.

"Düýn ýerzeminlerde Köpetdag etrabyna degişli hususy dükanlar, tikinçilik nokatlary we beýleki kiçi kärhanalar ýerleşýän jaýlaryň ählisiniň gapylarynda gadagançylykly kagyzlar peýda boldy. Beýleki etraplarda hem şeýle edilendigi aýdylýar, meselem Hitrowkada. Olary öý hojalyk edaralaryň işgärleri gijeden başlap asyp çykypdyr" diýip, Aşgabatdaky habarçylarymyzyň biri 14-nji sentýabrda habar berdi.

Mundan öň Azatlygyň beýleki habarçysy Parahat-1 etrapçasyndaky hususy söwda nokatlarynyň ýapylandygyny habar berdi.

"Parahat-1 etrapçasynda birinji gatlarda we ýarym-ýerzeminlerde ýerleşýän ähli hususy dükanlar möhürlendi. Beýleki etrapçalar barada häzirlikçe maglumat ýok. Emma Parahat-1 etrapçasynda ählisi. Häzir bazar we onuň düzümine girýän dükanlar toplumy işleýär. Şeýle-de, "Arzuw" supermarketi bar" diýip, 13-nji sentýabrda Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Aşgabadyň häkimiýetleri dükanlaryň we hususy kärhanalaryň gapylarynyň möhürlenmeginiň sebäplerini telekeçilere düşündirmändir.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, telekeçileriň özleri kärhanalarynyň birden ýapylmagynyň sebäplerini şäher häkimiýetleriniň kireý töleglerini artdyrmak planlary bilen bagly bolup bilmegini çak edýärler.

"Telekeçiler jaýlaryň möhürlenmeginiň öňünden edilen howply duýduryş bolmagyndan howatyrlanýarlar. Nähili-de bolsa dükanlaryň birden ýapylmagy telekeçilere maddy taýdan urgy boldy, olaryň girdejilerini ýitirmegine we azyk harytlarynyň zaýalanmagyna getirdi" diýip, aşgabatly telekeçiler bilen söhbetdeş bolan habarçymyz aýdýar.

"Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň başlygy Dadaýewiň kiçi biznes wekillerinden maliýe hasabatlaryny möhletden öň talap edýändigi barada gürrüňler bar, emma resmi dokument gelmedi. Telekeçileriň biri öz gapysyna möhür basylandygyny görüp, dessine düşündiriş almak üçin Köpetdag etrabynyň häkimligine bardy. Ol ýerde oňa ýylyň aýagyna çenli jaýyň kireýini tölese kärhanasyny ýapmajakdyklaryny aýtdylar" diýip, habarçymyz habar berýär.

Azatlyk Radiosy Aşgabadyň Köpetdag etrabynyň häkimliginiň özünden kommentariý alyp bilmedi.

Mundan öň Parahat etrapçalaryndaky hususy dükanlaryň birden köpçülikleýin ýapylmagy 2017-nji ýylda Aziýa oýunlarynyň öňýany we dowamynda bolupdy.

Şeýle-de, şu günler Aşgabatda hususy dükanlaryň köpçülikleýin ýapylmagynyň sebäplerini ýerli synçylar ýurduň esasy baýramçylygynyň golaýlamagy bilen baglanyşdyrýarlar.

27-nji sentýabrda bellenjek Garaşsyzlyk senesine görülýän taýýarlyklaryň çäginde ilatyň gatnaşmagyndaky köpçülikleýin maşklardan daşary, abadanlaşdyryş işleri geçirilýär, bazarlarda azyk üpjünçiligine has köp üns berilýär, gyt harytlar satuwa çykarylýar.

Garaşsyzlyk baýramyna bir aýa golaý wagt bäri görülýän resmi taýýarlyklar Aşgabadyň ilatynyň gündeki durmuşyna hem täsir ýetirýär. Onlarça müň adamyň, harby tehnikanyň gatnaşdyrylmagyndaky maşklar ýol hereketiniň bozulmagyna getirýär.

"Tribunanyň öňünde pyýada harbylaryň, harby tehnikanyň dabaraly geçmeginiň we mejbury çekilýän adaty raýatlaryň ýörişleriniň maşk edilmegi zerarly öýlän şäherde, Aşgabadyň merkezinde dyknyşyklar döreýär" diýip, Aşgabatdaky habarçylarymyzyň ýene biri habar berýär.

Onuň sözlerine görä, baýramçylyk maşklaryna atlar hem gatnaşdyrylýar we atlylaryň köçeden ýöredilmegi ilatda uly nägilelik döredýär. Atlylaryň köçeden geçýän wagtynda köçeler ýapylýar, netijede köçelerde ýol hereketi togtaýar we üstesine köçeler tezekden dolýar.

Rus dilinde okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG