Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebaba we Mara sowuk howa aralaşdy, sebite gar ýagdy


Türkmenabat. 24-nji fewral, 2021 ý.

Türkmenistanyň gündogar sebitlerine ýene-de sowuk howa aralaşdy. 24-nji fewralda Mary welaýatyna gar ýagdy, Baýramalynyň käbir obalarynda elektrik kesildi. Lebapda howanyň sowuklygy gijelerine -16 gradusa çenli aşaklaýar, Darganata etrabynyň käbir obalarynda güýçli sowuk sebäpli gaz turbalary hatardan çykdy. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berýärler.

Maryly ýaşaýjylar geçen agşama çenli howanyň maýyl bolandygyny, şol sebäpden Mary we Baýramaly şäherleriniň köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda, mekdeplerde, çagalar baglarynda we medeniýet öýlerinde ýyladyş ulgamlarynyň öçürilendigini, ýöne munuň yz ýany, birden aralaşan sowuk howanyň adamlary başagaý edendigini aýdýarlar.

“Baýramalynyň käbir obalarynda irdenden bäri tok ýok” diýip, bir maryly ýaşaýjy 24-nji fewralda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Baýramaly etrabynyň oba ýaşaýjylary ýerlerdäki elektrik sütünleriniň we elektrik geçiriji simleriň möwritiniň geçendigini, olaryň ençemesiniň Sowet Soýuzy döwründe çekilen simlerdigini aýdýarlar.

“Accuweather” howa maglumatlary saýtyna görä, şu günler howanyň temperaturasy Lebapda gijelerine -16, gündizlerine -6 gradusa çenli aşaklaýar, Maryda howanyň temperaturasy gijelerine -10 gündizlerine 0 gradusa çenli sowaýar. Ýöne howa maglumatyna görä, ýene 4-5 günden, has takygy 1-nji martdan soň, howanyň temperaturasy birden gündizlerine 17 gradusa çenli maýlaýar.

“Türkmenabada güýçli gar ýagýar. Düýn gijäniň ýaryndan soň, Darganatanyň ençeme daýhan birleşiklerinde sowuk howa sebäpli gaz turbalary ýaryldy. Adamlar gazsyz galdylar. Gyzylrabat, Birata obalarynda heniz hem gaz nogsanlyklary bejerilmedi” diýip, bir lebaply 24-nji fewralda Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Mary şäheriniň bir ýaşaýjysy şäherde elektrik üpjünçiliginiň öýlän sagat 1:20 töwereklerinde ýola goýulandygyny habar berdi.

“Irden howa sowuk boldy, gar ýagdy. Çagalar mekdeplerde klaslaryň gaty sowuk bolandygyny aýtdy. Öýleriň içi hem sowuk. Ýyladyş ulgamlarymyz buz ýaly. Öýüň içinde jemperli gezýäris” diýip, bir baýramalyly ýaşaýjy aýtdy.

Lebap we Mary welaýatynyň ençeme ýaşaýjylary Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeşlikde sebitde durmuş infrastrukturalarynyň ýagdaýynyň ýaramazdygyny, oba ýerlerinde elektrik sütünleriniň könelişendigini, olaryň sowuk howada hatardan çykýandygyny, ýagyş-ýagmyrda köçeleriň batga bulaşýandygyny aýdýarlar.

“Sähel şemal bolsa, elektrik simleri üzülýär” diýip, bir etrap ýaşaýjysy aýtdy. Onuň sözlerine görä, çyra sönende elektrik edarasy tok üpjünçiliginiň şemal ýatanda gaýtadan ýola goýuljakdygyny aýdýar.

Bu aralykda, sebite sowuk howa aralaşýan mahaly, daýhanlar ekinleriniň aladasyny edýär. “Adamlar öz mellek ýerlerine eken kartoşkalaryny we beýleki gök-bakja ekinlerini alada edýärler” diýip, maryly daýhan aýtdy.

Soňky gyş günlerinde Türkmenistanyň dürli künjeklerinde howa ýygy-ýygdan üýtgeýär. “Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň “Meteožurnal” howa maglumatlary saýtyna salgylanyp, habar bermegine görä, 17-nji fewralda Aşgabatda howanyň ýylylygy 30 gradusdan 0.6. gradusa çenli pese gaçdy. Maýyl howanyň yz ýany, 18-nji fewralda ýurduň günbatar sebitlerinde, Bereket we Serdar etraplaryna hem-de Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerine gar ýagdy.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty sowuk howa akymynyň arasynda hatardan çykýan durmuş infrastrukturalary, elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi, ýyladyş ulgamlaryndaky nogsanlyklar we gaz turbalarynyň ýarylmagy barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG