Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk topary Türkiýäni türkmen aktiwistlerini deportasiýa etmezlige çagyrýar


Geçen ýyldan bäri türkmen raýatlary Türkiýede, Birleşen Ştatlarda we Demirgazyk Kiprde awtoritar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa garşy protestleri geçirýärler.

Human Rights Watch (HRW) guramasy Türkiýäni iki türkmen aktiwistini yzyna – Türkmenistana ugratmazlyga çagyrdy. Hukuk topary olaryň sudsuz tussag edilmek we gynamalara duçar bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüzdügini belledi.

Türk häkimiýetleri 18-22-nji oktýabr aralygynda üç aktiwisti – Ahmet Rahmanowy, Kamil Abulowy we Baýram Allalyýewi sakladylar we Stambuldaky deportasiýa merkezine ýerleşdirdiler. Human Rights Watch tassyklanmadyk maglumatlar esasynda olaryň deportasiýa edilmek howpunyň bardygyny duýdurdy.

HRW 26-njy oktýabrda giçlik häkimiýetleriň Rahmanowy azatlyga goýberendigini habar berdi. Mundan öň, düýbi Bolgariýada ýerleşýän adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondy Rahmanowyň ençeme günläp açlyk çekendigini aýdypdy.

Rahmanowyň azat edilmezinden öň, HRW Türkiýäniň migrasiýa resmilerine ýollan hatynda üç türkmen aktiwistini zor bilen Türkmenistana ugratmazlyga, olary aklawçy bilen üpjün etmäge, şeýle-de tussaglykdan boşadyp, Türkiýede kanuny taýdan galmaklaryna rugsadyň berilmegine çagyrypdy.

Rahmanow boşadylandan soň, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän hukuk topary türk resmilerinden tussaglykdaky beýleki iki türkmen aktiwistini hem dessine azat etmäge çagyrdy.

“Türk hökümeti tussaglykdaky iki türkmen aktiwistini Türkmenistana deportasiýa etmek planlaryndan el çekmelidir. Aktiwistleriň Türkmenistanda sudsuz tussag edilmek we gynamalara duçar bolmak howpy bar” diýip, Human Rights Watch guramasy 27-nji oktýabrda ýaýradan beýanatynda nygtady.

“Türk resmileri olary deportasiýa merkezindäki tussaglykdan dessine azatlyga goýbermeli” diýip, beýanatda aýdylýar.

Soňky aýlarda Türkiýedäki türkmen aktiwistlerine edilýän hüjümler ýygjamlaşdy, şeýle-de olaryň Türkmenistandaky ýakynlaryna hem basyşlar güýçlendi.

Geçen ýyldan bäri türkmen raýatlary Türkiýede, Birleşen Ştatlarda we Demirgazyk Kiprde awtoritar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa garşy protestleri geçirýärler.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary we hukuk toparlary Berdimuhamedowyň 2006-njy ýylda ozalky awtoritar lider Saparmyrat Nyýazowyň ölüminden soň häkimiýete geçmegi bilen, dissidentleriň sesini basyp ýatyrandygyny, şeýle-de berk çäklendirmeli ýurtdaky ýagdaýlary üýtgetmek boýunça oňaýly çäreleri görmändigini aýdýarlar.

“Türkmenistan uzak wagtdan bäri hökümetiň parahatçylykly tankytçylaryny gazaply jezalandyryp gelýär” diýip, Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory Reýçel Denber belledi.

“Aktiwistleriň Türkmenistana dolanmagyndan soň, olaryň yzarlamalara, şol sanda gynamalara we beýleki ýowuzlyklara duçar edilmek, şeýle-de zor bilen ýitirim edilmek howpy bar. Türkiýe adamlary olaryň ýowuzlyklara duçar bolup biljek islendik ýerine ugratmazlygy baradaky özüniň halkara borçnamalaryna ygrarly bolmalydyr” diýip, Denber sözüne goşdy.

Düýbi Bolgariýada ýerleşýän adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondy birnäçe çeşmäniň türk häkimiýetlerinde Türkiýede ýaşaýan 25 türkmen aktiwistiniň sanawynyň bardygyny aýdandygyny belleýär.

Hukuk topary bu sanawa girizilen adamlaryň Türkmen hökümetiniň tabşyrygy esasynda saklanmak ýa-da deportasiýa edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüzdügine ynanmaga esaslarynyň bardygyny aýdýar. Bellesek, hem Abulowyň, hem-de Allalyýewiň atlary bu sanawda bar.

Rahmanow mundan ozal sosial ulgamlarda türkmen hökümetini aç-açan tankyt etdi. Ol daşary ýurtlardaky türkmen raýatlarynyň, şol sanda Türkiýedäki türkmenistanly migrantlaryň pasport problemalary boýunça Azatlyk Radiosyna wideo interwýu hem beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG