Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

L. Ançeski: Türkmen hökümeti bitaraplyk syýasatyny halkara jemgyýetçiliginden üzňeleşmek üçin ulanýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

12-nji dekabrda Türkmenistan Bitaraplyk baýramyny belleýär. Synçylar bitaraplygyň türkmen görnüşini soraga tutýar.

Türkmen hökümeti bu ýyl ýurduň bitaraplyk hukuk derejesine aýratyn üns çekdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýyly “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly atlandyrdy.

Aşgabat bitaraplygyň 25-nji ýyldönümi mynasybetli ýurtda şenbe güni geçiriljek Halkara bitaraplyk konferensiýasyna taýýarlyk gördi, onuň üçin ýörite web-saýt döretdi.

Golaýda Berdimuhamedowyň adyndan “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly täze kitap çapdan çykdy.

Ýurduň Merkezi banky bitaraplygyň 25-nji ýyldönümi mynasybetli ýörite ýadygärlik pullaryny çykardy.

1-nji dekabrda paýtagt Aşgabatda bitaraplyga bagyşlanyp, halkara sergi geçirildi.

Ýurduň döwlet edaralarynda, şol sanda ýokary okuw jaýlarynda we hökümet gözegçiligindäki jemgyýetçilik guramalarynda bitaraplyga bagyşlanyp ylmy-amaly maslahatlar yzygiderli geçirildi. Daşary ýurtlardaky türkmen wekilhanalary hem bu ugurda maslahatlary we media forumlaryny gurady.

Häkimiýetler ýylyň dowamynda ýerli önümleriň gabyna Bitaraplygyň 25 ýyllygy nyşanynyň ýelmenmegini, edara-kärhanalardan Bitaraplyk plakatlaryny satyn almagy talap etdi.

Garaz, bu ýyl pandemiýanyň hem-de ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň fonunda türkmen hökümeti Bitaraplyk baýramyna uludan taýýarlyk gördi.

“Bitaraplyk derejesi türkmen halkynyň bagtyýar, parahat, abadan we asuda durmuşyny üpjün etdi” diýip, TDH ýazýar.

Bitaraplyk haýsy ýollar bilen türkmen halkynyň “bagtyýar”, “parahat”, “abadan” we “asuda” durmuşyny üpjün etdi?

Azatlyk Radiosy 11-nji dekabrda bu soragy Britaniýanyň Glasgow uniwersitetiniň lektory, Merkezi Aziýa boýunça bilermen Luka Ançeskiden sorady. “Bitaraplyk näme?” diýip, Azatlyk bilermene ýüzlendi. “Ol adaty türkmene näme gazandyrdy?”

“Hiç zat” diýip, bilermen jogap berdi. “Onuň hiç zat hödürlemeýändigi barada indi bizde 25 ýyllyk subutnama bar” diýip, bilermen nygtady.

Ol Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk derejesini gazanan ilkinji günlerinden başlap, türkmen režiminiň ony wagyz edişi, propaganda edişi barada gürrüň berdi: hökümet halka bitaraplygy abadançylyga, asudalyga we parahatçylyga barýan ýol hökmünde düşündirdi.

“Olar [hökümet] bitaraplygyň parahatçylyk getirjekdigini, abadançylyk getirjekdigini, sebäbi eger-de sen bitarap bolsaň [başga ýurtlaryň] seni basyp almajakdygyny aýdýardylar” diýip, bilermen gürrüň berdi.

“Bu nukdaýnazardan, ol [hökümet üçin] “Altyn asyryň” bir bölegidi” diýip, Ançeski aýtdy. Ýöne soňy bilen, bilermeniň ynanjyna görä, türkmen režimi bitaraplyk hukuk derejesini ýurdy halkara jemgyýetçiliginden üzňeleşdirmek üçin ulandy, has soň daşardan üzňeleşmek syýasaty režimi goramagyň guralyna öwrüldi.

“Hakykat ýüzünde, Nyýazow-da, Berdimuhamedow-da bitaraplyga izolýasiýa hökmünde düşündi. Bu resmi taýdan “oňyn bitaraplyk” atlandyrylýar, ýöne bitaraplygyň “oňyn” tarapy ýitirim boldy. Bu izolýasiýa öwrüldi – global jemgyýetçilikden izolirlenmek, global ykdysady gatnaşyklardan izolirlenmek, global we regional köp taraplylykdan izolirlenmek. Şeýlelik bilen, bu Türkmenistany post-sowet giňişliginde we Aziýada bolup geçýän wakalardan çetde saklamagyň guralyna öwrüldi” diýip, bilermen aýtdy we soňy bilen bitaraplygyň režimi goramagyň guralyna öwrülendigini düşündirdi.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistan ençeme halkara guramalara agzalykdan bitaraplyk hukuk derejesine salgylanyp çetde durýar.

BMG-niň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylda Türkmenistany bitarap döwlet hökmünde ykrar etdi. 2017-nji ýylda BMG Türkmenistanyň teklibi bilen 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni yglan etdi. Türkmenistan 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda “Türkmenistanyň Bitaraplygy hakynda” konstitusion kanun kabul etdi we munuň bilen özüniň bitaraplyk hukuk derejesini ýurduň baş kanunyna berkitdi.

Luka Ançeski Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty barada kitap ýazdy. Ol doktorantura üçin ýazan ylmy işinde-de türkmen bitaraplygyny içgin öwrendi. Ançeski “Türkmenistanyň daşary syýasaty: Oňyn bitaraplyk we türkmen režiminiň pugtalandyrylmagy” atly kitabyň awtorydyr.

Ol Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda türkmen bitaraplygynyň esasy arhitektorynyň, döredijisiniň Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowdygyny, Gurbanguly Berdimuhamedowyň diňe Nyýazowyň bitaraplyk ýoluny dowam etdirendigini, iki on ýyldan gowrak wagt bäri ýurduň daşary syýasatynyň durnukly saklanyp galýandygyny gürrüň berdi. Ol ýurt ýolbaşçylarynyň doly awtoritar daşary syýasaty alyp barýandygyny, hökümetiň bitaraplyga bukulyp, halkara borçnamalardan gaçýandygyny aýtdy.

Türkmen hökümeti we döwlet media serişdeleri ýurduň Bitaraplyk syýasatyny daşary syýasatda gazanylan uly ýeňiş we üstünlik hökmünde wagyz edýär. Ýöne synçylara görä, 2020-nji “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly ýurtda iň agyr ýyllaryň biri boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG