Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň habarlaryndan soň, mekdeplerde mejbury pul toplamak togtadyldy, barlag başlandy


Mugallymlaryň pul tabşyrmadyk okuwçylary köpçüligiň öňünde utandyrmaga, ýazgarmaga synanyşandygy barada hem maglumatlar bar.

Azatlygyň mekdepleriň abatlaýyş işleri üçin okuwçylardan mejbury ýygnalýan pullar, bularyň ene-atalara ýetirýän agramy baradaky habarlaryndan soň, paýtagtyň orta mekdeplerinde barlaglar başlandy we maliýe serişdelerini toplamak işleri togtadyldy.

Habarçylarymyz okuw ýyly ahyrlaýan wagtynda mekdebi abatlamak üçin kiçi klas okuwçylaryň 100 manat möçberinde, uçurym boljak uly klas okuwçylaryň hem 300 manat möçberinde synp ýolbaşçylaryna pul bermäge mejbur edilýändigi barada maglumat beripdiler.

“Azatlykda çykan habarlardan soň, Aşgabadyň mekdeplerine Bilim ministrliginiň, Prokuraturanyň işgärlerinden düzülen toparlar aýlanyp başlady. Öňünden duýdurylmazdan amal edilýän bu barlaglar eýýäm paýtagtyň ençeme mekdebinde geçirildi. Mundan howatyr edip, beýleki mekdepleriň ýolbaşçylary eýýäm okuwçylardan pul toplamak işlerini bes etdiler” diýip, bu ýagdaýlary içginden yzarlaýan paýtagtly ene-atalaryň biri 18-nji maýda habarçymyza gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini we perzendiniň okaýan mekdebini aýan etmezligi soran söhbetdeşimiz, mümkin barlaglaryň arasynda, mekdeplerde okuwçylar bilen düşündiriş işleriniň geçirilýändigini hem belledi.

“Mugallymlar eýýäm pul tabşyran okuwçylardan, barlag gelen halatynda, olardan hiç kimiň pul soramandygyny aýtmagyny talap edýärler. Şeýle-de, mekdepdäki bolýan ýagdaýlary Azatlyga ýa-da beýleki garaşsyz neşirlere ýetirmezlik barada duýduryş berýärler. Mugallymlar munuň ‘pajygaly’ netijeleri bilen haýbat atýarlar” diýip, söhbetdeşimiz çagasynyň mekdepde başdan geçiren tejribesini gürrüň berdi.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri hem öz habarçylaryna salgylanyp, Aşgabadyň mekdeplerinde okuwçylardan pul toplamak işleriniň saklanandygyny tassyklaýar.

Neşiriň maglumatyna görä, ene-atalara abatlaýyş işleri üçin nagt pullaryň deregine, emulsiýa, boýag... ýaly gurluşyk serişdelerini getirmek mümkinçiligiň bardygy, şeýle-de maliýe ýagdaýy bolmadyk hojalyklara, umuman, hiç hili hemaýatyň gerek däldigi aýdylypdyr.

Neşir okuwçylardan mejbury pul toplamak işleriniň togtadylmagynyň sebäpleriniň doly aýdyň däldigini, emma ene-atalaryň köpüsiniň muny bu baradaky habarlaryň garaşsyz media serişdelerinde peýda bolmagy bilen baglanyşdyrýandygyna ünsi çekýär.

Azatlygyň 18-nji maýda ýerli wagt bilen öýläne çenli ýokarky ýagdaýlar boýunça ýurduň Bilim ministrliginden, Baş prokuraturasyndan maglumat almak synanyşyklary netije bermedi.

Mundan öň, Azatlygyň habarçylary ene-atalaryň mekdep administrasiýasynyň okuwçylardan pul toplamagyndan nägile bolýandygyny, ýöne mekdebiň abatlaýyş işlerine maddy goşant goşmakdan ýüz öwürýän okuwçylaryň pes bahalar bilen jezalandyrylýandygyndan howatyr edip muňa boýun bolýandyklaryny nygtapdylar.

Türkmenistanda orta mekdepleri abatlamak işlerine köplenç tomsuň başlarynda badalga berilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary mundan ozal, Türkmenistanyň döwlet býujeti düzülende orta mekdepleriň abatlaýyş işleri üçin goşmaça maliýe serişdeleriniň bölünip berilmeýändigini habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG