Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-da Orsýetdäki we Merkezi Aziýadaky din azatlygynyň 'howsalaly ýagdaýy' maslahatlaşylýar


Türkmen metjitlerinde prezidentiň "baş saglygyna" sadaka bermek, ony "mukaddesleşdirmek" däbe öwrüldi.

Türkmen türmelerinde "diri ýitenleriň" sany dini ekstremizmde aýyplanyp, ýapyk gapylaryň arkasynda uzak türme möhletine höküm edilen onlarça dindaryň hasabyna hem artdy we olaryň käbiriniň türmede urlup-ýenjilmekden we beýleki ýowuz şertler astynda ýogalandygy aýdylýar.

ABŞ-nyň Halkara din azatlygy komissiýasy (USCIRF) 16-njy sentýabrda Orsýetde we Merkezi Aziýada "din azatlygynyň howsalaly ýagdaýy" barada wirtual diňlenişik geçirýär.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän komissiýanyň aýtmagyna görä, Orsýet we Merkezi Aziýanyň dürli ýurtlary 1990-njy ýyllaryň aýagynda bäri, öňki sowet praktikasyna esaslanýan repressiw din kanunlaryny kabul edip, din aztlygyny basgylap gelýärler.

"Regionyň ähli ýerindäki wezipeli adamlar dini däplere berk gözegçilik edýärler we onuň dessurlaryny düzgünleşdirýärler, şol sanda dini ybadatlaryň berjaý edilýän ýerlerinde wideokameralary oturdýarlar, dini jemgyýetiň agzalary barada jikme-jik resmi maglumat bazasyny düzýärler" diýip, komissiýanyň diňlenişik baradaky habarynda bellenilýär.

Garaşsyz, iki partiýaly Din azatlygy komissiýasy Kongres tarapyndan dünýä boýunça din azatlygy barada maslahat bermek üçin döredildi. Guramanyň aprel aýynda çap eden ýyllyk hasabatynda Döwlet departamentiniň Özbegistany din azatlygyny bozýan "iň erbet" ýurtlaryň sanawyndan aýyrmagy we bu sanawa Orsýeti goşmagy ýene bir gezek teklip edildi.

Goňşy Özbegistandan tapawutlylykda, Türkmenistanda din azatlygynyň ýyl-ýyldan gödek basgylanmagy, şol sanda resmi hasaba alynmadyk dini toparlaryň wekilleriniň yzarlanmagy, dini edebiýatlaryň konfiskasiýa edilmegi, özara toplanyp, hususy jaýlarda dini ybadat edýän adamlaryň öýlerine reýd geçirilmegi, dindarlaryň dini ekstremizmde aýyplanmagy, dini ynançlary esasynda harby gullukdan ýüz öwrenleriň türmä basylmagy adaty ýagdaý bolup durýar.

Ýehowa şaýatlarynyň metbugat wekili Jarrod Lopesiň Azatlyk radiosyna 8-nji sentýabrda beren maglumatyna görä, türkmen sudy 3-nji sentýabrda 18 ýaşly Myrat Orazgeldiýewi harby gullukdan boýun gaçyrmakda günäli tapyp, türme tussaglygyna höküm etdi.

Türkmen sudy geçen aýda hem iki ýehowa şaýadyny, doganlar Eldor (21) we Sanjarbek (25) Saburowlary şol bir aýyplama bilen türme tussaglygyna höküm etdi.

Toparyň maglumatyna görä, türkmen häkimiýetleri 2018-nji ýyldan bäri harby gullukdan boýun gaçyran 24 ýehowa şaýadyny azatlykdan mahrum etdi, häzir olaryň 11-isi türmede saklanýar.

Türkmenistanyň Baş kanunynyň 28-nji maddasynda raýatlaryň öz ynam-ygtykatlaryna erkin eýermäge we olary erkin beýan etmäge hukuklary bardyr diýilýär.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, wahhabistler diýilýänlere garşy göreşiň çäginde, sakgal-murtuny gatyrak ösdüren erkekler yzygiderli ýanalýar, polisiýa olary olary sakgallaryny syrmaga, arak içmäge mejbur edýär diýen maglumatlar bar.

Şu we beýleki ýagdaýlar bilen baglylykda, Döwlet departamenti geçen ýylyň aýagynda Türkmenistany, 1998-nji ýylyň Halkara din azatlyklary Aktyna laýyklykda, “Aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň” hataryna täzeden goşdy.

Türkmenistan geçen dekabrdan öň bu sanawa 2014, 2016, 2017 we 2018-nji ýyllarda goşuldy.

Emma muňa garamazdan, "Olary diri görkeziň" kampaniýasynyň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň türmelerinde "diri ýitenleriň" sany dini ekstremizmde aýyplanyp, ýapyk gapylaryň arkasynda uzak ýyllyk türme möhletine höküm edilen onlarça dindaryň hasabyna hem artdy we olaryň käbiriniň türmede urlup-ýenjilmekden we beýleki ýowuz şertler astynda ýogalandygy, käbiriniň saglyk ýagdaýynyň agyrdyry habar berildi.

ABŞ-nyň Halkara din azatlygy komissiýasynyň iki ýolbaşçysynyň 24-nji iýunda çap edilen makalasynda aýdylmagyna görä, Türkmenistanda bu ýagdaýyň dowam etmegi Birleşen Ştatlaryň türkmen hökümetine Owganystandaky bähbitleri üçin edýän eglişigi bilen bagly bolup görünýär.

Halkara din azatlygy komissiýasynyň başlygy Geýl Mançin bilen bu guramanyň komissary Gary Baueriň türkmen prezidentini nazara alyp ýazmaklaryna görä, "öz halkynyň esasy hukuklaryny aýak astyna alýan gözçykgynç diktatory goldamak Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bähbidine däl".

"Türkmenistanyň hökümeti dünýädäki iň repressiw režimleriň biri bolup durýar we ol Birleşen Ştatlaryň aýratyn çemeleşmesine mynasyp däl" diýmek bilen, awtorlar ABŞ hökümetiniň milli howpsuzlyk sebäpli edýän eglişiginden el çekmelidigini we, adam hukuklaryny we dini azatlyklary köp bozandygy üçin, Türkmenistandan hasap soramalydygyny aýtdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG