Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Olary diri görkeziň!” kampaniýasy zorlukly ýitirim edilenleriň täzelenen sanawyny çap etdi


"prove they alive" courtesy photo

“Olary diri görkeziň!” halkara adam hukuklary kampaniýasy 2021-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň türmelerinde ýitirim bolanlaryň täzelenen sanawyny çap etdi diýip, “Gündogar” neşiri habar berýär.

Täzelenen maglumatlaryň girişinde aýdylmagyna görä, bu sanaw esasynda 2002-nji ýyldan bäri ýitirim bolanlaryň 162-sine degişli maglumatlar dokumentleşdirildi.

Ýitirim bolanlaryň (121) 2019-njy ýyldaky öňki sanawy bilen deňeşdirilende, 2016-njy we 2018-nji ýyllar aralygynda bolan hadyslar baradaky tassyklanan täze maglumatlar esasynda, ýitirim bolan adamlaryň sanawynyň has ulalandygyny görse bolýar. Sanawa soň girizilen adamlaryň atlary ozal, kampaniýanyň ýeterlik maglumatynyň ýoklugy sebäpli, başlangyç sanawa goşulmady diýip, adam hukuklaryny goraýjylar belleýär.

Adam hukuklaryny goraýjylar häzirki wagtda sanawdaky 162 adamyň 97-siniň dowamly ýitirim bolmaga degişlidigini bellediler. Bulardan 72 adamyň häzirki ýagdaýda ölendigine, boşadylandygyna ýa-da garyndaşlary bilen görşendigine degişli tassyklanan maglumat ýok ýa-da tassyklanmadyk maglumatlar bar (mysal üçin, bäş adamyň ölendigi barada tassyklanmadyk maglumat bar), 25 adamyň ýitirim bolmagy baradaky maglumatlaryň täzeden, goşmaça barlanylmagy gerek we şondan soň olar häzirki sanawdan aýrylyp bilner.

Mundan başga, tassyklanan we ygtybarly maglumatlar esasynda, mejbury ýitirim bolanlaryň sanawyna girizilen 65 adam häzirki işleriň sanawyndan aýryldy: 29 tussag tussaglykda öldi, 10 adam boşadyldy we 26 adam tussaglyk möhletini dowam etdirýär, ýöne olara garyndaşlary bilen görüşmäge, azyk düwünçeklerini almaga rugsat berildi.

Täzelenen sanawy düzýänleriň aýtmaklaryna görä, häkimiýetleriň ýitirim bolmagyň pidasy bolan tussaglaryň arasynda aradan çykanlaryň käbiri baradaky maglumatlary ýaşyrmagy dowam etdirýändiklerine ynanmaga esas bar.

Türkmen häkimiýetleriniň netijeli derňew geçirmekden ýüz öwürendigi nazara alynsa, bu işleriň käbiri, halkara hukugyna laýyklykda, kanundan daşary jezalandyryp öldürmek hasaplanylyp bilner.

Hasabata girizilen ähli maglumat üns bilen barlandy we tassyklandy. Şeýle-de bolsa, raýat azatlyklarynyň berk gysylmagy we daşary ýurt adam hukuklary guramalarynyň we halkara synçylarynyň ýurda girmeginiň gadagan edilendigi nazara alynsa, bu sanawyň doly bolmazlygy gaty mümkin.

“Olary diri görkeziň!” kampaniýasyna gatnaşyjylaryň habaryna görä, üç ýyl ozal Türkmenistanda zor bilen ýitirim bolanlaryň umumy sany birnäçe ýüz adama ýetýärdi.

Häzir çaklanylýan hadysalaryň sany has pes, ýöne muňa garamazdan, görkezijiler häkimiýetleriň zorlukly ýitirim etmek praktikasyny yzygiderli we ýokary derejede ulanýandygyny tassyklaýar diýip, habarda aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG