Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saglyk işgärleri “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň” 12-nji tomuny 'sowgat aldy'


Prezident Berdimuhamedow “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 12-nji tomuny tamamlady.
Prezident Berdimuhamedow “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 12-nji tomuny tamamlady.

Türkmen aktiwistleri daşary ýurtlarda, BSG-nyň binasynyň öňünde protest aksiýalaryny geçirip, ýurtdaky hakyky ýagdaýa, ýaşyrylýan keselçilik faktlaryna ünsi çekenlerinden soň, Berdimuhamedow BSG-nyň täze, garaşsyz barlag geçirmek talabyny kabul etdi. Emma bu barlag henize-bu güne çenli geçirilmeýär.

Döwlet eýeçiligindäki metbugat 10-njy oktýabrda, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlagyny çap etdi.

Onda Türkmenistanda Bütindünýä saglyk guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek işiniň doly amala aşyrylandygy aýdylýar.

“Geçirilen ...işler keselçiligiň derejesiniň peselmegine, howply ýokanç keselleriň düýbünden ýok edilmegine ýardam berdi” diýip, gutlagda bellenýär.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, Aşgabatda dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen 130 orunlyk Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş hem-de Estetiki merkezleriniň binalaryny açyp, ulanmaga berýäris diýip, prezidentiň gutlagynda aýdylýar.

Prezident 9-njy oktýabrda, hökümetiň işleriniň dokuz aýdaky netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde hem saglyk işgärleri hakynda durup geçdi.

“Saglygy goraýyş işgärleriniň bitirýän işleri, aýratyn-da, häzirki döwürde örän uly hormata mynasypdyr” diýip, Berdimuhamedow aýtdy, ýöne sözüni anyklaşdyrmady.

TDH döwlet baştutanynyň has tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky permana gol çekendigini habar berýär. Sylaglary gowşurmak Mejlisiň ýolbaşçysy Gülşat Mämmedowa tabşyryldy.

Soňra ol ýörite karara gol çekip, ýurtda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň düzümini tassyklady.

Türkmen TW-siniň kadralaryndan görnüşine görä, Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisi sosial aralygy saklamak, ýüz maskalaryny geýmek barada berlen tabşyryklary bozmak bilen geçirildi.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçysynyň awgustyň aýagynda beren habaryna görä, Mary welaýatynyň polisiýasy maska režimini bozan we jerimesini töläp bilmeýän adamlary pagta ýygmaga mejbur edýär.

“Şu gün (30-njy awgustda) 30 töweregi adam Baýramaly şäherinden Garagum etrabynyň pagta meýdanlaryna ugradyldy” diýip, Azatlyk radiosynyň habarçysy ýekşenbe güni habar berdi.

Prezident mejlisiň aýagynda, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramy mynasybetli, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 12-nji tomuny tamamlandygyny habar berdi, gelýän ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda permana gol çekdi.

Döwlet eýeçiligindäki media her ýylyň başynda aýlyklaryň 10% ýokarlandyrylýandygyny uly şatlyk bilen habar berýär, emma durmuşyň nähili ýa näçe göterim gymmatlandygyny aýtmaýar.

Syzyp çykýan maglumatlar soňky aýlarda ilat arasyndaky ölüm derejesiniň görnetin ýokarlanandygyny tassyklasa ahem, Türkmenistan dünýäde hiç bir koronawirus näsagyny resmi taýdan hasaba almadyk az sanly ýurtlaryň biri bolup galýar.

Bütindünýä saglyk guramasynyň missiýasy Türkmenistana eden iş saparyndan soň, resmi maglumatlara esaslanyp, ýurtda koronawirus hadysasynyň ýokdugyny tassyk etdi.

Emma türkmen aktiwistleri daşary ýurtlarda, hususan-da BSG-nyň binasynyň öňünde protest aksiýalaryny geçirip, ýurtdaky hakyky ýagdaýa, ýaşyrylýan keselçilik faktlaryna ünsi çekenlerinden soň, Berdimuhamedow BSG-nyň täze, garaşsyz barlag geçirmek talabyny kabul etdi. Emma bu barlag henize-bu güne çenli geçirilmeýär.

Türkmenistan dünýäniň ösen ýurtlaryny hem aljyraňňylyga salan koronawirus pandemiýasyny turuwbaşdan äsgermezçilik bilen garşy aldy we, Berdimuhamedowyň dermanlyk ösümlikler baradaky taglymatly esasynda, ýokanç kesele garşy ýüzärlik, burçly unaş, sazak püri we küli bilen göreşmek ýaly emleri wagyz etdi.

Türkmenistan soňky ýyllarda saglyk pudagyna ýüz millionlarça dollar serişde harç edilendigini, döwrebap saglyk desgalarynyň gurlandygyny, iň ýokary derejeli enjamlaryň satyn alnandygyny aýdýar.

Emma ýurtda pandemiýa çäklendirmeleri girizilmezden öň daşary ýurtlara saglyk syýahatyna giden raýatlaryň onlarçasynyň daşary ýurtlarda aýlap kösençlikde, kömege mätäç ýagdaýda galandygy habar berildi.

Saglyk syýahatlaryna gidýän raýatlar Türkmenistanyň saglyk pudagyna we lukmanlaryň hünär derejesine ynamyň azalandygyny, olaryň ýalňyş diagnozlary goýup, adam ölümine sebäp bolýan halatlarynyň hem az däldigini, munuň üstesine, aýlyklaryň juda pesligi sebäpli, lukmanlaryň köplenç näsaglaryň eline, berjek puluna seredýändigini aýdýarlar.

Ýurduň saglyk işgärleriniň bu ýyldaky güni bilim pudagyndaky korrupsiýanyň bir böleginiň üstüniň açylmagyna gabat geldi. Türkmenistanyň saglyk ugrundan bilim berýän okuw jaýlaryna girmek üçin berilýän paranyň möçberi sowet ýyllarynda hem "ýokary" hasaplanýardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG