Aklawçy Beka Basilaia 18-nji noýabrda özüniň türme keselhanasyna baryp göreninde Saakaşwiliniň huşuny ýitirendigini aýtdy.
Jeza beriş edarasy soňra beýanat çap edip, Saakaşwiliniň saglyk ýagdaýynyň kadalydygyny aýtdy.
Bir gün ozal, Jemgyýetçilik aklawçysy edarasy tarapyndan döredilen saglyk topary Saakaşwiliniň saglyk ýagdaýynyň “agyrdygyny”, hem-de onuň kadaly bejergi üçin türme keselhanasyndan raýat keselhanasynyň intensiw bölümine geçirilmelidigini maslahat berdi.
Saglyk topary öňki prezidentiň böwrek we newrologik problemalardan ejir çekýändigini aýtdy. Topar onuň saglyk ýagdaýynyň “ýakyn geljekde” erbetleşmeginiň mümkindigini aýtdy.
Hökümet Saakaşwiliniň kanagatlanarly saglyk bejergisini alýandygyny, hem-de onuň protest geçirýän tarapdarlarynyň raýat keselhanasyna hüjüm etmeginiň mümkindigini aýdyp, onuň türme keselhanasyndan çykarylmagyny ret etdi.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti Saakaşwiliniň ýagdaýyny ýakyndan yzarlaýandygyny aýdyp, beýanat çap etdi.
“Biz Gürjüstanyň Jemgyýetçilik aklawçysy edarasynyň jenap Saakaşwiliniň saglygyny barlamak üçin we türme keselhanasynyň lukmançylyk üpjünçiliklerini barlamak üçin garaşsyz saglyk toparyny döretmegine ýokary baha berýäris” diýip, 18-nji noýabrda Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs aýtdy.
“Biz Gürjüstanyň hökümetini jenap Sakaşwilä adalatly we mertebeli çemeleşmäge, şeýle-de Jemgyýetçilik aklawçysynyň degişli bejergi baradaky tekliplerine gulak asmaga çagyrýarys” diýip, beýanat aýtdy.
Ýerli saýlawlaryň öňüsyrasynda oppozisiýa kampaniýalaryny geçirmek üçin, sekiz ýyl arakesmeden soň, ýurda dolanan Saakaşwili 1-nji oktýabrda tussag edildi. Ol soňra açlyk yglan etdi.
2004 – 2013-nji ýyllar aralygynda ýurda ýolbaşçylyk eden Saakaşwili boýunça 2018-nji ýylda wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanmakda we oppozisiýa deputatynyň ýenjilmegi baradaky subutnamany bassyr-ýussur etmäge synanyşmakda iş kesildi.
Saakaşwili özüne bildirilýän aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdýar. Onuň müňlerçe tarapdary oktýabryň başlaryndan bäri tussag etmä garşy protest geçirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.