Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AP: Hytaý Sinjiang welaýatynyň uýgurlar ýaşaýan bölegini ägirt uly türmä öwürdi


Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalaryň maglumatyna görä, Hytaýda azyndan bir million uýgur we beýleki musulman azlykdan bolanlar terrorizmde aýyplanyp, türme tussaglygyna höküm edilipdir.
Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalaryň maglumatyna görä, Hytaýda azyndan bir million uýgur we beýleki musulman azlykdan bolanlar terrorizmde aýyplanyp, türme tussaglygyna höküm edilipdir.

Hytaýdaky uýgurlar ýaşaýan şäherlerde, her 25 adamdan biri diýen ýaly terrorçylykda aýyplanyp, türme tussaglygyna höküm edildi. Associated Press habarlar gullugynyň maglumatyna görä, bu dünýädäki iň ýokary tussaglyk derejesidir.

Agentlik tarapyndan alnan sanawda, diňe Sinjiang welaýatynyň Konaşeher türmesine iberilen 10 müňden gowrak uýguryň ady bar. Soňky ýyllarda Hytaý esasan musulman azlykda bolan uýgurlary rehimsizlik bilen yzarlaýar we alyp barýan bu işini terrorçylyga garşy çäre diýip atlandyrýar.

Tussag edilen uýgurlaryň atlaryny görkezýän bu sanaw şu wagta çenli Hytaý hökümetiniň millionlarça ýa-da has köp adamy syýasy tussaglara öwürmek kampaniýasynyň çäklerindäki iň köp sanlysy bolandygyny görkezýär. Şeýle hem bu sanaw köp sanly maşgalanyň we ynsan hukuklaryny goraýjy toparlaryň ençeme ýyllap edýän beýanatlaryny tassyklaýar: öňe sürýän maglumatlaryny Hytaý uýgurlary gözegçilik astynda saklamak üçin, uzak möhletleýin tussaglyk ulgamyna bil baglaýar we kanuny repressiýa ýaragy hökmünde ulanýar.

Berk hem kesgin halkara tankytlardan soň, Hytaýyň hökümeti 2019-njy ýylda, kazyýet işleri geçmezden öňinçä saklanýanlaryň türmesiniň ýapylandygyny mälim edipdi, şol türmelere uýgurlary hiç bir aýyplama bildirmezden ugradýardylar. Muňa garamazdan, bilermenler müňlerçe uýguryň galp ýagdaýda terrorçylykda aýyplanyp, onlarça ýyl türmede oturandygyny aýdýarlar.

Uýgur daýhany Rozikari Tohti üç çagaly, hiç wagtda dine gyzyklanma bildirmeýän, örän asuda we öz maşgalasy bilen bolup ýören adam hökmünde tanalýardy. Şoňa görä onuň doganoglany Mihrigul Musa Tohtiniň “dini ekstremizm” sebäpli bäş ýyl türmä basylandygyny eşideninde, gaty geň galdy.

"Men ony tussag ederler diýip, hiç haçan pikir etmändim. Eger siz ony gören bolsaňyz, özüňizem şeýle duýgyny başdan geçirerdiňiz. Ol şeýle ümsüm adamdy" diýip, häzir Norwegiýada bosgunlykda ýaşaýan Musa aýdýar.

Konaşeher Sinjiangyň günorta obalarynyň biri bolup, ol ýerde 267 müňden gowrak adam ýaşaýar. Mälim edilen sanawa görä, sebitden tussag edilenler 2 ýyldan 25 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilipdir, olaryň ortaça tussaglyk möhleti dokuz ýyl bolupdyr.

Tussag edilenler jemgyýetiň ähli gatlaklaryna degişli. Olaryň arasynda erkekler hem aýallar, ýaşlar we garrylar bar. Bilermenler munuň olaryň diňe uýgur bolandyklary üçin yzarlanandygyny, hytaý häkimiýetleriniň uýgurlary düýbünden inkär edýändiginiň netijesidigini görkezýän aýdyň maglumatdygyny aýdýarlar.

Ol sanaw sinjiangly alym Jin Buning tarapyndan, bir näbelli çeşmeden alyndy, özüni Hytaýdaky Han köplüginiň agzasy hökmünde häsiýetlendirýän ol adam "Hytaýyň Sinjiang syýasatyna garşy çykyş edýär". Ol dokument Norwegiýada sürgünlikde ýaşaýan uýgur dilçisi Abduweli Aýup tarapyndan AP gullugyna berildi. AP agentligi uýgur milletinden bolan sekiz adam bilen geçirilen söhbetdeşlikde, sanawda ady geçýän 194 adamyň şahsyýetini kesgitläninden soň, onuň hakykydygyny tassyklady. Şeýle hem Hytaý resmileri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleriň ýazgylary, sanawdaky adamlaryň ýaşaýan ýerleriniň salgylaryny, doglan günlerini we şahsyýet belgilerini barlamak arkaly dokumenti barlap bildiler.

Bu sanawda adaty jenaýat işleri – adam öldürmek ýa-da ogurlyk etmek ýaly aýyplamalar bilen tussag edilenler ýok. Has dogrusy ol terrorçylyk, dini ekstremizm bilen baglanyşykly jenaýatlara ýa-da adatça bolşy ýaly “dawa başlamak we bidüzgünçilikleri döretmek” ýaly syýasy dissidentlere garşy ulanylýan nämälim aýyplamalara ünsi jemleýär. Munuň özi tussaglaryň hakyky sanynyň has köpdügini aňladýar.

Hatda iň ýönekeý hasaplamalara seredilende-de, Konaşeher sebitinde tussag edilenleriň sany ABŞ-nyň Adalat ministrliginiň statistikasyna görä, dünýäniň iň köp türme tussaglarynyň bar ýeri bolan Birleşen Ştatlardan 10 esse köpdür. Şeýle hem bu görkeziji tutuş Hytaý bilen deňeşdirilende, 30 esse ýokarydyr. Şeýle hökümet statistikasy Hytaýda soňky gezek 2013-nji ýylda çap edildi.

2019-njy ýylda Sinjiang welaýatynyň resmi wekilleri gysga möhletli tussaglar üçin, lagerleriň ýapylýandygyny habar berdiler. Dört lagere baryp gören AP žurnalistleri lagerleriň ýapylandygyny ýa-da başga desgalara öwrülendigini tassykladylar.

Emma türmeler saklanyp galdy. Birnäçe lager bolsa türmelere öwrüldi.

Emeli hemra arkaly alnan suratlar 2021-nji ýylyň aprel aýyna çenli Hytaý hökümetiniň Sinjiang sebitindäki türmeleriniň möçberiniň ABŞ-nyň Manhetten adasynyň üçden bir bölegini ýapmak üçin ýeterlik boljakdygyny görkezýär.

Bilermenler tussaglara bildirilýän aýyplamalaryň tebigatynyň gizlin bolmagynyň alada goýujy ýagdaýdygyny aýdýarlar. Hytaýda ýuridiki işlere degişli kanuny resminamalar elýeterli bolsa-da, Sinjiangdaky kazyýet resminamalarynyň 90% töweregi köpçülige mälim däl. Syzyp çykan az sanly maglumatlar adamlary pornografiýa seretmegi, hapa sögünmegi ýa-da türmede namaz okamagy ýaly hereketleri üçin, "terrorçylykda" aýyplanýandygyny görkezýär.

Çeşme: Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG