Türkmenistanyň ilat köpçüligi azyk üpjünçiliginde dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarka, hökümet halka käbir iýmit önümlerini elýeterli etmek boýunça wezipesini ýerine ýetirýär. Şu günler hususan-da, Mary welaýatynyň käbir obalarynda häkimiýetler ýaşaýjylara ýanwar aýynda berilmeli uny satyp başldylar.
Mary welaýatynyň Garagum etrabynda yanwar aýynyn un paýynyň satylyp başlandygyny ýerli habarçylarymyzyň biri 9-njy awgustda habar berdi.
Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, döwlet bahasyndan we adam başynda çäkli möçberde satylýan bu unuň hili pes bolup, ustesine içi bitli hem gurçukly.
"Içi gurçuklap giden un paýlandy. Uny elekden geçirseň kepegi unun özünden kän. Bu undan çörek bişirmek üçin ony birnäçe gezek elemeli bolýar. Bişirlen çöregiň tagamy ajymtyl" diýip, Garagumyň ýaşaýjysy gürrüň berýär. Onuň sözlerine görä, adamlarda hususy dukanlarda satylýan uny almaga maddy mümkinçiligi bomansoň, olar döwlet dükanlarynda uzak garaşdyrylyp, satylýan pes hilli uny bialaç satyn almaly bolýarlar.
Habarçylaryň aýtmagyna görä, şu günler Marynyň etraplarynda satylýan un bu ýylky bugdaý hasylyndan bolman, öňden bäri ençeme wagtlap saklanyp ýatan zapaslardan.
"Halka uny her aýda wagtynda satsalar, ol skladlarda uzak ýatmazdy we belki has arassa we gowy hilli bolardy" diýip, etrabyň ýene bir ýaşaýjysy gürrüň berýär.
Döwlet dükanlaryndan un satyn alýan maşgalalar öz maddy ýagdaýynyň agyrdygyny aýdýarlar we hatda şeýdibem zordan gün görýändigini gürrüň berýärler.
"Eli pully adamlar paýok bilen gyzyklanmaýarlar. Agram ýene garyp adama düşýär, bialaç şol berilen undan çörek bişirmeli bolýarys" diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň biri aýdýar.
Bu aralykda habarçylar şu günler Gargum etrabynda satylýan unyň welaýatyň başga ýerlerinde hem peýda bolandygyny gürrüň berýärler. Olaryň sözlerine görä, hatda Mary şäherinde ýerleşýän çörek bişirýän döwlet kärhanalarynda ulanylýan unuň hem hili pes bolup, döwlet dükanlarynda satylýan çöregiň tagamyna täsir ýetirýär. Bu çörek çagalar baglaryna hem paýlanýar.
Habarçy çagalar baglaryna şu günler paýlanýan çöregiň hiliniň pesdigini, tagamynyň ajydygyny we ýakymsyz ysynyň bardygyny aýdýar. Ol çagalar baglarynyň işgärlerine salgylanyp, bu paýlanýan çöregi çagalaryň iýip bilmeýändigini, şeýlelikde taşlanýan çöregiň has köpelendigini gürrüň berdi.
"Çagalar bagynda körpelere getirlen çöregiň daşyny berýärler, onuň içi maňyzy çig we ony asla iýip bolmaýar. Çagalar öýlän öýlerine gidýänçä aç bolýar" diýip habarçymyz çagalaryň öýlerine gaýdyp gelende dessine nahara topulýandygyny belledi.
Türkmenistanda ýiti azyk krizisi, şol sanda un we çörek gytçylygy 2017-nji ýylyň aýagyndan bäri saklanyp galýar. Türkmen hökümeti azyk ýetmezçiliginiň bardygyny resmi taýdan boýun alman gelýär. Tersine her ýyl bugdaý planynyň dolýandygyny yglan edýär.
29-njy iýulda türkmen hökümetiniň maslahatynda daýhanlaryň galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri yglan edildi. Resmi maglumata görä, bu ýyl hem ýurduň harmanyna adatdakysy 1 million 500 müň tonna golaý bugdaý tabşyrylypdyr.
Türkmen häkimiýetleriniň bugdaý planynyň doly ýerine ýetirilendigi hakyndaky beýanatlary ýurtda unuň we çöregiň ýiti gytçylygynyň fonunda edilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum