Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşulular ýaşlara hökümete garşy çykyşlara tomaşa etmezligi wagyz edip, olary deň-duşlaryny şugullamaga çagyrýar


Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat. (Illýustrasiýa suraty)

Türkmen häkimiýetleri ilatyň erkin maglumat almak hukuklaryny çäklendirmek işlerini güýçlendirmegi we daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistlerini garalamak kampaniýalaryny dowam etdirýärler. Marynyň häkimiýetleri bu işlere ýaşululary çekip, ýaşlary Internetde hökümete garşy çykyşlara tomaşa edýän deň-duşlaryny şugullamaga çagyrýar. Häkimiýetleriň bu çäreleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berdi.

Habarçymyz okuwçylaryň we talyplaryň ençemesine salgylanyp, soňky günlerde ýaşulularyň we mollalaryň orta we hünär mekdepleriniň okuwçylary hem-de ýokary okuw jaýlarynyň talyplary bilen duşuşyk geçirýändigini aýdýar.

"Bu duşuşyklar her gün bir mekdebiň aktlar zalynda geçirilýär. Ýaşulular okuwçylara we talyplara "ýurduň gülläp ösüp, öňe barýandygyna özleriniň ynanýandyklaryny we geljekki nesliň hem ynanmalydygyny" wagyz edýärler. "Ýöne Internetde biziň prezidentimizi ýamanlap çykyş edýänler bar. Olary çyn ýürekden gursagymyzda ýigrenç bilen kabul etmelidiris" diýip, ýaşulular belleýärler" diýip, ýygnaga gatnaşan ýokary synp okuwçysy anonimlik şertinde 27-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Şeýle-de, ýaşulular "Biziň ählimiz bir hojalyk ýaly agzybir, ýöne olar [Internetde çykyş edýänler] halkymyzy başga tarapa äkidip, azdyrmana başlajak bolýarlar diýip, sözlerini şeýle dowam etdirýärler.

"Biziň ýurdumyzda gan çaýkamak niýeti bolan adamlar hem bir ýerden peýda bolup, Internetde çykyş edip başladylar. Biziň, ýagny siziň araňyzda Internetde bolýan zatlary görýän, diňleýän we gürrüňini edýän deň-duşlaryňyz bar bolsa, siz özüňizi watançy hasap edýän bolsaňyz, onda hiç kime bildirmän, bu barada synp ýolbaşçylaryňyza duýduryň" diýip, maryly okuwçy duşuşykda çykyş eden bir ýaşulynyň sözlerini getirdi.

Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleriniň ýaşululary dürli wagyz-nesihat işlerine çekmegi däbe öwrüldi. Mundan ozal, olar ilat köpçüligi bilen duşuşyk geçirip, maska dakynmagy, köpçülik bolup ýygnanmazlyga, ýas ýerlerine barmazlygy ündediler. Mundan başga-da, türkmen TW-sinden görnüşi ýaly, Türkmenistanda ýaşulular propaganda ýazgylarynyň esasy bölümlerini hem düzýär.

Talyplaryň we okuwçylaryň sözlerine görä, ýaşulular özleriniň soňky duşuşyklarynda okuwçylary özaralarynda biri-birini şugullamaga çagyrmak bilen hem çäklenmeýärler. Olar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy "patyşa hem deňeýärler".

"Biziň dinimizde patyşa dil ýetirmek külli günä hasaplanýar. Biziň prezidentimiz - biziň patyşamyz bolýar. Ol hajy zyýaratyna gidip gelen we hajy bolan beýik prezidentdir" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly talyp ýaşulularyň biriniň sözlerini sitirledi.

Azatlygyň bu aýdylanlar barada 27-nji ýanwarda Mary welaýat häkimliginden we bilim bölüminden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.

Şu aýyň başyndan bäri Türkmenistanyň häkimiýetleri garaşsyz maglumatlary okamak isleýän ýurt raýatlaryna gözegçiligi güýçlendirdi.

26-njy ýanwarda habarçymyz häkimiýetleriň ýurtda petikli saklanýan saýtlara, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýtyna giren talyplara okuwdan çykaryljakdygy barada haýbat atyp, olary MHM bilen hyzmatdaşlyk etmäge mejbur edýändigini habar berdi.

6-njy ýanwarda Marydaky habarçymyz Baýramaly etrabynyň häkimiýetleriniň daşary döwletlerde ýaşaýan türkmenistanlylaryň dogan-garyndaşlarynyň öýlerine aýlanyp, olara ýurt daşyndaky raýatlaryň garşylyk toparlaryna goşulmazlygy barada berk duýduryş berýändigini habar berdi.

Bu habarlaryň arasynda, Interneti berk hökümet gözegçiligi astynda saklaýan türkmen häkimiýetleri Internetiň tizligini yzygiderli haýalladýar, VPN ulanýanlara we ony gurnap berýän ussalara basyşlary artdyrýar.

Bu çäreler, Gazagystanda bolan köpçülikleýin protestleriň fonunda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmelerini çäklendirmek işleriniň kämilleşdirilmegini tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Habarçylarymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan kanun goraýjylaryň birnäçesi "türkmen hökümetiniň halkyň aýaga galmagyndan alada edýändigini" aýtdy.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we global pandemiýanyň fonunda, soňky ýyllarda ABŞ-da, Türkiýede, Kiprde we Fransiýada türkmenistanlylaryň onlarçasy protest çärelerini geçirdi ýa-da Internetde çykyş etdi. Olar prezident Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyna nägilelik bildirip, onuň işden çekilmegine çagyryş etdiler.

Bu çykyşlar we protestler heniz hem wagtal-wagtal dowam edýär we 25-nji ýanwarda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde türkmen aktiwistleri syýasy tussaglaryň boşadylmagyny talap edip, nobatdaky gezek protest çäresini geçirdiler.

Türkmenistan Internet azatlygy boýunça halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda iň yzdaky setirlerde ýerleşdirilýär we türkmen režimi Interneti berk çäklendirmekde tankyt edilýär.

Türkmenistanda raýatlaryň pikir azatlygyny we olaryň erkin beýan edilmegini, şeýle-de döwlet ýa-da kanun arkaly goralýan gaýry syrlary özünde saklaýan maglumatlardan başga maglumatlary almak hukugyna ýurduň baş kanunynda kepil geçilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG