Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda karantinde arassaçylyk serişdeleri we derman ýetmezçilik edýär, Aşgabatda dezinfeksiýa güýçlendirilýär


Türkmenabat

Türkmenistanyň gündogarynda ýerleşýän karantin zolagynda saklanýanlar arassaçylyk serişdeleriniň we özleriniň ejir çekýän kesellerinden dermanlaryň ýetmezçiligini duýýarlar. Şol bir wagtda-da Aşgabatda sanepidemstansiýalaryň işgärleri transporty we jemgyýetçilik ýerlerini arassalamak boýunça işlere gatnaşýarlar. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary 13-nji martda habar berdiler.

Koronawirus bilen baglylykda gözegçilik astynda saklanýanlaryň garyndaşlary karantinde arassaçylyk serişdeleriniň we dermanlaryň ýetmezçilk edýändigini emma muňa garamazdan, bu ýerde saklanýan adamlaryň yzyndan zat ugradyp bolmaýandygyny Azatlygyň habarçylaryna gürrüň berdiler.

"Azyk önümlerini tas geçirip bolmaýar diýen ýaly, ýol gözläp, para berip ugradýarys, emma onuň baryp gowuşjagyna kepil ýok. Käbir zatlar barýar, kibiri barmaýar. Şol ýerde iň gyt zatlar arassaçylyk üçin serişdeler we hroniki kesellerden dermanlar" diýip, habarçymyz, özü bilen gizlinlik şertlerde gürleşen söhbetdeşlerine salgylanyp, habar berdi.

Habarçylarymyzyň we garaşsyz media serişdeleriniň maglumatlaryna görä, bir karantin zolagy Lebap welaýatynda Türkmenabat şäherinde ýerleşýär. Soňky günlerde Türkmenabadyň ýokanç keseller hassahanasynyň ýanyndaky çadyr lageri getirilýän adamlaryň sanynyň köpelmegi sebäpli giňeldilipdir, barlaglaryň wagt möhleti hem uzaldylyp, adamlaryň saklanýan möhleti 28 güne çenli artdyrylypdyr.

12-nji martda türkmen mediasy bu regiona prezidentiň sapar edendigini habar berdiler.

Türkmenistanyň hökümeti karantin zonalardaky ýagdaýy kommentirlemeýär. 5-nji martda DIM ýurtda COVID-19 wirusy sebäpli kesellän ýekeje adamyň ýokdugyny yglan etdi, şol bir wagtda-da koronawirusa garşy çäreleri güýçlendirdi.

3-nji martda çeşmelerimiz Aşgabadyň ýokanç keseller hassahanasynda azyndan iki adamda koronawirusyň anyklanandygyny habar berdiler. Bu keselhananyň resmileri şol habary tassyklamakdan ýüz öwürdiler.

Şu günler Aşgabadyň sanitariýa epidemiologiýa gulluklarynyň işgärleri şäher transportyny we jemgyýetçilik ýerlerini arassalamak işlerine gatnaşýarlar.

"SES gurmasynyň ähli işgärleri dezinfeksiýa işlerine geçirildi, öň olar naharhanalaryň, çagalar baglarynyň we bu edara degişli beýleki ýerleriň gözegçiligini ýerine ýetirýärdi, häzir bolsa, esasan transportda, keselhanalarda, mekdeplerde we beýleki jemgyýetçilik ýerlerde dezinfeksiýa işlerini geçirýärler. Olaryň ählisine özlerini goramak üçin serişde berildi. Işgärleriň käbirine, saýlama esasda adamlaryň gyzgynyny barlamak işi tabşyryldy" diýip, habarçymyz paýtagtyň sanepidemstansiýasynyň işgärlerine salgylanyp aýdýar.

Onuň sözlerine görä, paýtagtda dezinfeksiýa serişdeleriniň gytçylygy duýulmaýar. Esasan hlorly suwuklyklar ulanylýar, şahsy arassaçylyk üçin sanepidemstansiýanyň işgärlerine spirtli suwuklyklar we salfetkalar berilýär. Işgärler üçin goşmaça düşündiriş çäreleri, seminarlar, şahsy howpsuzlyk boýunça türgenleşik geçirlipdir. Käbir işgärler welaýatlara ugradylypdyr.

"Işgärleriň bir bölegi Türkmenabada ugradylýar, gezek gezegine, ýa-da belli bolmadyk wagt möhletine. Olar elbetde, lukmançylyk işlerine gatnaşmaýarlar, emma profilaktika, dezinfeksiýa, gözegçilik we howpsuzlygyk propagandasy ýaly işlere gatnaşyp bilerler" diýip, habarçymyz belleýär.

Üstesine, onuň sözlerine göre, sanepidemstansiýanyň işgärlerine karantiniň, şol sanda mekdeplerde we keselhanalarda gözegçiligiň güýçlendirilen ýagdaýynda edilmeli işler barada tabşyryk berlipdir.

"Emma mekdeplerde okuwy togtatmak barada görkezme ýok. Regionlaryň arasynda hereket hem çäklendirilmeýär, emma şeýle çärelere hem seredýärler. Ýakyn günlerde prezidentiň gatnaşmagynda ýygnak geçirilmegine garaşýarlar" diýip, habarçymyz 13-nji martda habar berdi.

Koronawirus СOVID-19 dekabryň aýagynda ýaýrap başlady. Şondan bäri dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda jemi 130 müň adam keselledi, 5 müňe golaý adam ýogaldy.

13-nji martda goňşy Gazagystanyň Saglyk ministrligi bu ýurtda koronawirusyň Germaniýadan gelen iki raýatynda anyklanandygyny yglan etdi.

Şol günüň özünde Azerbaýjanyň resmileri koronawirusdan 51 ýaşly bir zenanyň ýogalandygyny habar berdiler. Jemi bu ýurtda koronawirus ýokaşan 15 adam hasaba alyndy.

12-nji martda Orsýetiň Rospotrebnadzor edarasy koronawirusy anyklamak üçin birnäçe ýurda, şol Türkmenistana test sistemalary mugtuna ugradandygyny habar berdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG