Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halk Maslahatyna dalaşgärleri hasaba almak işi tamamlandy


Saýlaw nokady, Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Saýlaw nokady, Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda 28-nji martda geçiriljek Halk Maslahaty Milli Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna dalaşgärleri hasaba almak prosesi tamamlandy. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi Komissiýanyň Türkmen mejlisiniň ýokarky palatasy Halk Maslahatyna saýlawlara taýýarlyk görülmegine bagyşlanan ilkinji ýygnagy ses berişlikden bir aý öň 27-nji fewralda geçirildi.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň dalaşgärleri hasaba almak işini tamamlap, 111 kandidata dabaraly ýagdaýda şahadatnama gowşurandygyny döwlet metbugaty habar berdi.

Şeýlelikde, saýlaw güni 111 kandidat 48 orna dalaş eder. Bellige alnan kandidatlaryň 16-sy welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlary, 95-si etrap we şäher halk maslahatlary tarapyndan hödürlenipdir. Dalaşgärleri hödürlemek üçin tutuş ýurt boýunça jemi 55 ýygnak geçirilipdir. Bu barada TDH habar gullugy habar berýär.

Saýlaw kampaniýasy dalaşgärleriň hasaba alnan gününden başlanar we saýlaw gününden bir gün öň tamamlanar.

Resmi beýannamada ähli dalaşgärleriň alternatiw we deň esasda hasaba alnandygy, olaryň bellige alynmagynyň açyk şertlerde milli kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda geçirilendigi nygtalýar. Merkezi saýlaw komissiýasynyň hasaba alan 111 dalaşgäriniň terjimehallary "Türkmenistan" we "Bitarap Türkmenistan" gazetlerinde, şeýle hem ýerli gazetlerde çap edildi diýlip, TDH-nyň habarynda bellenýär.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelere laýyklykda, ýurduň parlamentiniň ýokarky organy döredildi. Täze mejlis Milli Gengeş diýlip atlandyryldy. Oňa Halk Maslahaty we Mejlisler girer.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG