Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran generalynyň ölüm ýyl dönüminde Bagdatda iki dron urlup ýykyldy


Demonstrantlar Bagdadyň köçelerinde eýran generaly Kasem Soleýmanini öldüren hüjümiň ýyl dönümini belleýär.

Ýokary derejeli eýran generalynyň ABŞ dron hüjümi bilen öldürilmeginiň ikinji ýyl dönüminde ýokarlanýan sebit dartgynlygyň arasynda, 3-nji ýanwarda Amerikan güýçleriniň Bagdat Halkara howa menzilindäki harby desgalaryna ýakynlaşan iki ýaragly dron urlup ýykyldy diýip, howpsuzlyk çeşmeleri aýtdy.

“Yslam döwleti” (YD) ekstremist toparyna garşy göreşýän ABŞ ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň raketa hüjümlerinden goranyş ulgamlary “iki sany pilotsyz uçary anyklady we olar hiç hili hadysa ýol berilmezden urlup ýykyldy” diýip, koalisiýa çeşmesi AFP habar agentligine aýtdy.

Pilotsyz uçary “janyndan geçeniň drony” hökmünde suratlandyran koalisiýa resmisi AP habar agentligine “bu hadysasynyň raýat howa menziline edilen howply hüjüm bolandygyny” gürrüň berdi.

Yragyň howpsuzlyk resmileri bu hadysada hiç hili zyýan çekilmändigini ýa-da ýaralanan adamlaryň bolmandygyny tassyklady.

Eýranyň Yslam rewolýusiýa sakçylary korpusynyň “Kuds güýçlerine” ýolbaşçylyk eden general Kasem Soleýmani we yrakly leýtenant Abu Hamid al-Muhandis 2020-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Bagdat howa menziliniň golaýynda amala aşyrylan bir dron hüjümi bilen öldürildi.

Şol wagtky prezident Donald Tramp tarapyndan buýruk berlen howa hüjümi ABŞ-nyň Yrakdaky bähbitlerine edilýän hüjümlere jogap hökmünde amala aşyryldy.

Soleýmani Eýranyň Ýakyn Gündogardaky harby strategiýasynyň esasy arhitektory hasaplanýardy we onuň öldürilmegi Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlygy güýçlendirdi.

Soleýmaniniň ölüminden bäş gün soňra, Eýran ABŞ güýçlerini kabul eden Yrakdaky bir harby howa bazasyna we Yragyň Erbil şäherine golaý beýleki bir harby baza raketa atdy.

Ýakyn Gündogardaky dartgynlygyň alamaty hökmünde Ysraýylyň bir iri gazetiniň web-saýtyna 2-nji ýanwarda hakerler tarapyndan hüjüm edildi.

“Jerusalem Post” gazetiniň web-saýtyna edilen haker hüjümi saýtdaky çap edilen makalany bir surat bilen çalyşdy. Suratda iki ýyl mundan ozal dron hüjümi bilen öldürilen eýranly general, Kasem Soleýmaniniň ýumrugyndan raketanyň düşüşi görkezilýär. Ýumruk ondaky ýüzük sebäpli Soleýmani bilen ilteşdirilýär.

Suratdaky nyşana Ysraýylyň köpçülige mälim etmedik ýadro programmasy bilen ilteşikli bir Ýadro barlag merkezine meňzedilipdir.

“Biz Ysraýyla abanrýan göni howpdan we biziň web-saýtymyzyň ‘döwülmeginden’ habarly” diýip, iňlis dilinde çap edilýän neşir özüniň döwülendigini Twitter arkaly tassyklady.

Hiç bir topar haker hüjüminiň jogapkärçiligini öz üstüne almady.

“Jerusalem Post” neşirine görä, hakerleriň gelip çykyşy, olaryň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilendikleri, ýa-da olaryň Eýrandan bolandyklary ýa-da däldikleri barada maglumat ýok.

Bir gün ozal, ýüzlerçe demonstrant Soleýmaniniň öldürilmeginiň ýyl dönümini bellemek üçin Bagdadyň köçelerine çykdy.

31-nji dekabrda Eýranyň Daşary işler ministrligi Kasem Soleýmaniniň öldürilmegini “terror hüjümi” hökmünde ýazgaryp, munuň üçin “ABŞ hökümetiniň halkara derejesinde jogapkärçilik çekýändigini” Twitter arkaly aýtdy. Ministrlik bu waka boýunça Trampyň yztutary prezident Jo Baýdeniň administrasiýasyna yşarat edip, “Ak tam jogapkär” diýdi.

“YD” toparyna garşy halkara koalisiýa özüniň Yrakdaky “uruş missiýasyny” tamamlandygyny dekabrda yglan eden hem bolsa, yrak howpsuzlyk güýçlerine tälim bermek maksady bilen 2,500 töweregi ABŞ we 1,000 töweregi koalisiýa goşuny heniz hem Yrakda galýar.

Şeýle-de, 3-nji ýanwarda eýran goldawly “Husi” gozgalaňçylary möhüm halkara söwda we ýangyç transport ugry bolan Gyzyl deňizde Birleşen Arap Emirlikleriniň baýdagyny göterýän bir gämini ele geçirdi.

Şaýylardan düzülen “Husi” topary Hodeýda kenarynda bolan wakany tassyklady. Hodeýda Ýemende ýedi ýyl bäri dowam edýän urşuň esasy oljasy boldy.

Toparyň harby metbugat sekretary Ýahýa Sarei gämini Ýemeniň territorial suwlaryna tehnika alyp barýan “ygtyýarnamasyz” Emirlik “harby ýük gämisi” hökmünde suratlandyrdy we bu gäminiň Ýemeniň durnuklylygyna garşy “duşmançylyk hereketleri” bilen meşgullanmaga barýandygyny aýtdy.

“Husilere” garşy göreşýän Saud ýolbaşçylygyndaky koalisiýa “Husi” toparyny “ýaragly garakçylykda” aýyplady we gäminiň Saud Arabystanynyň Sokotra adasynda işi tamamlanan meýdan hassahanasyndan lukmançylyk enjamlaryny alyp barýandygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG