Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa gündogar Ukrainada hüjümi güýçlendirýär, Donbas ‘bütinleý ýykylyp-ýumruldy’


Halas edijiler gündogar Donetsk sebitindäki Bahmut şäherinde rus zarbalary bilen ýykylan köp gatly binanyň harabalygynda bir asuda raýatyň jesedini göterip barýarlar. 18-nji maý.

Russiýa 20-nji maýda Donetsk we Luhansk sebitlerine urýan zarbalarynda artilleriýa, raketa atyjylary we söweş uçaryny ulanyp, gündogar Ukrainada hüjümi güýçlendirýär diýip, Ukrainanyň raýat we harby resmileri aýdýarlar. Britan aňtaw resmileri Mariupol alnandan soň Moskwanyň hüjümleriniň mundan beýläk has-da güýçlenjekdigini çaklady.

Luhanskyň ýerli häkimiýetleri 20-nji maýda Russiýanyň uçdantutma hüjümlerinde soňky 24 sagadyň dowamynda azyndan 13 asuda raýatyň öldürilendigini hem-de düýpli zyýanyň ýetirilendigini aýtdy.

On iki adam rus hüjümleriniň başa barmadyk şäherçesinde, Sewerodonetskde öldürildi diýip, sebit häkimi Serhiý Haýdaý aýtdy. Sewerodonetsk şäherçesi we Lysyçansk şäheri rus goşunlarynyň hüjüme girişen sebitlerinde ýerleşýär.

Donetskde “duşman Russiýa raýat infrastrukturasyna garşy köpçülikleýin artilleriýa top atyşlaryny, şol sanda köp sanly raketa atyşlaryny amala aşyrdy” diýip, Ukrainanyň baş ştaby beýanat berdi.

Ukrainanyň Baş prokuraturasy 20-nji maýda rus çozuşy başlanaly bäri 232 çaganyň öldürilendigini we 427 çaganyň ýaralanandygyny aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Russiýanyň Ukrainanyň gündogar Donbas sebitini “bütinleý ýykyp-ýumurandygyny” aýdyp, rus güýçlerini mümkingadar köp ukrainalyny öldürmäge we mümkin boldugyndan has köp zyýan ýetirmäge synanyşmakda aýyplady.

“Ol ýeri dowzah – we bu ulaldylyp aýdylýan gürrüň däl” diýip, Zelenski gijeki ýüzlenmesinde aýtdy hem-de ýene bir gezek Russiýany genosid etmekde aýyplady

“Odessa sebitine, merkezi Ukrainadaky şäherlere yzygiderli zarba urulýar. Donbas bütinleý ýykylyp-ýumruldy” diýip, ol aýtdy.

Britan aňtaw hasabaty Moskwanyň ukrain goraçylarynyň aglabasynyň gysylyp galan we şu hepde boýun synan ýeri bolan “Azowstal” polat zawody ýerleşýän Mariupol port şäherini ele geçirenden soň, öz hüjümlerini Donbasda güýçlendirjekdigini aýtdy.

Günorta-gündogar Ukrainada ukrain raýatlaryny alyp barýan ýüzlerçe ulagyň ukrain gözegçiligindäki territoriýa geçmegine rugsat berilmedi.

20-nji maýda irden Britaniýanyň harby aňtawy 1,700 töweregi esgeriň Mariupoldaky “Azowstal” polat zawodynda boýun synan bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Ýöne “näbelli sandaky ukrain güýçleri zawodyň içinde galýar” diýip, britan aňtawy Goranmak ministrligi tarapyndan çap edilýän gündelik hasabatynda aýtdy

Penşenbe güni Moskwa hem polat zawodda şu wagta çenli 1,730 ukrain söweşijisiniň tabyn bolandygyny, olardan 771 adamyň soňky 24 sagadyň içinde boýun synandygyny aýtdy.

Olaryň ählisiniň, şol sanda ýaralylaryň gündogar Ukrainada rus goldawly separatistler tarapyndan dolandyrylýan territoriýa geçirilendikleri habar berilýär.

Hasabat Russiýanyň Mariupoldaky Azow deňiz portuny alandan soňra, Donbas senagat sebitinde öz operasiýalaryny güýçlendirmeginiň mümkindigini aýtdy.

Ýöne hasabat rus güýçleriniň Donbasa ýerleşdirilmeginiň uzaga çekmeginiň mümkindigini, sebäbi olaryň Azow deňiz portunda bolan berk ukrain garşylygyndan soň täzeden enjamlaşdyrylmalydygyny aýtdy.

Britan aňtawy netije görkezmek babatda barha köp basyş astynda galýan rus serkerdeleriniň şonda-da, öz güýçlerini, doly taýýarlyksyz, “tapdan düşmek” töwekgelligi bilen sebite gaýtadan ýerleşdirmekleriniň mümkindigini çaklaýar.

Russiýa gündogar Ukrainadaky sebitleri topa tutýan mahaly, Halkara Gyzyl haç komiteti Azowstal zawodyny terk eden ýüzlerçe ukrain söweşijisini uruş ýesirleri hökmünde hasaba alyp başlandygyny aýtdy.

Halkara Gyzyl haç komiteti söweşijileriň uruş ýesirleri hökmünde hasaba alynmagyny “olardan habarly galynmagyny we olara adamkärçilikli, mertebeli çemeleşilmegini üpjün etmek üçin örän möhüm” atlandyrdy. Şeýle-de bu, ýesir alnanlaryň yzyny yzarlamaga we olara maşgalalary bilen aragatnaşyk saklamaga kömek bermäge mümkinçilik berýär.

Kiýew bu söweşijileriň rus tussaglary bilen alyşylmagyna umyt bildirdi, ýöne Ukrainanyň gündogar Donetsk sebitindäki russiýaçy häkimiýetler olaryň käbiriniň suda çekilip bilinjekdigini aýtdy.

Günorta-gündogar Ukrainadaky ýerli harby resmiler ukrain raýatlaryny alyp barýan 1,000 töweregi ulagyň Zaporožýe şäherinde ukrain gözegçiligindäki territoriýa geçmegine rugsat berilmändigini aýtdy.

Sebitiň harby administrasiýasy 20-nji maýda gaçmaga synanyşýan adamlardan doly bolan ulaglaryň Wasyliwka şäherindäki rus barlag nokadynda gysylyp galandygyny aýtdy.

“Wasyliwkada basybalyjylar tapgyr dört gün bäri 1000-den gowrak awtoulagyň Ukraina tarapyndan gözegçilik edilýän territoriýa girmegine rugsat bermeýärler” diýip, administrasiýa Telegramda aýtdy we awtoulaglarda aýallaryň hem-de çagalaryň bardygyny, we olaryň aglabasynyň azyk we suw üçin pulunyň ýokdugyny sözüne goşdy.

Zelenski Kiýewiň demirgazygyndaky Çernihew sebitinde ýerleşýän Desna obasynyň 19-njy maýda rus raketalary bilen urlandygyny aýtdy. Desna Belarus serhedinden 70 kilometr töweregi aradaşlykda ýerleşýär.

“Çernihew sebitine edilen rus zarbalary, hususan-da Desna edilen aýylganç urgy, galyndylar seljerilýär, ölen adam köp” diýip, Zelenski aýtdy.

Ol 19-njy maýda britan premýer ministri Boris Jonson we Ýewropa komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen bilen dürli meseleleri, şol sanda sarsylan ukrain ykdysadyýetine ýardam bermek üçin zerur bolan maliýe ýardamyny, oba hojalyk eksportlaryny we “Azowstaldaky gahrymanlaryň ewakuasiýa edilmegini” maslahat etdi.

Diplomatik tagallalar babatda aýdylanda, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 19-njy maýda Finlandiýanyň we Şwesiýanyň liderlerini kabul etdi we olaryň NATO agzalyk tekliplerini gutlady.

Baýden Şwesiýany we Finlandiýany iki “beýik demokratiýa” we “ýokary ukyply hyzmatdaş” atlandyryp, olaryň arzalaryna berk goldaw beýan etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG