Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Maryda “öýken sowuklamasy” diagnozly syrkawlar köpelýär, ilatdan hytaý waksinasyny öz hasabyna urdurmak soralýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Mary welaýatynda soňky günleriň dowamynda öýkenindäki agyry sebäpli keselhana ýüz tutýanlaryň sany artýar, administratiw merkezdäki Ýokanç keseller hassahanasy näsaglaryň akymyna döz gelip bilmän, täze syrkawlary kabul etmekden ýüz öwürýär. Bu aralykda, ilata tölegli esasda, esasan, hytaý waksinasyny sanjym etdirmek teklip edilýär, emma adamlar onuň howpsuzlygyny sorag astyna alýarlar.

“Soňky günler Mary şäheriniň ‘Ýeňişiň 50 ýyllygy’ köçesiniň ugrundaky Ýokanç keseller hassahanasyna öýkenindäki ýiti yza, dyngysyz üsgülewüge şikaýat edip barha köp adam ýüz tutýar. Anna güni keselhananyň işgärleri ähli otaglaryň syrkawlardan dolandygyny, täze hassalary kabul etmäge mümkinçiligiň ýokdugyny aýtdylar” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren marylylaryň biri 28-nji maýda ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

Ol lukmanlaryň hassalara “öýken sowuklamasy” diagnozyny goýýandyklaryny hem sözüne goşdy.

“Öýken sowuklar ýaly häzir sowuk barmy, howa jokrama yssy?! Syrkawlaryň hossarlary lukmanlar bilen ylalaşman dawa etjek bolsalar-da, olaryň arzlaryna hiç kim gulak gabartjak bolmaýar” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan maryly ýaşaýjy belledi.

Ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri – ýurtda azyndan onlarça adamyň ölümine sebäp bolan koronawirusyň ilkinji tapgyrlarynda hem – lukmanlara ölüm howply ýokanja ýoluganlara asyl diagonozy goýdurman, eýse olaryň “öýkeniň sowuklandygyny” aýtmaga mejbur edipdiler.

Şeýle-de, maryly habarçylarymyzyň ýene biri sebitde uly ýaşly adamlaryň we çagalaryň käbiriniň bedeniniň temperaturasynyň 38-39 gradusa çenli ýetýändigini, adaty dermanlaryň hem gyzgyny düşürip bilmeýändigini belleýär.

Azatlygyň habarçylary häzir Maryda koronawirusyň täze tolkunynyň başlanandygy baradaky ähtimallyklary anyklamaga synanyşýarlar.

Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi bu ýagdaýlary Azatlyk Radiosyna aýdyňlaşdyrmakdan ýüz öwürdi.

Dünýäde ABŞ we Ýewropa ýaly giň gerimli waksinasiýa kampaniýasy alnyp barylýan sebitlerde COVID-19-yň täze ýagdaýlary selçeňlese-de, wirus Aziýa yklymynda, şol sanda Hindistanda, Taýwanda, Wýetnamda, Malaziýada we Singapurda hem barha gürelýär.

Pandemiýanyň başyndan bäri koronawirusyň ýeke ýagdaýyny hem resmi taýdan hasaba almadyk türkmen häkimiýetleri, wirusyň nobatdaky tolkunynyň döremek howpy, onuň ilata abandyrýan wehimi barada hem hiç hili maglumat bermeýärler.

Bu aralykda, ýurduň dürli künjeklerinde dürli gatlaklaryň arasynda koronawirusa garşy bölekleýin sanjym işleriniň çäginde, adaty raýatlara öz hasaplaryna waksina sanjymlaryny urdurmak teklip edilýär.

Golaýda hökümetçi internet neşirleri türkmen mediasyna salgylanyp, Türkmenistana Russiýada öndürilen “Sputnik V”, “EpiVacCorona”, Hytaýda öndürilen “CoronaVac”, şeýle-de iňlis-şwed kompaniýasynyň öndüren “AstraZeneca” sanjymlarynyň getirilendigini habar beripdi. Emma Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan raýatlar häzir olara, esasan, diňe hytaý waksinasynyň urulýandygyny aýdýarlar.

“Maryda 600 manada hytaý waksinasy sanjym edilýär. Emma adamlaryň käbiri, onuň howpsuzlygyndan howatyr edip, urdurmaýar” diýip, maryly ýaşaýjylaryň biri 28-nji maýda gürrüň berdi.

Bellesek, geçen aý Hytaýyň keselleriň öňüni alyş we profilaktikasy merkeziniň başlygy Gao Fu Hytaýda öndürilen waksinalaryň “koronawirusa garşy ýokary goragy üpjün etmeýändigini” aýdypdy. Galyberse-de, Günbataryň ylmy jemgyýetinde hytaý waksinalarynyň synaglarynyň aýdyňlygy, şol sanda hytaýly lukmanlaryň çap edýän maglumatlarynda ýeterlik jikme-jikleriň ýoklugy barada soraglar döreýär.

Ýene bir bellemeli ýagdaý, Türkmenistanyň ýanwarda Merkezi Aziýada ilkinji bolup Russiýanyň “Sputnik V” waksinasyny hasaba almagyndan soň, ilki bada adamlara rus sanjymy urulsa-da, ol soňy bilen diňe Aşgabadyň ýaşaýjylary bilen çäklendi, biraz wagtdan soňra-da, hytaý waksinasynyň ornuna “Sputnik V”-ni urdurmak üçin goşmaça pul, para soralyp başlandy.

Galyberse-de, şu hepde günbatar neşirleri Russiýanyň “Sputnik V” waksinasynyň daşary ýurt sargytlarynyň diňe 8%-ni berjaý edip bilendigine ünsi çekdiler. “Forbes” žurnalynyň rusça görnüşi we “The Bell” neşiri munuň önümçilikdäki bökdençlikler bilen baglydygyny bellediler.

Şol bir wagtda, Lebapda býujetçilere mugt waksina sanjymyny etdirip bilmekleri üçin, “Awaza” syýahatçylyk zolagyna 10 günlük ýollanma satyn almalydyklary aýdylýar. Mundan öň, bu ýylky dynç alyş möwsüminde “Awazada” dynç almaga isleg bildirýän raýatlara koronawirusa garşy sanjymyny urdurmalydygy barada karar kabul edilipdi.

“Mugt waksina urduryp bilmek üçin, her güni 200 manada durýan 10 günlük ýollanma alyp, 2 müň manat harçlamaly. Bu Ependiniň ‘1 teňňeden at satýan, ýöne ýany bilen hökmany 500 teňňä pişigi hem almaly” diýen gürrüňine meňzeýär” diýip, türkmenabatly býujetçileriň biri kinaýa bilen belledi.

Geçen hepde Azatlyk Radiosynyň habarçysy, pes we orta girdejili ýurtlara waksina kömegini berýän, COVAX halkara gaznasynyň üsti bilen Türkmenistana 200 müň doza waksinanyň ýollanandygyny habar beripdi. Ol Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSSG) egindeş ýolbaşçylygyndaky gaznanyň iberen waksinalarynyň “Awaza” we Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän edara-kärhanalara iberilendigini sözüne goşdy.

Türkmenistan ýurda getirilen waksinalaryň möçberi barada anyk sanlary mälim etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG