Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Mary öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy garşylamaga taýynlanýar


Gurbanguly Berdimuhamedow 

Türkmenistanyň Mary welaýaty ýurduň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gelmegine garaşýar. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylaryna we çeşmelerine görä, welaýat häkimiýetleri Berdimuhamedowy dabaraly ýagdaýda garşylamaga taýýarlanýar.

Marynyň häkimiýetleri häzirki prezident Serdar Berdimuhamedowyň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowy dabaraly ýagdaýda garşylamaga taýynlanýar.

Habarçylaryň maglumatlaryna görä, Berdimuhamedowyň gelmegine taýýarlyk görülip, tutuş sebitde ýowarlar geçirilýär, binalar reňklenýär we abatlanýar, köçeler arassalanýar. Mary şäherinde taýynlyklar howa menzilinden we onuň daş töwereginden başlandy.

Öňküsi ýaly, ýowarlara býujet guramalarynyň işgärleri gatnaşdyrylýar. Käbir ýagdaýlarda kärhanalaryň we edaralaryň işgärleri çykdajy edip, özlerine derek hakyna tutulan işgärleri ibermäge mejbur bolýarlar.

"Döwlet edara-kärhanalaryň işgärleri ot-çöpleri ýygnamak üçin howa menziliniň golaýyndaky pagta meýdanlaryna iberildi. Olaryň köpüsi gaz kärhanalarynyň işgärleri. Olar özlerine derek hakyna tutulan işçileri iberýärler we öz hasabyna günde ortaça 40 manat töleýärler" - diýip, 26-njy maýda Azatlygyň Marydaky çeşmesi aýtdy.

Sapara taýýarlykar diňe bir arassaçylyk işleri bilen çäklenmedi. Habarçylar öňki prezidenti garşy almak üçin adamlaryň saýlanýandygyny habar berýärler.

"Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňünden çykmak uchin ýörite adamlar taýynlanýar. Ýörite gulluklaryň işgärleri Gurbanguly Berdimuhamedowy garşy almak üçin saýlanan adamlaryň ygtybarly bolmagy üçin üç arkasyny barlaýarlar. Olar bu barlagdan soň saýlanmalydyr. Häkimlik tarapyndan tassyklanandan soň dalaşgärlere prezidentiň duşuşygyna taýýarlyk görmäge rugsat berilýär" - diýip çeşme gürrüň berdi.

Habarçylar Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparynyň senesini we gün tertibini anyklap bilmediler. Döwlet metbugaty ýakyn wagtda boljak sapar barada habar bermedi. Mundan başga-da, öňki prezidentiň Mary welaýatyna syýahatynyň maksadyny hem anyklap bolmady.

Ýurduň günorta-gündogarynda ýerleşýän Mary welaýatynda iň uly Galknyş gaz ýatagy bar we türkmen gazynyň ýeke-täk eksport ugry bolan Hytaýa tarap gazgeçiriji şu ýerden başlanýar.

Geçmişde Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident hökmünde ýurt içinde eden saparlary giň gerimli taýýarlyk çäreleri bilen tapawutlanýady. Saparlaryň öňüsyrasynda sebit häkimiýetleri arassaçylyk, abatlaýyş işleri bilen başagaý bolup, ýollary bejerip, prezident kortežiniň ugrundaky binalary boýap, gül we agaç ekip, pagta we bugdaý meýdanlaryny arassalap taýynlanýardy.

Berdimuhammedowyň döwlet başyndaky soňky ýyllarynda prezidentiň saparlary öňünden resmi taýdan yglan edilmändi. Prezidentiň welaýatlara sapary wagtynda sebit merkezlerinde we şäherlerde durmuş bökdeýärdi.

15 ýyllap ýurdy dolandyran Gurbanguly Berdimuhamedow fewral aýynda birden işinden aýrylýandygyny yglan etdi we kararyny "ýaşlara ýol bermek" niýeti bilen düşündirdi. Mart aýynda onuň 41 ýaşly ogly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň prezidenti boldy. Ýaşuly Berdimuhamedow ýurduň esasy kanun çykaryjy organy Halk Maslahatyna ýolbaşy bolup galdy.

Bu aralykda, Türkmenistanyň häzirki prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem ýurt içinde sapara taýýarlanýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri prezidentiň ýakyn günlerde ýurduň demirgazygyndaky Daşoguz şäherine sapar etmegine garaşylýandygyny we munuň üçin welaýatda giň gerimli arassaçylyk işleriniň geçirilýändigini habar berdiler. Şu günler Daşoguzda býujet edaralaryň müňlerçe işgäri köçeleri köpçülikleýin timarlaýar.

Что Бердымухамедов сделал за 15 лет правления и в каком состоянии он передает страну
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:41 0:00

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG