Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň, Putin ýaly, ýetginjekler bilen geçirjek duşuşygyna ýokary klaslardan okuwçy saýlanýar, gün tertibi – reformalar


Illýustrasiýa suraty

Şu günler paýtagtyň orta mekdeplerinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýetginjek ýaşlar bilen geçirjek duşuşygy üçin ýokary klaslaryň hataryndan okuwçy saýlanýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji fewralda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, ýaşlar bilen geçiriljek duşuşygyň gün tertibinde Türkmenistanyň döwlet dolandyrylyşynda göz öňünde tutulýan özgertmeler, hamala, maslahat ediler.

“8 – 11-nji klaslardan prezidentiň duşuşygyna okuwçy saýlanýar” diýip, habarçy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde maglumat beren Aşgabadyň orta mekdeplerinden bir mugallymyň sözlerini getirdi.

Mugallymlara Berdimuhammedowyň okuwçylar bilen geçirmegi göz öňünde tutýan ýygnagynyň rus prezidenti Wladimir Putiniň ýaşlar bilen geçirýän duşuşygyna meňzejekdiginiň aýdylandygyny habarçy belledi.

“Arkadag hem aktual meseleleri, hamala, ýaşlar bilen ara alyp maslahatlaşmak isleýär” diýip, anonim şertde çykyş eden mugallym aýtdy.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, prezidentiň ýetginjek ýaşlar bilen geçirmegi meýilleşdirýän duşuşygynyň gün tertibinde şu ýyl ýurduň baş kanunyna giriziljek üýtgetmeler we goşmaçalar bar.

“Duşuşyk üçin gelşikli we uzyn boýly oglanlar saýlanyp alynýar. Gyzlardan owadan we uzyn görünmek hem-de olardan saçlarynyň örülen bolmagy ýokary derejede talap edilýär. Olar bilen eýýäm repetisiýalara başlandy, soraglar hem-de Arkadagyň reformalaryny goldaýan mazmunda ediljek çykyşlaryň sözleri paýlanyp berildi” diýip, habarçy paýtagtyň birnäçe mekdep mugallymynyň sözlerine salgylandy.

Türkmenistanda şu ýyl Konstitusiýany üýtgetmek, ýurduň kanun çykaryjy ulgamyny iki palataly ulgama geçirmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Berdimuhamedow ýokary derejeli resmileri, şol sanda kanun çykaryjylar bilen geçirýän soňky duşuşyklarynda täze özgertmeler boýunça ilat arasynda gürrüňdeşlikleriň geçilmegini hem-de bu ugurda halkdan gelip gowuşýandygy aýdylýan teklipleriň seljerilmegini talap edýär.

Prezident 11-nji fewralda türkmen parlamentinde deputatlar bilen geçiren duşuşygynda-da Türkmenistanyň döwlet dolandyrlyşynda göz öňünde tutulýan täze reformalaryň “döwleti dolandyrmagyň demokratik esaslaryny kämilleşdirmek üçin” öňe sürülýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna görä, kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýet hem-de kazyýet biri-birinden garaşsyz deňagramlylygy saklaýar.

Prezidentiň deputatlar bilen geçiren soňky duşuşygynda, döwlet telewideniýesinden görnüşinden, kanun çykaryjy ulgamyň wekilleri ýerine ýetiriji häkimiýetiň başy prezident Berdimuhamedowy aýakda ör turup, uzak wagtlap bat bilen el çarpyp, “Arkadaga şöhrat!” diýip, gygyryşyp garşy aldylar, şol bir alkyş-gykylyk bilen ugratdylar.

Mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowa bolsa parlamentde eden çykyşynda öz ýolbaşçylyk edýän edarasynyň käbir ygtyýarlyklaryny ellerinden alyp, ony Halk Maslahatyna berjek täze özgertmeleri amala aşyrmak üçin deputatlaryň “ähli tagallalary etjekdigini” wada berdi.

Prezidentiň ýaş ýetginjekler bilen geçirjek duşuşygynda, hamala, ara alyp maslahatlaşyljak beýleki meseleler mälim däl. Ýöne golaýda prezidentiň dürli ýaşdaky adamlaryň, şol sanda ýaş-ýetginjekleriň jan-saglygyna telefonlaryň we planşetleriň ýetirýän ‘zyýany’ barada eden soňky çykyşlaryndan çen tutsaň, onuň ýaşlar bilen ýüzbe-ýüz geçirjek duşuşygynda muny täzeden gozgajakdygyny çaklamaga esas bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG