Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan ministri Russiýanyň Ukraina çozmagynyň 'betbagtçylykly' boljakdygyny duýdurdy


Britan daşary işler ministri Liz Truss we onuň rus kärdeşi Sergeý Lawrow
Britan daşary işler ministri Liz Truss we onuň rus kärdeşi Sergeý Lawrow

Britan daşary işler ministri Liz Truss rus kärdeşi Sergeý Lawrowa Ukraina garşy hüjümiň "betbagtçylykly" boljakdygyny duýdurdy. Beýik Britaniýa, ukrain serhediniň alkymynda toplanan rus goşunlary sebäpli güýçlenen dartgynlygy gowşatmaga gönükdirilen diplomatik saparlara goşulan iň soňky ýurt boldy. Günbatar bu goşun toplanmasynyň goňşy ýurda çozmaga görülýän taýýarlygyň bir bölegi bolmagyny güman edýär.

"Aslynda, Ukrainada söweş rus we ukrain halky üçin, şeýle-de, Ýewropanyň howpsuzlygy üçin betbagtçylykly bolar we NATO Ukraina girmegiň uly netijeleriniň we agyr çykdajylarynyň boljakdygyny aýdyň görkezdi" diýip, 10-njy fewralda Moskwada Truss Lawrowa aýtdy.

Ýewropa liderleriniň krizisi ýeňip geçmegiň ýollaryny gözläp, kontinentde bir ýurtdan beýleki ýurda sapar edýän wagtynda Moskwa Minsk bilen 10 günlük harby türgenleşige başlady.

Iki goňşynyň bilelikde geçirýän harby türgenleşigine gatnaşmak üçin takmynan 30,000 rus esgeri Belarusa ýerleşdirildi. Bu esgerleriň Ukraina edilmegi mümkin çozuşda ulanylmagyndan howatyr edilýär.

Ukrainanyň golaýyndaky beýleki serhetýaka sebitlerinde ýene-de on müňlerçe rus goşunynyň toplanandygyna garamazdan, Kreml hüjümi planlaşdyrýandygyny ret edip, öz territoriýalaryna we olaryň razylygy bilen, ýaranlarynyň territoriýalaryna öz goşunlaryny ýerleşdirmäge hukugynyň bardygyny aýtdy. Şeýle-de, Kreml özüniň harby türgenleşikleriniň goranyş maksatly bolup durýandygyny belledi.

Şol metbugat ýygnagynda Trussyň belliklerine jogap beren Lawrow, Günbataryň Moskwa garşy haýbatlarynyň bu ýagdaý bilen bagly dartgynlylygy ýokarlandyrjakdygyny aýtdy.

"Ideologiki çemeleşmeler, ultimatumlar, haýbatlar - bu hiç ýere barmaýan ýol" diýip, Lawrow "biz diňe birek-birege hormat goýýan gepleşikler arkaly gatnaşyklary kadalaşdyryp bileris" diýdi.

Russiýanyň ýokary derejeli diplomaty häzir ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň "soňky ýyllardaky iň pes derejesine düşendigini" belledi, ýöne ol Moskwanyň gatnaşyklary gowulaşdyrmaga taýýardygyny hem aýtdy.

Britaniýanyň utgaşdyrylan diplomatik tagallalary esasynda, premýer-ministr Boris Johnson NATO-nyň başlygy Jens Stoltenberg bilen maslahat etmek üçin Brýussel şäherine sapar etdi. Ol bu ýerden Warşawa gidip, Polşanyň prezidenti Andrzej Duda bilen gepleşikleri geçirer. Bu aralykda, britan goranmak ministri Ben Wallasiň (Ben Wallace) 11-nji fewralda Moskwa barmagyna garaşylýar.

Saparynyň öňüsyrasynda BBC bilen söhbetdeşlikde Wallas diplomatik çözgüt tapmak üçin edilýän tagallalara garamazdan, Kremliň hereketleriniň nädogry ugra gönükdirilendigini duýdurdy.

Ýewropadaky diplomatik tagallalaryň arasynda, Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz 10-njy fewralda Berlinde Baltika ýurtlarynyň liderleri bilen duşuşar. Baltika ýurtlarynyň üçüsi hem öňki sowet respublikalarydyr.

Ýewropaly liderler we ýokary derejeli diplomatlar krizisi ýeňip geçmegiň ýollaryny gözlemek üçin tutuş kontinentde tagalla edýärkä, Russiýa we Belarus bilelikdäki harby türgenleşiklere başlady. Takmynan 30,000 rus esgeri Belarusa ýerleşdirildi. Bu esgerleriň Ukraina edilmegi mümkin çozuşda ulanylmagyndan howatyr edilýär.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň beýanatynda 20-nji fewrala çenli dowam etdirilmegi meýilleşdirilýän harby türgenleşigiň başlanandygy we onuň "daşarky agressiýany basyp ýatyrmaga" gönükdiriljekdigi aýdyldy.

Ukraina hem 10-njy fewralda, goňşy Belarusda geçirilýän rus türgenleşiklerine jogap hökmünde, ozal yglan eden harby türgenleşiklerine başlady.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý Russiýa-Belarus bilelikdäki harby türgenleşigiň "psihologiki basyş" bolandygyny aýtdy.

Kiýew öz harby türgenleşiklerine gatnaşýan harby işgärleriň we ýaraglaryň sany barada habar bermedi. Ukrain daşary işler ministri Dmytro Kuleba 10-njy fewralda çykyş edip, Ukrainanyň Russiýanyň Harby deňiz güýçleriniň Gara deňizdäki türgenleşiklerine hem gaýtawul bermäge taýýarlanýandygyny aýtdy.

8-nji fewralda Russiýa alty sany harby gäminiň harby deňiz türgenleşikleri geçirmek üçin Ortaýer deňzinden Gara deňze tarap ýola düşendigini, munuň öňünden planlaşdyrylan hereketdigini aýtdy.

Zelenskiý diplomatik gepleşikleriň Ukrainanyň, Russiýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň liderleri bilen gündogar Ukrainadaky konflikt üçin togtan parahatçylyk meýilnamasyny dikeltmäge gönükdirilen sammite ýol açyp biljekdigini aýtdy.

Köpugurly diplomatik tagallalar, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň hepdäniň başynda Russiýanyň we Ukrainanyň prezidentleri bilen aýry-aýry gepleşikler geçirmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Makron ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Putin bilen gepleşikleri barada maglumat berdi diýip, Ak tam aýtdy. "Olar prezident Makronyň soňky duşuşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar" diýlip, beýanatda aýdyldy.

ABŞ resmileriniň aýtmagyna görä, Russiýa Ukraina bilen serhet ýakasynda 110,000 töweregi esger ýerleşdiripdir we aýyň ortalaryna çenli, doly möçberli çozuş üçin ýeterlik boljak mukdarda, 150 000 töweregi esger toplamagyň aladasynda bolup biler.

Moskwa Ukraina hüjüm etmek planlarynyň ýokdugyny öňe sürýär, ýöne öjükdiriji harby hereketleri dowam etdirýär, şeýle hem Günbatardan NATO-nyň Ukrainany we beýleki öňki sowet ýurtlaryny agza hökmünde kabul etmejekdigini, ýarag ýerleşdirilmegini togtatjakdygyny we şol bir wagtyň özünde-de, Gündogar Ýewropadaky güýçlerini yza çekjekdigini kepillendirmegi talap edýär.

Waşington we NATO bu talaplary ret etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG