Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Konstitusiýa we Baýdak güni mejbury çäreler bilen utgaşdy


Azatlygyň habarçylary býujetçileriň, studentleriň, okuwçylaryň gatnaşmagynda mejbury çäreleriň geçirilendigini aýdýarlar.

Türkmenistan geçen sentýabrda kabul edilen konstitusion üýtgetmelerden soň, 18-nji maýda Baş kanunynyň we Döwlet baýdagynyň gününi belleýär. Azatlygyň habarçylary munuň bilen baglylykda, adatça bolşy ýaly, sebitlerde telewideniýede görkeziler ýaly ýasama, mejbury çäreleriň gurnalandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy 1992-nji ýylda kabul edildi we üç onýyllyga golaý döwrüň dowamynda ençeme düzedişe we üýtgetmelere sezewar boldy.

Baş kanunyna 2016-njy ýylda girizilen üýtgetmeler Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlik wezipesinde galmak mümkinçiliklerini artdyrdy, şeýle-de geçen ýyl kabul edilen düzedişleriň netijesinde, ýurduň parlamenti iki palataly ulgama geçirildi. Soňky üýtgetmelere laýyklykda geçirilen saýlawlaryň jemleri boýunça, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy hem boldy.

Azat Adalga: Konstitusion üýtgetmeler
please wait

No media source currently available

0:00 0:09:11 0:00

Berdimuhamedowyň Konstitusiýa güni mynasybetli döwlet metbugatynda çap edilen halka ýüzlenmesinde Baş kanunyň adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýändigi aýdyldy.

Şol bir wagtda halkara hukuk guramalary Türkmenistany öz Baş kanunynda kepillendiren adam hukuklaryny hormatlamazlykda, esasy adam hukuklaryny, şol sanda söz, metbugat, din, hereket azatlyklaryny dyngysyz basgylamakda, hökümetden aýry jemgyýetçilik guramalarynyň, raýat aktiwistleriniň, hukuk goraýjylaryň işlerini çäklendirmekde yzygiderli tankyt edýärler.

Azatlygyň sebitdäki habarçylary býujetçileriň, studentleriň, okuwçylaryň we tans toparlarynyň gatnaşmagynda ir sagat sekizden öýläne çenli mejbury çäreleriň geçirilendigini, olara toşamaçy hökmünde gartaşan adamlaryň gatnaşdyrylandygyny habar berýärler.

Galyberse-de, Türkmenistanyň Konstitusiýa güni ýurtdaky ýitileşýän maliýe çökgünliginiň, azyk krizisiniň, maliýe ýetmezçiliginiň arasynda bellenilýär.

Türkmenistan Baýdak gününi 18-nji maýda ilkinji gezek 2018-nji ýylda belläp başlady. Mundan öň, ol 19-njy fewralda, ozalky prezident S.Nyýazowyň doglan gününde bellenerdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG