Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti Özbegistana bardy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde), Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Daşkent

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow prezident Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça 4-nji oktýabrda resmi sapar bilen Daşkende bardy.

Özbegistanyň prezidentiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Daşkentiň halkara howa menzilinde duşuşdy.

"Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň başlygy bilen bilelikde Garaşsyzlyk meýdanyna baryp, Garaşsyzlyk we Gumanizm ýadygärligine gül goýdy" diýilip, resmi habarda aýdylýar.

Özbegistanyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň arasyndaky gepleşikler 5-nji oktýabrda, Koksaroý rezidensiýasynda bolar.

Türkmen hökümeti Berdimuhamedowyň Özbegistana sapar etjekdigini anyk senesini aýdyňlaşdyrmazdan geçen hepde mälim edipdi.

28-nji sentýabrda Regnum habar gullugy özbek hökümetindäki çeşmelerine salgylanyp, Berdimuhamedowy Daşkentde oktýabryň başky günlerinde garaşýandyklaryny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary ýurduň gündogaryndaky Türkmenabat şäheriniň prezident Berdimuhamedowyň goňşy Özbegistana saparyndan dolanyp gelmegine öňünden taýaýrlanýandygyny 30-njy sentýabrda habar beripdi.

4-nji oktýabrda prezident Berdimuhamedowyň Daşkende ugramagyna garaşylýar. Ol soňy bilen dolananda, Türkmenabadyň aeroportynda COVID testini tabşyrmaly bolar. Bu sebäpli eýýäm bir hepde töweregi wagt bäri şäheriň ähli býujet işgärlerini mejbury ýowarlara çekýärler, köçeleri abatlaýarlar” diýip, Azatlygyň bu ýagdaýlardan habarly çeşmeleriniň biri 30-njy sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Berdimuhamedow Özbegistana 2018-nji ýylyň aprelinde döwlet sapary bilen barypdy, şeýle-de 2019-njy ýylyň noýabrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň prezidentleriniň ikinji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin iş saparyny amala aşyrypdy.

13-14-nji sentýabr aralygynda wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Daşkende sapar edip, türkmen-özbek hökümetara toparynyň birinji mejlisine gatnaşypdy. Şonda taraplar söwda dolanyşygyny 1 milliard dollara ýetirmek we serhet söwda zolagyny döretmek barada ylalaşypdylar.

Şeýle-de, geçen hepde Lebap welaýatynyň wekiliýetçilik topary Özbegistanyň Buhara regionyna we Daşogzuň delegasiýasy demirgazykdaky goňşy döwletiň Horezm sebitine sapar edipdiler.

Trend habarlar gullugynyň maglumatyna görä, şu ýylyň ýanwar-iýul aralygynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 351,8 million dollara deň bolupdyr. 2021-nji ýylyň ýedi aýynyň jemleri boýunça Türkmenistana özbek eksportynyň mukdary 100,9 million dollara deň bolupdyr. Bu wagt aralygynda Özbegistan hem 250,9 million dollarlyk türkmen harytlaryny import edipdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG