Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda azyk harytlaryň bahalary ýokarlandy, döwlet göçme bazar gurady, onda armyt satyldy, Aşgabadyň döwlet dükanlarynda towuk eti satylýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda bazarlar hereketlenýär. Mary şäheriniň bazarlarynda iýmit önümleriniň bahalary sähel ýokarlandy. Marynyň “Gök bazarynda” döwletiň gurnan göçme söwda nokatlarynda arzan bahadan armyt we şeker satyldy. Olary satyn almak üçin alyjylar uly nobata garaşdylar. Aşgabadyň döwlet dükanlarynda 1 kilogramy 13 manatdan towuk eti peýda boldy. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 25-nji dekabrda habar berdiler.

“Şu gün (25-nji dekabr – red) Mary şäheriniň Mollanepes köçesinde ýerleşýän “Gök bazarda” guralan hökümete degişli göçme bazarda Marynyň şeker zawodynda öndürilýän şeker satyldy, ondan daşgary 1 kilogramy 8 manatdan armyt satyldy. Adamlar uly nobata durup aldylar” diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Onuň maglumatlaryna görä, hususy söwdada armydyň 1 kilogramy 12 manatdan satylýar.

Habarçy döwletiň guran göçme bazarynda satyjylarynyň adamlara gödek daraýandygyny, olaryň armydy saýlap almaga rugsat bermeýändigini, alyjylaryň üstüne gygyrýandyklaryny aýdýar.

“Bir garryja daýza (hökümetiň göçme bazarynda) armydy ellände, satyjy ‘daýza eliňi çek, elleme’ diýip gygyrdy” diýip, habarçy aýdýar.

“Adamlar halys ýeter-ýetmezçilikden ýadady. Ýeterlik pul serişdeleri bolsa, nobata durman, olar hem hususy dükanlardan alardylar” diýip, habarçy ençeme marylynyň sözlerine salgylanýar. Üstesine, onuň sözlerine görä, hususy söwdada armydy saýlap almaga rugsat berilýär.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, hususy söwdada daşary ýurtda öndürilen şekeriň 1 kilogramy 10 manatdan satylýar.

Ýurduň Mary welaýatynda ýerli şeker öndürilýär. 1998-nji ýylda işe girizilen “Maryşeker” önümçilik kärhanasy gant şugundyryndan 1 gije-gündiziň dowamynda 3 müň tonna şeker öndürmäge niýetlenendir. Ýöne Azatlygyň habarçysy maryly alyjylaryň ýerli şekeriň hilinden şikaýat edýändiklerini aýdýar.

Şäheriň bazarlaryna aýlanan habarçy soňky bahalar barada habar berdi:

“Şu gün (25-nji dekabr – red.) Mary şäheriniň esasy bazarlaryna aýlanyp, nyrhlary gördüm. Täze ýylyň ýakynlamagy bilen harytlaryň nyrhlary biraz ýokarlanypdyr” diýip, habarçy aýdýar.

Onuň maglumatlaryna görä, bazarlarda Türkmenistanda öndürilen käbir azyk önümleriniň kilogramynyň bahalary şeýle:

  • Sygyr eti: 30 manat
  • Towuk budy: 17 manat
  • Alma: 11-12 manat
  • Mandarin: 11 manat
  • Banan: 19 manat
  • Süýjüler: 20 – 60 manat aralygynda
  • Bürünç: 10 – 18 manat aralygynda

Şeýle-de, gaplanan gaplarda satylýan nohut we mekgejöweniň 250 gramlyk gapyrjagy 20 manat, maýoneziň 1 litri 30 manat. Daşary ýurtlarda öndürilýän süýjüleriň 1 kilogramynyň bahasy 100 – 200 manat aralygynda, “Oleýna” ösümlik ýagynyň 1 litri 24 manat.

25-nji dekabrda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtyň döwlet dükanlarynda doň towuk etiniň satylýandygyny habar berdi.

“Döwlet dükanlarynda doňdurylan towuk satylýar. 1 kilogramy 13 manat. Towuk etini, towuk buduny alyjylar uly höwes bilen satyn alýar, et we balyk örän gymmat” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, Aşgabatda hususy söwdada ak amur balygynyň 1 kilogramy 45 manat, sygyr etiniň 1 kilogramy 30 manat.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklary aç-açan boýun almaýar. Söwda resmileri iýmit önümleriniň bahalary bilen baglylykda raýatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary hakda ýurduň köpçülikleýin habar serişdelerinde çykyş etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG