Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetliler giň ýaýran düzgün bozmalar arasynda, saýlawlaryň soňky gününde ses berýär


Ses berişligiň ikinji güni.
Ses berişligiň ikinji güni.

Orsýetliler 19-njy sentýabrda, giň ýaýran bidüzgünçilikler we tussaglykdaky oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalna garşy görlen täze çäreler arasynda, üç gün dowam eden parlament saýlawynyň jemleýji gününde ses berýär. Häkimiýetleriň başga pikirlileri we kesgin tankytçylary basyp ýatyrmagy, garaşsyz metbugaty ysgyndan gaçyrmagy netijesinde, Kreml tarapyndan goldanýan dolandyryjy partiýanyň, “Bitewi Russiýanyň” parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanmagyna garaşylýar.

Ýöne, saýlawdan öňki pikir soramalaryň görkezmegine görä, meşhurlygynyň 30 göterime çenli aşak gaçmagy bilen, prezident Wladimir Putini goldaýan partiýanyň parlamentde iň ýokary köplük derejesini ýitirmegi hem ähtimal bolup görünýär.

“Bitewi Russiýanyň” 450 orunlyk Döwlet dumasyndaky häzirki köplügi, ýagny sesleriň dörtden üç bölegine eýe bolmagy partiýa düýpli ygtyýarlyklary berýär. Bu ýagdaý partiýa, geçen ýyl Putiniň 2024-nji ýyldan soň ýene iki möhlet prezident saýlanmagyna ýol açmak üçin görlen çärelerde edilişi ýaly, konstitusiýany üýtgetmek mümkinçiligini hem berýär.

Ýurduň ikinji güýçli partiýasy bolan kommunistler häzirki pursatda “Bitewi Russiýanyň” hasabyna, parlamentde iň köp orun aljak syýasy güýç hasaplanýar.

Kommunistler gartaň orsýetlileriň arasynda güýçli goldaw tapýarlar, ýöne bu gezek olar Nawalnynyň tarapdarlaryndan hem goşmaça goldaw alyp biler öýdülýär.

Nawalnynyň strategiýasy “Akylly ses beriş” başlangyjyna, Putine garşy çykýan saýlawçylaryň oppozisiýa seslerini bölmezlik üçin, “Bitewi Russiýa” kandidatyny ýeňmekde iň gowy mümkinçiligi bolan dalaşgärleri kesgitlemek üçin öňe sürlen gurala daýanýar.

Parlamentdäki kommunistler we beýleki iki partiýa köplügiň tekliplerine seýrek garşy çykýan ýa-da Kremle aç-açan gol ýapýan hem bolsa, bu başlangyç esasynda kesgitlenen kandidatlaryň köpüsi Kommunistik partiýadan bolup çykdy.

"Bitewi Russiýa” partiýasy üstünlik gazansa, biziň ýurdumyz ýene bäş ýyl garyplyk, bäş ýyl gündelik repressiýa we bäş ýitirilen ýyl ýyl bilen ýüzbe-ýüz bolar" diýip, Nawalnynyň Instagram hasabynda saýlawyň öňüsyrasynda ýerleşdirilen beýanatda aýdylýar.

Soňky aýlarda häkimiýetler Nawalnynyň syýasy ulgamyna garşy görýän basyşlaryny güýçlendirip, ony "ekstremist gurama" diýip atlandyrdylar we syýasatçynyň ýaranlarynyň saýlawlara gatnaşmagyny gadagan etdiler.

17-nji sentýabrda ses berişligiň başlanmagy bilen, Nawalnynyň saýlaw-gollanma programmasy “Apple” we “Google” kompaniýalarynyň onlaýn dükanlaryndan ýitirim boldy, türmede oturan oppozisiýa sysatçysynyň egindeşleri bu ýagdaýy senzura hem-de Kremliň basyşlaryna boýun egmek hökmünde häsiýetlendirdi.

Meşhur habarlaşma programmasy, Nawalnynyň toparynyň habarlaşmak üçin ulanýan esasy ulgamlarynyň biri bolan “Telegram” hem “Akylly ses beriş” botyny aýyrdy.

“Telegramyň” esaslandyryjysy Pawel Durow millionlarça orsýetliniň bu hyzmat arkaly “Akylly ses berişe” girip bilendigine buýsanýandygyny, ýöne ses berişlik wagtynda Russiýanyň saýlaw kampaniýalaryny gadagan etmegine laýyklykda, saýlaw bilen baglanyşykly botlaryň aýrylandygyny aýtdy.

Soňra, 18-nji iýul güni giçlik Nawalnynyň topary YouTube kanalynyň hem öz goldan kandidatlarynyň atlarynyň aýdylýan wideolaryndan birini aýrandygyny aýtdy.

Sebit häkimleri we ýerli kanun çykaryjy mejlisler üçin geçirilen saýlawlary öz içine alýan ses berişlik giň ýaýran bidüzgünçilik aýyplamalary bilen utgaşdy.

Saýlawyň ilkinji gününde saýlaw uçastoklarynda adaty bolmadyk uzyn nobatlar döredi, saýlawlara gözegçilik edýän garaşsyz “Golos” toparynyň pikirine görä, bu ýagdaý dolandyryjy partiýanyň döwlet işgärlerini we harby işgärleri ses bermäge mejbur etmegi bilen bagly.

“Golos” ses berişligiň ilkinji güni sesleriň satyn alynýandygyny görkezýän 2000 töweregi prosessual düzgün bozmany hasaba aldy.

Garaşsyz toparyň maglumatyna görä, adamlaryň gaýtalap, birnäçe gezek ses berendikleri, şeýle-de saýlaw býulletenleriniň toplanyp atylýandygy barada onlarça maglumat bar.

Emma mümkin bolan mejbury ses berişlige garamazdan, Merkezi saýlaw komissiýasynyň (MSK) 19-nji sentýabrdaky maglumatyna görä, saýlaw uçastoklaryndaky umumy ses berişlik Moskwa wagty bilen ir sagat 10-e çenli bary-ýogy 35,7 göterim boldy.

Kommunistik partiýanyň başlygy hem 18-nji sentýabrda saýlawda giň ýaýran düzgün bozmalaryň bolandygyny öňe sürdi. Gennadiý Zýuganow Merkezi saýlaw komitetiniň birnäçe sebitde bolan saýlaw bidüzgünçilikleri, şol sanda býulletenleriiň toplanyp atylyşy baradaky “aýylganç faktlar” hakynda berlen habarlara jogap bermelidigini aýtdy.

Sankt-Peterburgdaky garaşsyz saýlaw gözegçilik topary oppozisiýadaky Ýabloka partiýasyndan bir dalaşgäriň 19-njy sentýabrda, N1459 saýlaw uçastogyndaky polisiýa işgärleri tarapyndan ýenjilendigini habar berdi.

Ýerli kanun çykaryjy mejlisine dalaş edýän Nikita Sorokin biraz öň polisiýa jaň edip, saýlaw uçastogynda 200 bilen 300 aralygyndaky ulanylmadyk býulleteniň şübheli ýagdaýda ýitirim bolandygyny aýtdy diýip, “Peterburg gözegçileri” habar berdi.

Aktiwistler tarapyndan paýlaşylan wideo, beýleki birnäçe gözegçiniň bu ýerden zor bilen aýrylýan wagtynda, Sorokine azyndan üç ofiseriň topulandygyny görkezýär.

MSK-nyň başlygy Ella Pamfilowa RF-nyň bäş ýerinde, şol sanda saýlaw gutularynyň dykylyp doldurylan ýeri bolan Braýansk sebitinde, býulletenleriň hiliniň pesligi sebäpli Mordowiýada, nädogry hasaba alyş sebäpli Moskwada 6203 býulleteniň güýçsüz edilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG