Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

'Wahhabist üýşdümi?' diýip, adamlary metjitden kowdular


Mary metjidiniň gümmezi

Polisiýa awtoulagdaky "ses gataldyjy" guralyny ulanyp, "Adamlar, siziň öýli-öýüňize gitmegiňizi talap edýärler" diýip, 4-5 gezek gygyrdy, emma adamlar gitmän, metjidiň daşynda oturan ýerlerinden doga-dileg etmeklerini dowam etdirdiler.

Türkmen häkimiýetleri 9-njy martda Marydaky baş metjitde gelip, Miraj gijesinde ýagşy dileg edýän ýaşaýjylary kowdular, sebitiň ähli ýerinden diýen ýaly gelen adamlar hiç kime päsgel bermän, metjidiň daşky diwarlaryna ýaplanyp, töwerekdäki oturgyçlarda oturyp, doga okaýardylar diýip, Azatlygyň sebitdäki habarçysy 10-njy mart güni giçlik habar berdi.

Yslam dinine görä, Isra we Miraj gijeki syýahatyň iki bölegi bolup, Muhammet pygamber fiziki we ruhy hasaplanýan syýahaty 621-nji ýyl töwereginde bir gijede geçipdir.

Adamlar Miraj gijesinde öz bilen dogalaryny okamak üçin agşam sagat 10-dan soň baş metjide ýygnanmaga başlady. Olaryň arasynda ýaşuly, orta ýaşan adamlar bilen ýaşlar-da, başlaryna börük geýen oglanjyklar we ýaglyk daňynan gyzjagazlar-da bardy diýip, habarçy adamlaryň ýüz maskalaryny geýmek düzgünlerini hem berjaý edendigini sözüne goşdy.

Metjide gelýän adamlar derrew häkimiýetleriň ünsüni çekdi, ýöne polisiýanyň awtoulagynda gelen üç ofiser ilki ulagdan düşmän, gyradan seredip oturdy. Emma biraz soň, gije sagat 11-den geçende adam has köpeldi we raýat eşikli, özlerini alyp barşyndan MHM işgärleri hasaplanan üç adam gelip, polisiýanyň adamlary dargatmagyny buýurdy.

Polisiýa awtoulagdaky "ses gataldyjy" guralyny ulanyp, "Adamlar, siziň öýli-öýüňize gitmegiňizi talap edýärler" diýip, 4-5 gezek gygyrdy, emma adamlar gitmän, metjidiň daşynda oturan ýerlerinden doga-dileg etmeklerini dowam etdirdiler.

Şondan soň bu ýere goşmaça polisiýa güýçleri çagyrylýar.

"20-25 aralygynda polisiýa işgäri geldi, iki sany ýol gözegçilik ofiseri polisiýa işgärlerini bir ýere jemläp, olara nähilidir bir tabşyryklary berdi, onsoň adamlar 'häzir bizi kowarlar" diýip ätiýaç etdi, aksakgal ýaşulylaryň biri ýerinden turup, olar bilen gürleşmäge gitdi" diýip, wakanyň şaýatlary gürrüň berdiler.

Ol adam häkimiýet wekilleriniň ýanyna baryp-barman, döwlet ýol gözegçilik gullugynyň iki awtoulagy sirenasyny işledip, metjidiň awtoduralgasynda goýlan awtoulaglaryň derhal aýrylmagyny talap etmäge, ýogsa ulaglaryň döwlet belgileriniň goparylyp alynjakdygyny aýdyp gygyrmaga başlaýar.

Metjidiň daşyna üýşen mähelläni kowmaly edilen polisiýa işgärleri "gaýrat ediň, ýolbaşçylar buýurdy, bizden gaty görmäň, doga-dilegiňizi öýüňizde edäýiň" diýip, adamlara sypaýyçylykly ýüzlendi diýip, habarçy aýtdy.

Metjitden kowulýan adamlaryň biri öz ýanyna gelen polisiýa işgärine ýüzlenip, "hana, hol sakgally ýaşuly başlygyňyz bilen gürleşmäge gitdi, şoňa garaşyp göreli, belki, doga-dilegi şu ýerde etmäge rugsat bererler?" diýdi.

"Aý, näbileýin-dä... Ýaňy bizi üýşürende, 'bu ýere wahhabistler üýşdümi' diýýärdi, bize adamlary çaltrak kowup-dargatmagy buýurdy ol" diýip, polisiýa ofiseri bu soraga umytsyz jogap berdi.

Adamlara doga-dileglerini bes edip, öýlerine gitmeli boldy, sagat 23:40-dan soň polisiýa ulaglary şäheriň köçelerine aýlanyp, ýanýoldan ýöräp barýan ýa-da öýleriniň golaýyndaky oturgyçlarda oturan adamlardan hem öýlerine gitmegi talap etdiler diýip, habarçy etrap, oba ýerlerinden gelen adamlaryň tanyşlarynyň, garyndaşlarynyň öýlerine toplanyp, doga okandyklaryny habar berdi.

Halkara hukuk toparlary tarapyndan din azatlygyny gödek bozmakda tankytlanýan Türkmenistanyň kanunlary kagyz ýüzünde raýatlaryň islän dinine uýmak ýa uýmazlyk hukuklaryny kepillendirýär.

Ýöne hökümet tankytçylary resmi Aşgabadyň döwletden maddy goldaw alýan din wekillerini, metjitleri ýurtda döredilen şahsyýet kultuny pugtalandyrmak üçin ulanýandygyny, şol bir wagtda-da adamlary dini ynançlary üçin ýanamagyň, türmä basmagyň giň ýaýrandygyny aýdýarlar.

Azatlyk radiosy 2017-nji ýylyň aprelinde we soňra Türkmenistanda "gülençilikde" güman edilip tussag edilen, gazaply gynalandygy aýdylan we ýapyk sudlarda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen raýatlar, olaryň käbiriniň türmedäki ölümi, dini ynanjy sebäpli harby gullukdan ýüz öwren ýaşlaryň yzygiderli, käte gaýtadan türme tussaglygyna höküm edilişi we beýleki faktlar hakynda maglumat berdi. Emma häkimiýetler syzyp çykýan habarlara reaksiýa bildirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG