Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanyň karantin zolagynda COVID-19 ýokaşýar, protest döreýär


Türkmenabadyň karantin zolagy, sentýabr, 2020

Şu günler Türkmenabadyň karantin zolagynda saklanýan adamlaryň arasynda COVID-19 keseli ýaýraýar. Kesel ýokaşan adamlaryň ençemesi hususan-da 13-nji aprelde Türkiýeden baran uçarda ýurda getirilipdi. Karantin zolagynda keseliň ýaýramagy bu ýerde saklanýanlaryň arasynda soňky günlerde nägileligi tutaşdyrdy.

Türkmenistandaky habarçylarymyzyň we çeşmelerimiziň 10-njy maýda beren maglumatlaryna görä, şol ýolagçylaryň bir bölegi Lebap welaýatynyň baş karantininde, ýene bir bölegi Türkmenabadyň ýokanç keseller hassahanasynda üç hepdelik ýerleşdirilipdir. Ýokanç keseller hassahanasynda ýerleşdirilenlerde koronawirus test arkaly tassyklanypdy.

Emma şu günler ýurda getirilende COVID-19 tapylmadyk we baş karantin zolagynda saklanýanlaryň arasynda keseliň ýaýraýandygy mälim boldy. Hususan-da, bäş zenan test arkaly tassyklanan koronawirus sebäpli baş karantin zolagyndan Türkmenabadyň Ýokanç keseller hassahanasyna geçirildi. Başda şol keselhana ýerleşdirilenleriň birnäçe bolsa karantin möhleti gutaryp öýlerine goýberilipdir.

Ýatlatsak, pandemiýa sebäpli Türkiýeden Türkmenistana wagtynda dolanyp bilmedik raýatlaryň 165 sanysy 13-nji aprelde yzyna getirilipdi. Olaryň arasynda bir aýal maşgala 19-nji aprelde aradan çykypdy. Böwrek näsazlygyndan ejir çekýän zenan keseli sebäpli Türkiýede operasiýany başdan geçirip, ýurduna dolanypdy. Azatlygyň habarçylary şol uçar bilen getirilen raýatlaryň 50-den gowragynyň saglyk meseleleri sebäpli Türkiýede bolandygyny anyklapdy.

Türkmenabadyň baş karantin zolagynda keselçiligiň ýaýramagy we şertleriň hem düzgünleriň bozulmagy bu ýerde saklanýan adamlaryň arasynda nägileligi tutaşdyrdy. 7-nji maýda ençeme adam özleriniň karantin möhletinden has uzak saklanýandygyny aýdyp, birugsat çykmaga synanyşypdyr. Emma karantin işgärleri polisiýany çagyryp, daş töweregi ýapyp, gabawy güýçlendiripdir.

Çeşmelerimiziň sözlerine görä, ýurda getirilenleri üzňelikde saklamak boýunça resmi wagt möhletiniň 21 gün bolmagyna garamazdan, karantindäkileriň ençemesi şol ýerde 25 günläp bolýarlar.

Protestçileriň talabyny diňlemek üçin häkim Amangeldiýew barypdyr we adamlaryň karantinde möhletinden uzak saklanmagynyň sebäbini koronawirus ýokaşan ençeme adamyň bardygy, galanlaryň hem kontaktda bolany üçin saklanmaly boljakdygyny, munuň howply keselçiligiň ýaýbaňlanmagynyň öňüni almak üçin edilýändigini düşündiripdir. Şeýle-de, häkim düzgüni bozanlaryň jenaýat jogapkärçiligine çekiljekdigini duýdurypdyr we täze karantin möhleti gutaransoň galanlaryň goýberiljekdigini wada beripdir. Emma häkim göz öňünde tutulan takyk wagt möhletini agzamandyr. Bu barada karantinde saklanýanlaryň garyndaşlary Azatlygyň habarçylaryna gürrüň berdiler.

Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynyň häkimliginden resmi maglumat alyp bilmedi.

Azatlyk Radiosyna mälim bolşy ýaly, Türkmenabadyň baş karantin zolagy Lebap welaýatynda ýerleşýän üç sany karantiniň biri. Öňki gurluşyk kompaniýasynyň jaýlarynda Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşýän 500 adamlyk bu karantine daşary ýurtlardan getirilýän türkmenistanlylar ýerleşdirilýär. Ýene bir zolak 100 adama niýetlenýär we Özbegistan bilen serhediň golaýynda Farap gümrük postunyň gapdalynda ýerleşýär. Bu ýere esasan daşary ýurtlular ýerleşdirilýär. Üçünji karantin zonasy ýanwar aýynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň günortasynda, gaz turbina desgasynyň gurluşygyna gatnaşýan daşary ýurtly hünärmenler, şeýle hem Türkmenistanda uly taslamalary amala aşyrýan daşary ýurt kompaniýalarynyň işgärleri üçin döredilipdi.

Türkmen ýolbaşçylary ýurtda koronawirusyň bolmagyny resmi taýdan henizem ykrar etmediler. Soňky gezek prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 13-nji noýabrda sözledi we ýurduň COVID-19-dan “erkindigini” ýene bir gezek nygtap, munuň “guwandyryjy” ýagdaýdygyny aýtdy we “bu biziň uly üstünligimizdir” diýdi. Şondan bäri türkmen ýolbaşçylary koronawirus bilen bagly ýurtdaky ýagdaýlary agzamadylar we keselçiligiň ýüze çykýan wakalaryny boýun almadylar. Türkmen häkimiýetleriniň koronawirusyň bolmagyndan ýüz öwürýän wagtynda keselçiligiň ýaýramagy, ölüm ýagdaýlarynyň köpelmegi dowam edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG