Gazagystanda koronawirusdan ýogalan 64 ýaşly Raýkül Äkimžany öz ýaşaýan ýerinde, Akmola oblastynyň Kosşy obasynyň gonamçylygynda jaýladylar. Raýkülüň maşgala agzalary häzir doly izolýasiýa alyndy. Merhumyň jynazasyny okan ymamyň aýtmagyna görä, «meýidi ýakmak barada gürrüň bolmandyr».
«BIZ MAGLUMATY ÝARATMAZLYK BARADAKY DILHATA GOL ÇEKDIK»
Resmi maglumata görä, Gazagystanda koronawirusdan ýogalan ilkinji adam 64 ýaşly Raýkül Äkimžan boldy. Ol Akmola oblastynyň Selinograd raýonynyň Kosşi obasynyň ýaşaýjysydy. Onuň ölümi baradaky habary hökümetler 26-njy martda mälim etdiler. Merhumyň gelni Žanar Çakanowa bu ýagdaý barada «göwni islese-de», bir zat aýtmaga mümkinçilik ýokdugyny mälim edýär.
— Biz maglumat ýaýratmazlyk baradaky dilhata gol çekdik, ýogsa aýdasymyz gelýär. Meni ýakýan ýeri, aslynda bar zadyň öňüni almak mümkindi. Biz entegem saňsar ýagdaýynda, şonuň üçinem hiç zat aýdyp biljek däl – diýip, ol aýdýar.
Akmola oblast akimliginiň maglumatyna görä, koronawirusdan ýogalan Raýkül Äkimžan Almaty şäherine gidip, gudalarynda bolupdyr, soňra Jambyl oblastynyň Şu raýonyna baryp, ondan Kosşy obasyna dolanypdyr. Ol aýal 13-nji martdan 17-nji mart aralygynda otlynyň üstünde eken. 22-nji martda Raýkül Äkimžan özüni ýaramaz duýupdyr hem gyzgyny galypdyr. Oblast akimliginiň maglumatyna görä, onuň ýagdaýy birden ýaramazlaşansoň, haýal etmezden, Nur-Sultandaky köpugurly 2-nji keselhana getirilipdir. 26-njy martda ir ertir hem ol jan beripdir. Koronawirusdan ýogalan baradaky ilkinji maglumat şol günüň agşamy mälim edilýär.
Žanar Çakanowa gaýyn enesiniň Almaty şäherine gudasynyň ýanyna gidendigini tassyklaýar. Entek ýurtda karantin resmi taýdan yglan edilmänkä, ol ýere gitmegi planlaşdyran eken, karantin soň aýan edilipdir.
— Gaýynym Almaty şäherine 13-nji martda gitdi. Karantin yglan edilenden soň biz alada galyp başladyk. Oňa ýüzugra bilet aldyk, ol 19-njy martda yzyna geldi. Biz birnäçe gezek Tiz kömegi çagyrdyk. 23-nji martda bolsa biz raýon keselhanasyna gitdik. Gaýynymyň ýagdaýyny görüp, antibiotik bellediler. Biz oňa antibiotik berip başladyk, emma kesel ýaramazlaşdy. Onuň öýkeni arassa diýip, rentgenden geçirmegi teklip etmediler. Ilkinji gezekde koronawirusyň analizi otrisatel çykdy, ikinji gezekde bolsa položitel. Biz nämä ynanjagymyzy bilmedik – diýip, Žanar Çakanowa aýdýar.
Žanar gaýynynyň öz ejesi ýaly bolandygyny aýdýar, onuň adamsy bolsa Raýkülüň ýeke ogly eken. Çakanowanyň sözüne görä, «gaýyny hiç wagtda agyr kesellemändir, onda diňe mydama dowam edýän keseller bolupdyr, ýöne hiç bir sanjym almandyr».
Şol wagtyň özünde, Gazagystanyň Saglygy saklaýyş ministrligi Raýkül Äkimžanda pnewmoniýa – öýken çişme bolandygyny, süýjülik diabetinden ejir çekendigini aýdýar.
WIDEOÝAZGY
Raýkül Äkimžan aradan çykandan soň, sosial ulgamda wideoýazgy peýda boldy. Onda bir adam özüni merhumyň ogly hökmünde tanadýar.
— 22-nji martda biz Tiz kömegi çagyrdyk. Olar bize 23-nji martda özümiziň keselhana ýüz tutmagymyzy teklip etdiler. Biz wraçyň ýanyna baranymyzda, doktor aýal sefazolin sanjymyny belledi hem öýümize ugratdy. Onuň bilen gyzgyn aşaklamady. 24-nji martda Tiz kömegi ikinji gezek çagyrdyk. Gelen doktorlar kardiogramma etdiler. «Ýatyň, ýüregiňiz ýagşy, ölmersiňiz»diýdiler-de, gitdiler. 25-nji martda biz ir ertir Tiz kömegi üçünji gezek çagyrdyk. Wraç geldi, gowy barlag geçirdi hem ony keselhana göterdiler. 26-njy martda bolsa wraç maňa ejemiň pnewmoniýadan ölendigi barada sprawka berdi. Koronawirusyň analiziniň otrisatel çykandygyny aýtdylar. Jesedi jaýlap bilersiňiz diýdiler. Biz ejemiň jesedini morgdan aldyk. Agşamlyk bolsa bize ondan koronawirusyň aýan edilendigini aýtdylar – diýip, ol adam wideoýazgyda aýdýar.
Azatlyk Radiosy wideoýazgynyň dogrudygyny tassyklap bilmedi.
Häzir merhumyň jaýynyň daş-töweregi baglanan, olaryň garyndaşlary hem-de şol sebite kontrollyk edýän köpugurly 2-nji keselhananyň işgärleri ol ýeriň «izolýasiýa»alnandygyny aýdýarlar.
«MEÝIDI ÝAKMAK BARADA GÜRRÜŇ BOLMADY»
Merhumyň jynazasyny okan Kosşy obasynyň baş ymamy Ybyraý hajy Kazangapowyň aýtmagyna görä, jesedi ýörite goranyş serişdelerini geýen medisina işgärleri jaýlamaga taýýar edipdirler.
— Biz merhumy nädip ýuwmalydygyny şerigatda buýrulyşy ýaly edip, medisina işgärlerine öwredip durduk. Olar merhumy ýuwdular, ak köpene oradylar-da, jaýlamaga doly taýýar etdiler. Gabyr jaýy adatdakydan çuň gazyldy. Meýidi ýakmak barada gürrüň bolmady. Onuň ýuwlan ýerinde soňra dezinfeksiýa geçirildi. Gonamçylykda akimiň wekili hem boldy. Jynazany merhumdan on metr daşda durup okadyk – diýip, ymam Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Koronawirus barada hökümetler tarapyndan gürlemäge ýeke-täk ygtyýarly adam, Informasiýa hem jemgyýetçilik ösüşi ministri Dauren Abaýew 27-nji martda koronawirusyň ýagdaýy barada çykyş edeninde, bu infeksiýadan ýogalany jaýlamagyň düzgünleriniň mälim ediljekdigini aýtdy. Onuň sözüne görä, şu mesele bilen baglanyşykly Gazagystan musulmanlarynyň Din edarasy ýörite fetwa çykarmakçy, prawoslaw ybadathanasynyň wekilleri-de degişlilikdäki düzgünnamany taýýar edýärler.
Soňky resmi maglumatlara görä, Gazagystandakoronawirus ýokuşan 340 adam hasaba alnypdyr. Olardan 22 adam keselden gutuldy we 2 adam ýogaldy. Koronawirus ýokuşanlaryň köprägi Nur-Sultanda, soňra Almaty, Garaganda we beýleki şäherlerde aýan edildi.
Gazagystanda koronawirus infeksiýasynyň ýaýramagy bilen 15-nji aprele çenli karantin yglan edildi. 19-njy martdan Almaty hem Nur-Sultan şäherleri karantin üçin ýapyldy. 28-nji martdan Almaty, Nur-Sultan hem Şymkent şäherlerine goşmaça berk çäreler girizildi, şeýle hem ýene alty şähere karantin girizildi.
Ýurduň beýleki şäherlerinde bolsa 24-nji martdan başlap, iri söwda merkezlerini, bazarlary açmaga rugsat edildi. Öň olar hem adatdan daşary ýagdaý sebäpli ýapylypdy.
Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.