Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan ýok pagtany 'zor we zer bilen' ýygdyryp, plan dolmak 'ussatlygyny' dowam edýär


Pagta ýygymyna çekilen esgerler. Arhiw suraty

"Ýerler arryk, suw, dökün, tehnika we adam güýji hemişe problema. Bu sowet döwründe hem şeýledi, ýöne indi ýerleriň ýagdaýy, suw ýagdaýy, oba hojalyk işleriniň guramaçylyk meselesi has aýdyp-diýip bolmajak derejede pese gaçdy".

Türkmenistanlylar nobatdaky pagta ýygymyna girişýärler, eýýämden býujet işgärleri mejbury pagta ýygymyna ugradylýar we pagta ýygyp bilmejeklerden, öňki ýyllarda bolşy ýaly, ýerine adam tutmak ýa-da pul bermek talap edilýär.

"Biziň edaramyzda... pagta ýygymy üçin 20 manatdan ýygnamaly edildi. Pul bermeýänden düşündiriş alyp, işden çykarylmak meselesi goýuljakmyş" diýip, Azatlygyň 18-nji awgustda Marydaky pagta ýygymy barada çap eden habarynyň aşagynda öz tejribesini paýlaşan okyjymyz ýazypdyr.

Pagtadaky mejbury zähmet diňe Mary bilen çäklenmeýär. Azatlygyň Lebapdaky habarçysynyň düýn giçlik beren maglumatyna görä, darganataly, faraply, çärjewli býujet işgärlerini Hojambaz etrabynyň Beşir, Suhry, Babadaýhan daýhan birleşikleriniň pagta meýdanlaryna ýatymlyk ugradyp başladylar.

1990-njy ýyllardan öň pagta ýygymyna sapaklary ýatyrylan oba mekdepleriniň okuwçylary, şäherlerde okaýan studentler çekilerdi, mekdep klaslary aýlap ýaşaýyş otaglaryna öwrülerdi. Emma indi, habarçynyň sözlerine görä, gürrüňi edilýän obalara pagta ýygmaga gelen adamlar üçin zerur ýaşaýyş şertleri hem döredilmeýär.

"Býujet işgärleri pagta ýygmaga 1-nji günden bäri ugradylýar, emma biziň adyny agzan obalarymyza ýygymçy bolup gelen adamlar üçin ýuwunmak, arassaçylyk, şahsy gigiýenany saklamak mümkinçilikleri, çaý-nahar edinmek üçin ýeterlik şert ýok" diýip, habarçy aýtdy.

Adyny aýtmakdan saklanan ýerli resmi býujet işgärleriniň pagta ýygymyna beýle ir we gyssanmaç çekilmeginiň sebäbini günorta etraplarda gowaçanyň adatça tiz ýetişmegi we gozalaryň ir açylmagy bilen düşündirdi. Ýöne ol indi "howa şertleriniň hem öňki ýyllarda oýnan roluny oýnamaýandygyny, ýok pagtany has ir we has köp adam getireniň bilen-de ýygyp bolmaýandygyny" hem sözüne goşdy.

"Ýerler arryk, suw, dökün, tehnika we adam güýji hemişe problema. Bu sowet döwründe hem şeýledi, ýöne indi ýerleriň ýagdaýy, suw ýagdaýy, oba hojalyk işleriniň guramaçylyk meselesi has aýdyp-diýip bolmajak derejede pese gaçdy" diýip, Azatlyga pikirini aýdan resmi obasenagat pudagyndaky dowamly çökgünligiň on müňlerçe ýaş adamyň zähmet migrasiýasyna çykmagyna sebäp bolandygyny ýatlatdy.

Onuň pikiriçe, bu "sowet praktikasy" we "ýok pagtany zor we zer bilen ýygdyryp", plan dolmak ussatlygyny dowam etdirmekden başga hiç zat däl. "Ýagdaýy hemme kişi bilýär, hökümet ýolbaşçylary utanmasa, biz nädeli?" diýip, etrap resmisi egnini ýygyrdy.

Býujet işgärleriniň pagta ugradylyp başlandygy baradaky habarlar türkmen hökümetiniň nobatdaky wideomaslahatyny geçiren wagtyna gabat geldi. TDH-nyň ýamzagyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatda sebit ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi we "agrotehniki kadalaryň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň ähmiýetini nygtady".

Türkmen mediasy hökümetiň her hepde diýen ýaly geçirýän maslahatlaryny esasan öz teswirinde, prezidentiň we beýleki ýolbaşçylaryň hakykatda aýdan anyk sözlerini eşitdirmezden, umumy sözler esasynda beýan edýär.

Resmi habarlardan çen tutulsa, prezident on ýyldan gowrak wagt bäri şol bir tabşyryklary berýär we ähli ugur boýunça ösüş depginleri saklanylýar.

Emma muňa garamazdan, ýurtda azyk bolçulygyna, arzançylyga derek uzyn azyk nobatlary döreýär, nyrhlar gymmatlaýar, ilatyň nägileleigi ýokarlanýar.

Synçylar, şol sanda ozalky suw hojalyk inženeri Nurmuhammmet Hanamow bu ýagdaýy hökümetiň işe ukypsyzlygy, şol sanda oba hojalygynda emele gelen agyr ýagdaýy seljermek we çözgütleri kesgitlemek başarnygynyň bolmazlygy bilen düşündirýär.


Türkmenistandaky we sebitiň beýleki ýurtlaryndaky mejbury zähmet, goragsyz ilatyň döwlet tabşyryklary esasynda talap edilýän möçberlerdäki pagta hasylyny ýygnamaga mejbur edilmegi, ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, sowet döwründen bäri ýaşlaryň köpüsiniň wagtynda geljekde zerur bolan bilimleri alyp, durmuşa taýýarlanmagyna böwet boldy we bu praktikanyň azat bazar ykdysadyýetine geçilenden soň hem dowam etdirilmegi jemgyýeti yza çekýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG