Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistan Türkmenistandaky raýatlaryny äkitdi, türkmenler Hindistandan gaýdyp bilmeýär


"Turkmen.news" neşiriniň suraty
"Turkmen.news" neşiriniň suraty

Hindistan Türkmenistandaky raýatlaryny ýörite uçarda ewakuasiýa etdi, Hindistanda galan türkmenistanlylaryň Deliden gaýdan uçarda ýurda gelmek umydy boş çykdy.

Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçysy 18-nji iýulda 60 çemesi hindi raýatynyň Türkmenistandan ewakuasiýa edilendigini habar berdi, ýöne ol başga jikme-jiklikleri anyklap bilmedi. Şu aralykda garaşsyz neşirlerde çykan maglumatlardan Deliden gelen uçaryň Türkmenabatda birnäçe sagat durandygy mälim boldy.

Azatlygyň çeşmesi bu uçaryň Türkmenistana boş diýen ýaly gelendigini aýtdy, "Türkmenistanyň Hronikasy" oňa Hindistanda galan türkmenleriň, saglyk syýahatyna baran adamlaryň münmek synanyşyklarynyň başa barmandygyny habar berýär.

"Türkmen.news" neşiriniň maglumatyna görä, 18-nji iýulda Deliden gelen uçarda 100 çemesi hindi hünärmeni Türkmenistany terk etdi.

TN-niň maglumatyna görä, olar Türkmenistandaky dürli-dürli daşary ýurt gurluşyk kompaniýalarynda işleýän eken we Türkmenabat-Deli ugry boýunça, "Spice Jet" uçar kompaniýasynyň çarter reýsi bilen alnyp gidildi.

Bu Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň öz ýurtlaryna şunuň ýaly ýagdaýda ikinji gezek ewakuasiýa edilişi däldir: 10 gün ozal "Turkish airlines' uçar kompaniýasy, Fransiýanyň "Buig" gurluşyk kompaniýasynyň tabşyrygy esasynda, Türkmenabatdan 150 çemesi daşary ýurtlyny we olaryň maşgalalaryny alyp gitdi.

Ýagdaýy jükme-jik bilýän çeşmäniň maglumatyna görä, Delä ugradylan uçar Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan gurnaldy.

Hindi hünärmenleriniň ýurtdan alnyp gidilmeginde esasy sebäp iş şertnamalarynyň we wiza möhletleriniň bireýýäm gutarmagy, munuň üstesine Türkmenistandaky düşnüksiz epidemoligiýa ýagdaýlary bilen bagly. Sebäbi Türkmenistanda COVID-19 barmy ýa-da ýok, bu anyk bolman galýar.

Şeýle-de çeşmeler bu iki çarter uçarynyň raýatlaryny çykarjak ýurtlaryň soňky uçarlary bolmajakdygyny, ýakyn wagtlarda Türkmenistany terk etjek daşary ýurt raýatlarynyň ýene-de boljakdygyny aýdýarlar diýip, "Turkmen.news" ýazýar.

Şu aralykda, koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin girizilen hereket çäklendirmeleri sebäpli Hindistanda galan türkmenistanlylaryň bu pursatdan peýdalanyp, öz ýurtlaryna dolanyp bilmändikleri habar berildi.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” ýazmagyna görä, koronawirus pandemiýasy sebäpli Hindistanda galan türkmen raýatlary Deliden Türkmenabada uçjak uçar barada eşidip, bu uçar bilen öýlerine dolanmak umydy bilen, Türkmenistanyň ilçihanasyna ýüz tutupdyr.

Neşiriň habarçylarynyň aýtmagyna görä, Hindistandaky türkmen ilçihanasy bu uçarda watanyna iberiljek adamlaryň sanawynyň düzülýändigini we ilkinji nobatda aýal-gyzlaryň we çagalaryň ugradyljakdygyny aýdypdyr.

Emma muňa garamazdan, ilçihana soň ýüz tutanlara ýakyn wagtda adamlary öýlerine alyp gitmek mümkinçiliginiň bolmajakdygyny, ýurtlar arasynda uçar gatnawlaryň doly açylýança beýle mümkinçiligiň döremeginiň gümanadygyny habar berdi.

Birnäçe aý bäri ilçihanadan kömege garaşýan türkmenistanlylaryň aýtmaklaryna görä, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň häkimiýetleri, mümkinçilik dörän halatynda, ilkinji nobatda öz raýatlaryny alyp gaýdýarlar.

Birnäçe aý bäri ilçihananyň kömegine garaşýan Türkmenistanyň halkynyň habar bermegine görä Täjigistan, Özbegistan we Gyrgyzystanyň häkimiýetleri ilkinji pursatda raýatlaryny alyp gidýärler.

“Biziňkiler özleri çarter uçuşlaryny gurnamakdan geçen, taýýar uçar barka hem gepleşjek bolanoklar” diýip, nägile türkmenler TH-nyň habarçysyna aýtdylar.

Regionyň beýleki ýurtlarynyň mediasyndan tapawutlylykda, türkmen mediasy diňe Hindistanda däl, beýleki ýurtlarda galan we gatnawlaryň ýapylmagy netijesinde kyn ýagdaýa düşen türkmen raýatlary, koronawirus pandemiýasynyň döreden kynçylyklary barada hiç bir maglumat bermeýär.

Türkmenistanda saglyk hyzmatlarynyň derejesiniň onlarça ýyllap pese gaçmagy her ýyl müňlerçe türkmenistanlynyň daşary ýurtlara gidip, saglyklaryny bejertmegine, uly harajat çykaryp, bergi-borja batmagyna sebäp bolýar.

Şeýle-de, Hindistan türkmenistanlylaryň gaçak altyn getirip, arzan haryt alyp gaýdýan ýurtlarynyň birine aýlandy we häzirki wagtda ol ýerde, pandemiýa sebäpli yzyna gaýdyp bilmeýän näçe türkmeniň bardygy anyk däl.

Emma türkmen häkimiýetleri saglyk pudagynda, ykdysadyýetde döräm problemalary boýun alman, ýurtda uly we döwrebap saglyk desgalarynyň gurulýandygyny tekrarlamak bilen çäklenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG