Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Merkezi saýlaw topary Halk Maslahatynyň saýlawlaryny maslahat etdi, býujet işgärleriniň hasabyna köçelere plakat asylýar


Türkmenistanyň Merkezi saýlaw tooparynyň binasy

Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary 28-nji fewralda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlygy maslahat etdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň konstitusiýasyna 2020-nji ýylyň sentýabrynda girizilen üýtgetmelere laýyklykda, ýurduň parlamenti iki palataly ulgama geçirildi we onuň ýokary palatasy bolan Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny 28-nji martda geçirmek meýilleşdirildi.

Resmi habara görä, saýlawlara dalaşgärleri hödürlemek işleri 6-njy fewralda başlanypdyr we şu wagta çenli ýurt boýunça 111 dalaşgär hasaba alnypdyr. Dalaşgärleri hödürlemek işleri 2-nji marta çenli dowam eder, olary bellige almak işleri 7-nji martda tamamlanar.

Has ozal, Merkezi saýlaw topary noýabryň ahyrynda geçiren ýygnagynda ýurtda saýlaw möwsüminiň 2-nji ýanwarda başlanýandygyny yglan edipdi.

“Mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň açyklygynyň we giň bäsdeşliginiň üpjün edilmegini möhüm wezipe hökmünde kesgitlediler” diýip, TDH ýazýar. Galyberse-de, döwlet metbugatyna görä, Merkezi saýlaw topary Aşgabat boýunça agzalyga hödürlenen 17 dalaşgäriň bellige alnandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy şu günler Türkmenabatda we Farapda saýlawlary wagyz edýän plakatlaryň köçelere asylýandygyny habar berýär. Onuň maglumatlaryna görä, ýerli häkimiýetler plakatlar üçin býujet işgärlerinden pul ýygnaýar.

Galyberse-de, habarçy şu günler Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgär hödürleme çäreleriniň welaýatyň ähli etraplarynda geçirilýändigini habar berýär.

“Ýygnaga gatnaşýan erkekler täze kostýum geýmeli, gowy galstuk dakmaly, aýal býujetçiler hem soralan reňkde köýnek geýmeli” diýip, bir býujet işgäri atlandyrylmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Häzirki şertlerde çäreler bilen bagly çykdajylar boýunça maşgalalarda oňuşmazlyk hem köpelýär” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Mundan ozal, noýabryň ahyrynda Lebap häkimiýetleri ýerli saýlaw resmileriniň öňünde ýörite tabşyryklar, şol sanda saýlaw mahalynda birugsat surat alýan adamlary anyklamak, saýlaw netijeleri barada öňünden dil ýarmazlyk ýaly talaplar bilen çykyş edipdi.

Azatlygyň habarçysy ençeme raýatlar bilen söhbetdeş bolup, lebaply ýaşaýjylaryň saýlawlar baradaky habarlar boýunça döwlet metbugatynda çykýan habarlar bilen gyzyklanyp-gyzyklanmaýandyklaryny sorady.

Habarçynyň sözlerine görä, ýurt raýatlary köplenç döwlet metbugatyny yzarlamaýar.

Türkmenistan ýanwaryň aýagynda ýerli saýlaw gözegçilerini hasaba aldy, ýöne döwlet mediasy saýlawa gözegçilige gyzyklanma bildirýän halkara synçylar barada habar bermeýär.

Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen saýlawlaryň hiç haýsyny günbatar saýlaw synçylary erkin we adalatly hasaplamady.

Metbugat habarlaryndan çen tutulsa, öňümizdäki saýlawlar diňe Halk Maslahatynyň agzalaryna degişli bolup, Mejlisiň häzirki deputatlary öz mandatyny dowam etdirýär. Mundan ozal, ýurtda parlament saýlawlary 2018-nji ýylyň martynda geçirildi.

Iň soňky konstitusion üýtgetmeler bilen, Halk Maslahaty parlamentiň ýokary palatasy, Mejlis onuň aşaky palatasy edildi. Halk Maslahatyna her welaýatdan hem-de welaýat hukukly Aşgabat şäherinden 8 agza saýlanar, ýene 8 agza prezident tarapyndan bu wezipä bellener.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG