Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýatyrylan uçar gatnawlary Awaza gitmekçi bolan lebaplylary ýoldan goýdy


Illýustrasibýa suraty. "Türkmenhowaýollarynyň" bir uçary.
Illýustrasibýa suraty. "Türkmenhowaýollarynyň" bir uçary.

“Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň tehniki näsazlyk sebäpli birnäçe içerki gatnawyny, şol sanda Türkmenabat – Türkmenbaşy gatnawlaryny ýatyrmagy, dynç almak üçin Awaza barýan lebaplylaryň ýoluna böwet boldy. Ýagdaýdan nägile bolan ýerli ýaşaýjylar “gaharyny” ýollanma satyn alan ýerli syýahatçylyk kompaniýasyndan çykardy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Howa menzillerindäki uçuş-gonuşlar barada habar berýän airportia.com neşirine görä, Türkmenabatdan Türkmenbaşy şäherine soňky iki hepdäniň dowamynda 28-nji iýulda we 4-nji awgustda “Türkmenhowaýollarynyň” iki uçar gatnawy amala aşyryldy, ýöne 14-nji iýul, 21-nji iýul we 11-nji awgust uçar gatnawlary ýerine ýetirilmedi. Ýöne 10-njy awgustda Türkmenbaşy – Türkmenabat gatnawy amala aşyryldy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji iýulda Türkmenabatdan otly we uçar gatnawlarynyň ýatyrylandygyny habar berdi.

Habarçymyz öz çeşmelerine salgylanyp, uçar gatnawlarynyň tehniki näsazlyk sebäpli ýatyrylandygyny habar berýär.

Ne “Türkmenhowaýollary”, ne-de “Türkmendemirýollary” içerki otly we uçar gatnawlarynyň bölekleýin ýerine ýetirilmegi barada beýanat berýär.

Bu ýagdaý haýsy ugurlaryň togtadylandygy, haýsy ugurlaryň dowam edýändigi barasynda ýolagçylary alasarmyk ýagdaýa salýar.

Mundan ozal, “Demirýollary” kompaniýasy iýulyň başlarynda yssy howa şertleri sebäpli içerki käbir otly gatnawlarynyň togtadylýandygyny mälim etdi.

Koronawirus pandemiýasynyň arasynda Türkmenistanda şäherara otly gatnawlary geçen ýylyň tomsunda çäklendirildi we şu ýylyň martynda bu çäklendirmeler tapgyrlaýyn gowşadylyp başlandy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, Türkmenabat – Türkmenbaşy uçar gatnawlarynyň togtadylmagy Awaza gitmegi planlaşdyryp, ýollanma satyn alan ýüzlerçe ýerli ýaşaýjynyň gününi kynlaşdyrdy.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan birnäçe ýaşaýjy özleriniň Awaza gitmek üçin bir hususy syýahatçylyk kompaniýasynyň üsti bilen ýollanma satyn alandyklaryny, dynç aljak otellerini we uçar peteklerini öňünden sargandyklaryny aýdýarlar. Ýöne uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagyndan soň öz sargytlarynyň güýjüni ýitirendigini aýdyp, ýerli syýahatçylyk kompaniýasyna nägilelik bildirýärler.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, ýerli turizm kompaniýasy syýahatçylara Awaza gitmek üçin zerur bolan saglyk kepilnamasynyň, migrasiýa rugsatnamasynyň taýýarlanylmagyna ýardam bermegi hem-de waksina çykdajylaryny öz üstüne alýar.

Ýatlasak, Türkmenistanda bu tomus welaýatlardan we Aşgabatdan Awaza barmak üçin saglyk barlagyndan geçmek, koronawirusa garşy waksina kabul etmek we ýerli migrasiýa bölüminden rugsat almak talaplary girizildi.

Ýerli syýahatçylyk kompaniýasy bu hyzmatlar üçin her bir ýolagçydan 200-1000 manat aralygynda töleg kabul edipdir.

Şeýle-de, kompaniýa Awaza barýan ýaşaýjylar üçin bellenen günlere deňiz kenaryndaky myhmanhanalardan otag sargapdyr. Ýüzlerçe ýaşaýjy bular üçin zerur bolan tölegleriň ählisini öňünden syýahatçylyk kompaniýasyna geçiripdirler. Indi bolsa, olar uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagy sebäpli ýüze çykan bulaşyklyk üçin hususy syýahatçylyk kompaniýasyny aýyplaýarlar.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, ýoldan galan ýaşaýjylaryň arasynda syýahatçylyk kompaniýasynyň iki sany işgärine topulan adamlar hem bolupdyr.

Türkmenabatda otly we uçar gatnawlarynyň çäklendirilmegi sebitde koronawirus ýokanjynyň möwjeýän wagtlaryna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG