Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde türkmenistanly student gyz öýken çişmesinden ýogaldy


illýustrasiýa suraty
illýustrasiýa suraty

Orsýetiň Stawropol regionynda türkmenistanly student gyz öýken çişmesinden ýogaldy. Türkmenistanyň raýatynyň ýogalmagynyň COVID-19 keseli bilen bagly bolup-bolmazlygyny anyklap bolmady.

Bu barada habar berýän garaşsyz Turkmen.news neşriniň 11-nji maýda çap eden maglumatyna görä, Ýesentuki şäheriniň dolandyryş we biznes institutynyň studenti 1995-nji ýylda doglan Gülsenem Galabekowa 27-nji aprelde aradan çykypdyr.

Neşriň maglumatyna görä, COVID-19 pandemiýasy bilen baglylykda serhetleriň ýapyklygy sebäpli merhumy watanyna, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak obasyna eltip bilmän, Ýesentuki şäherinde jaýlapdyrlar.

Gülsenemi jaýlamagyň guramaçylygyny, şol bir ýokary okuw jaýynda bilim alýan türkmen studentleri öz üstüne aldylar. Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasyndan we Astrahandaky konsullygyndan kömek bolmady diýip, Turkmen.news neşri ýazýar.

6-njy maýda Belarusyň mediasy Gomel şäherinde medisina ugrundan okan 21 ýaşly türkmenistanly student gyzyň COVID-19 keselinden ýogalandygyny habar beripdi. Türkmenistanly gyzyň süýji keseli we böwrek hassalygy bolup, COVID-19 onuň saglygyna agyr zarba urupdyr. Bahar Babaýewa 5-nji maýda Gomelde jaýlanypdyr.

Şol ýagdaý Türkmenistanyň raýatynyň ýurduň daşynda COVID-19 keselinden ýogalmagy barada köpçülige mälim bolan ilkinji waka bolupdy. Mundan öň türkmen raýatlaryna daşary ýurtlarda keseliň ýokaşmagy bilen bagly ýagdaýlar mälim bolupdy. Martyň aýagynda Demirgazyk Kiprde türkmenistanly zenana koronawirusyň ýokaşandygy, yzýany Türkmenistana Azerbaýjandan baran paromyň 10 ýolagçysyndan koronawirusyň tapylandygy habar berlipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG