Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýolgaçy otly biletlerini onlaýn satyn almaly, ýöne onlaýn söwda kadaly işlemeýär


Türkmenistan. Ýolagçy otlusy.
Türkmenistan. Ýolagçy otlusy.

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýolagçy otly biletleriniň onlaýn satylmagyny ýola goýdy. Ýöne ýolagçylar otly biletleriniň onlaýn söwdasynyň kadaly işlemeýändigini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan ýolagçylaryň sözlerine görä, bir otly peteginiň bir wagtda üç-dört adama satylýan halatlary hem ýüze çykýar.

“Bu bolsa adamlaryň arasynda mesele döredýär” diýip, bir ýolagçy aýdýar. Turkmen.news neşiriniň 17-njy iýun habaryna görä, elektron otly peteklerinde ýolagçynyň at-familiýasy görkezilmeýär, diňe wagonyň belgisi we oturgyjyň belgisi görkezilýär.

Nädip bir elektron biletini bir wagtda üç-dört adama birden satyp bolýar? Azatlyk Radiosy munuň jikme-jikligini öwrenip bilmedi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, otly biletleriniň onlaýn söwdasynyň ýola goýulmagy bilen, Lebabyň otly beketlerinde kassalar ýapylmaga başlady, kassirler işden boşadylýar.

Kassirleriň köpçülikleýin işden boşadylmagy ýurtda ýiti ykdysady krizisiň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.

Türkmenistan pandemiýanyň fonunda geçen tomus sebitara ýolagçy otly gatnawlaryny çäklendirdi, ýöne martdan başlap, otly hereketine girizen çäklendirmelerini tapgyrlaýyn gowşatdy.

Turkmen.news neşiri 24-nji iýunda Türkmenistanda otly biletleriniň indi diňe onlaýn satylýandygyny, ýöne onlaýn petek söwdasynyň kadaly işlemeýändigini habar berdi.

“Demirýollary” kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, ýolagçylar diňe “Altyn Asyr” töleg kartlary arkaly onlaýn bilet satyn alyp bilýär.

Ýöne turkmen.news neşiriniň habaryna görä, “Altyn Asyr” töleg kartlary bilen petek satyn almak üçin kartyň CVC kody gerek we bu kod “Altyn Asyr” bank kartlarynyň ählisinde elýeterli däl, diňe käbirinde elýeterli.

“Demirýollary” CVC kody ýok kartlar üçin banklara ýüz tutulmagyny maslahat berýär.

Türkmenabatly bir ýaşaýjynyň sözlerine görä, onlaýn bilet satyn alyp bilmeýän ýolagçylar otly “prowodnikleri” bilen resmi däl görnüşde ylalaşyp, otla münýärler, ýöne şeýle bikanun ýolagçylygyň bahasy resmi nyrhdan gymmada düşýär.

“Demirýollary” kompaniýasynyň web-saýtyna görä, Aşgabat – Türkmenabat ugry boýunça bir adamlyk bilediň bahasy plaskart üçin 24 manat 50 teňňe, küpe üçin 45 manat 10 teňňe. Bu bahalar dollaryň resmi çalşyk bahasy boýunça degişlilikde 7 dollar we 13 dollar bolýar; gara bazaryň bahasy boýunça 80 sent we 1,5 dollar töwereklerinde bolýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir lebap ýaşaýjysy onlaýn bilet söwdasyna Internetiň pes hiliniň hem päsgelçilik döredýändigini aýdýar.

Türkmenistan esasan soňky bäş-alty ýylyň dowamynda maliýe ulgamlaryny digitallaşdyrmak çärelerini güýçlendirdi. Ilatyň aýlyk haklary, döwlet kömek pullary we pensiýalary bank kartlaryna geçirilýär. Ýöne raýatlar pullaryny nagtlaşdyrmakda, bank kartlary arkaly onlaýn töleg tölemekde ýa-da terminallaryň üsti bilen töleg geçirmekde ýygy-ýygydan dürli kynçylyklara sezewar bolýarlar.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýän progres.online neşiriniň barlaglaryna görä, Türkmenistanda ilatyň diňe 2 göterimi onlaýn söwda amala aşyrýar, galyberse-de ilatyň 41 göterimi bank kartlaryndan peýdalanýar.

Turkmen.news neşiri “Demirýollary” kompaniýasyndan onlaýn petek satyn almak üçin zerur bolan “Altyn Asyr” bank kartynyň CVC koduny SMS arkaly kabul etmek mümkinçiliginiň bardygyny, ýöne munuň üçin kartyň eýesiniň şahsy maglumatlarynyň, pasport belgisiniň we bank kartynyň belgisiniň zerurdygyny habar berýär. Bankdan SMS kabul etmek üçin ilki bu hyzmata ýazylmaly. Eger-de bu hyzmat birikdirilmedik bolsa, banka baryp açdyrmaly.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapda ýolagçy otlulary üçin onlaýn bilet söwdasynyň ýola goýulmagy bilen bilet satylýan kassalarda kassirleriň işden boşadylýandygyny habar berýär.

Aziýanyň ösüş bankynyň 2021-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň demir ýol ulgamlary boýunça çap eden seljermelerine görä, “Türkmendemirýollary” agentliginiň 7 müň töweregi işgäri bar.

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine “Türkmendemirýollary” agentligi 93 göterim paýly gatnaşýar. Türkmenistanyň Transport we logistika merkezi “Demirýollaryndan” 2 göterim paý alýar. Paýlaryň galan 5 göterimi Türkmenistanyň “Altyn Asyr” mobil aragatnaşyk kompaniýasyna degişlidir. “Altyn Asyr” kompaniýasy ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolup, onuň paýlarynyň eýeleri jemgyýetçilige mälim edilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG