Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-niň Warşawadaky ýygnagynda Türkmenistanyň wekili Ömrüzak Omargulyýewiň ykbaly barada beýanat berdi


Ömrüzak Omargulyýew harby geýimli (ortada). 2019-njy ýylyň sentýabrynda internetde peýda bolan wideodan alnan pursat.

Türkmenistanyň resmisi üç ýyldan gowrak mundan öň ýitirm edilen Ömrüzak Omargulyýew barada ilkinji gezek beýanat etdi. ÝHHG-niň Adam hukuklary boýunça maslahatynyň (ODIHR ​) 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Warşawada geçirilen ýygnakda çykyş eden Türkmenistanyň wekili Ömrüzak Omargulyýewiň ýakynda harby gullugyny üstünlikli tamamlandygyny we oňa garşy heniz jenaýat işiniň ýokdugyny habar berdi.

Türkmen resmisiniň beýanaty, ýygnaga gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklarynyň we raýat azatlyklarynyň bozulmagy baradaky soraglaryna we beýanatlaryna jogap boldy.

"Gynansagam, çykyş edenleriň käbiri konferensiýanyň programmasynda beýan edilen temalar barada gürlemegiň ýerine käbir gatnaşyjy ýurtlarda, şol sanda meniň ýurdumda-da ýagdaýlar barada gürledi. Biz bu esassyz aýyplamalar barada teswir bermek islemeýäris, ýöne muňa garamazdan habar berýäris Türkmenistanyň raýaty Ömrüzak Omargulyýewiň ýaňy-ýakynda harby gullugyny üstünlikli tamamlandygyny we türmä eltip biljek jenaýat işiniň ýokdugyny aýdýarys. Häzirki wagtda ol maşgalasy bilen ýaşaýar we işini dowam etdirýär "- diýip, ÝHHG-niň ýygnagynda Türkmenistan tarapyndan 15 oktýabrda çykyş eden ady görkezilmedik türkmen resmisi aýtdy.

Bu çykyş, resmi Aşgabadyň 2018-nji ýylda Türkiýeden Türkmenistana baransoň ýitirim bolan Omargulyýewiň ykbaly barada beren ilkinji teswiridir.

ÝHHG-niň Adam hukuklary boýunça konferensiýasynyň 2021-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda jemleýji mejlisiniň wideo ýazgysynda çykyş eden Türkmenistanyň delegasiýasynyň wekiliniň ady görkezilmedi.

Ýaş türkmen aktiwisti Ömrüzak Omargulyýew 2018-nji ýylyň mart aýynda türkmen diplomatlary tarapyndan Türkiýeden Aşgabada alnyp barylandan soň ýitirim boldy. Omargulyýew, özüne Aşgabatdan Türkiýä gitmäge rugsat berilmeýändigi barada Azatlyga we beýleki garaşsyz neşirlere habar berenden soň ýitirim boldy. Onuň kömek üçin ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasyna hem ýüz tutandygy mälim boldy.

Omargulyýewiň 2018-nji ýylyň 11-nji martynda ýitirim bolmagynyň öňüsyrasynda Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, ol şol ýylyň fewral aýynyň ortalarynda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisiniň türkmen ýaşlarynyň wekili hökmünde parlament saýlawlary bilen baglanyşykly wakalara gatnaşmak üçin öz watanyna gitmek teklibi boýunça Aşgabada barypdyr. Ilçi Ömrüzaga Türkmenistanyň mejlisinde çykyş etmegi hem teklip edipdir. Aktiwist çäreleriň birine gatnaşyp, şondan soň belli bir senä öňünden satyn alnan bileti bilen Türkiýä gitmek kararyna gelipdi. Emma dessine ýitirim boldy.

Şol ýylyň 9-njy we 11-nji iýunynda Azatlyk Radiosy Ömrüzak Omargulyýewiň Owadandepe türmesindedigi we käbir maglumatlara görä, 20 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilinjekdigi barada maglumat aldy. Türkmenistanyň häkimiýetleriniň Türkiýedäki türkmen talyplary jemgyýetini döreden aktiwisti nämede günäkärleýändigi belli bolmady.

2019-njy ýylyň sentýabr aýynda internetde Ömrüzak Omargulyýewiň 17 aý bäri gulluk edýändigi aýdylýan şübheli wideo peýda boldy we ozal ölendigi habar berlen kakasy Şirinbaý Omargulyýewiň diridigi aýdyldy. Şol wideonyň peýda bolmagy Warşawada ÝHHG-niň adam hukuklary boýunça 2019-njy ýylyň konferensiýasynda Ömrüzagyň ykbalynyň ara alnyp maslahatlaşylan pursadyna gabat geldi.

Günbatar hökümetleri we halkara guramalary Omargulyýewiň ykbaly barada alada bildirýärler we türkmen hökümetinden onuň ykbaly barada maglumat talap edýärler.

Omargulyýewiň ýitirim bolmagynyň üç ýyllygynda halkara guramalary, ABŞ-nyň täsirli senatorlary we syýasatçylary türkmen häkimiýetlerinden ony dessine boşatmaga çagyrdylar.

2020-nji ýylyň iýulynda ABŞ-nyň prezidentligine öňki kandidat Mitt Romni bilen birlikde ABŞ-nyň 12 senatory Ömrüzak Omargulyýew we Gulgeldi Annanyýazow ýaly syýasy tussaglary boşatmaga çagyrdy.

Geçen ýylyň iýun aýynda ABŞ-nyň ÝHHG-däki ilçisi Jeýms S. Gilmore, Türkmenistanda adam hukuklary meselesi ara alnyp maslahat edilende Omargulyýewiň goşuna çagyrylan ýagdaýynda onuň "şu wagta çenli harby gullugyny tamamlamalydygyna we okuwyny dowam etdirmäge mümkinçiliginiň bolmalydygyna ünsi çekdi".

"Olary diri görkeziň!" halkara kampaniýasy Ömürzak Omargulyýewi Türkmenistanda zor bilen ýitirim bolanlaryň ýüzlerçesiniň sanawyna goşdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG