Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan Türki Geňeşiň sammitinde gurama synçy hökmünde kabul edildi


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Geňeşiň sammitinde. Stambul. 12-nji noýabr

12-nji noýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Stambul şäherinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki Geňeş) VIII sammitine gatnaşdy.

Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň prezidentleriniň, şeýle-de Wengriýanyň premýer-ministriniň we Geňeşiň baş sekretarynyň hem gatnaşmagynda geçirilen sammitiň dowamynda Türkmenistan geňeşe synçy hökmünde kabul edildi.

Mundan owal, BMG tarapyndan hemişelik bitaraplyk statusy ykrar edilen Türkmenistan, synçylara görä, özüniň bitaraplyk statusyna salgylanyp, birnäçe halkara guramalara, şol sanda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine goşulmakdan çetde durýardy.

Sammita gatnaşyjylar
Sammita gatnaşyjylar

TDH-nyň sammitiň netijeleri boýunça 12-nji noýabrda çap eden maglumatyna görä, Berdimuhamedow ýurduň geňeşe synçy hökmünde girmegi hakyndaky çözgüdi “Türkmenistanyň türki dünýäniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygynda hil taýdan täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýan örän möhüm taryhy waka” diýip, häsiýetlendirdi.

Şeýle-de, sammitiň dowamynda 2009-njy ýylda esaslandyrylan Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň ady “Türki Döwletleriň Guramasy” diýlip üýtgedildi.

Mundan başga-da, sammite gatnaşyjylar “Sanlylaşdyrma döwründe ‘ýaşyl’ tehnologiýalar we ‘akylly’ şäherler” diýen mesele babatda döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Üçünji ýurtlar we edaralar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň şertlerini kesgitlemek, Türki maýa goýum gaznasyny döretmek we 2040-njy ýyla çenli türki dünýäniň maksatnamasyny tassyklamak esasy meseleleriň hatarynda boldy diýip, TDH habar berýär.

Berdimuhamedow öz çykyşynda Geňeşiň işini gowulandyrmak boýunça teklipler bilen hem çykyş etdi. Ol BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, beýleki halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Berdimuhamedow anyklaşdyrmazdan “sebit gapma-garşylyklarynyň güýçlenýändigini” aýdyp, olaryň öňüni almak maksady bilen, diplomatik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge çagyrdy.

Sammitde Guramanyň başlyklygy Azerbaýjandan Türkiýä geçdi, şeýle-de oňa gatnaşyjy döwlet baştutanlary sammitiň jemleri boýunça beýleki dokumentler bilen birlikde, Stambul jarnamasyna hem goý goýdular.

Sammitiň çäklerinde türkmen prezidenti Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan we gyrgyz prezidenti Sadyr Žaparow bilen hem duşuşdy.

Berdimuhamedow şol gün yzyna – Türkmenistana dolandy.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Türki Geňeşiň Stambul sammitiniň öň ýany, hususan-da sentýabr, oktýabr aýlarynda Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly aktiwistlere türk häkimiýetleri tarapyndan basyşlaryň güýçlenendigini habar berdiler.

Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmeleri Türkmenistanyň hökümetiniň Türk Geňeşine goşulmagyň öwezine Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly aktiwistlere basyş edilmegini şert goşandygyny ​habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG