Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusly lukman we žurnalist protestçiniň ölümini paş etmekde günälenýär


Žurnalist Katsýaryna Barysewiç (sagda) we lukman Artsyom Sarokin, 2021-nji ýylyň 19-njy fewralynda Minskde geçirilen sud diňlenişiginde.
Žurnalist Katsýaryna Barysewiç (sagda) we lukman Artsyom Sarokin, 2021-nji ýylyň 19-njy fewralynda Minskde geçirilen sud diňlenişiginde.

Belarusda bir lukman we žurnalist awtoritar hökümdar Alýaksandr Lukaşenka garşy geçirilen demonstrasiýalarda protestçilere garşy görkezilen basyş wagtynda bir protestçiniň öldürilmegi barada maglumatlary aýan edendigi üçin günäkärlenýär.

Minskiň Moskwa etrap sudy 19-njy fewralda Artsýom Sarokin bilen Katsaryna Barysewiçiň işine ýapyk gapylaryň aňyrsynda seredip başlady we bu kararyny işde "şahsy lukmançylyk maglumatlarynyň" ulanylýandygy bilen düşündirdi. Suduň gidişini halk köpçüliginden ýaşyrmak karary suda gatnaşan onlarça tarapdaryň nägileligini döretdi.

"Tut.by" onlaýn gazetiniň žurnalisti Barysewiç we Minskiň tiz kömek gullugynyň lukmany Sarokin 19-njy noýabrda Raman Bandarenka hakda ýazylan makaladan soň tussag edildi. Žurnalist Barysewiç ýazan makalasynda lukman Sarokini mysal getirdi. Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler wepat bolan Raman Bandarenka hüjüm eden ýüzi maskaly adamlaryň häkimiýetler bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

Belarus resmileri Bandarenkanyň hüjümçileriniň häkimiýetler ýa-da gozgalaňlara garşy polisiýa bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny öňe sürdüler we Bandarenkanyň hüjüm edilen wagtynda serhoş bolandygyny aýtdylar.

Barysewiç, Bandarenkanyň ganynda hiç hili spirtiň tapylmandygyny, bu maglumatyň Bandarenka medisina kömegini beren tiz kömek toparynyň lukmany Sarokinden alandygyny ýazdy. Tiz kömek işgärleri ýenjilen Bandarenkanyň saglyk ýagdaýyny we ganyny barlapdy.

Indi žurnalist we lukman ikisi-de lukmançylyk maglumatlaryny aýan etmekde günäkärlenýär. Barysewiç, Sarokini lukmançylyk maglumatlary paýlaşmaga itergi berendigi üçin goşmaça günäkärlenýär. Günäli tapylsa, ikisi üç ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner.

Noýabr aýynyň ahyrynda Amnesty International guramasy Sarokin bilen Barysewiçiň wyždan ýesirleri diýip ykrar etdi we olaryň dessine boşadylmagyny talap etdi.

Bandarenka, awgust aýynda geçirlen prezident saýlawlarynda ýeňiji diýlip yglan edilen Lukaşenkanyň işinden aýrylmagyny talap edip geçirilýän demonstrasiýalarda öldürilen birnäçe adamyň biridir.

Oppozisiýa güýçleri Lukaşenkanyň prezidentlik möhletine galp saýlawlaryň netijesinde eýe bolandygyny aýdýarlar. Muňa garşy geçirilýän protestler on müňlerçe adamyň köçä çykmagyna getirdi.

Howpsuzlyk işgärleri demonstrantlara garşy berk çäre gördi, müňlerçe adamy, şol sanda ýygnanyşyklar barada habar berýän onlarça žurnalisti tussag etdi we oppozisiýanyň liderleriniň köpüsini ýurtdan çykardy.

Käbir adam hukuklaryny goraýjy guramalar tussag edilenleriň käbirine howpsuzlyk işgärleri tarapyndan gynamalaryň ulanylýandygyna ygtybarly subutnamalaryň bardygyny aýdýarlar.

1994-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyrýan Lukaşenka saýlawlar bilen baglanyşykly haýsydyr bir ýalňyşlygyň bolmagyny ret etdi we işinden aýrylmak we täze saýlaw geçirmek barada oppozisiýa bilen gepleşikden ýüz öwürdi.

Уважаемый читатель, если Вы хотите связаться с Радио Азатлык, самый безопасный способ сделать это, мессенджеры Telegram и WhatsApp. Наши телефоны +420 724 168 989 и +420 773 797 383. В Туркменистане они работают через VPN. Здесь можно скачать наш бесплатный VPN Psiphon 3 для Android телефонов и устройств. Радио Азатлык гарантирует вашу анонимность.

XS
SM
MD
LG