Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler mekdep okuwçylarynyň telefonlaryny barlaýar, ene-atalara duýduryş berýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde howpsuzlyk işgärleri orta mekdeplerde okuwçylaryň smartfonlaryny barlaýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy şeýle barlaglaryň Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) işgärleri tarapyndan Balkan welaýatynyň käbir orta mekdeplerinde geçirilendigini habar berýär. Garaşsyz turkmen.news neşiri Aşgabatda we Daşoguzda hem polisiýa uniformaly adamlaryň mekdeplerde smartfon barlaglaryny geçirýändiklerini habar berýär.

Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň telefonlarynyň barlanmagy geçen hepdäniň dowamynda batlandy. Maglumata görä, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy sebitinde ýerleşýän 26-njy, 29-njy, 1-nji, 3-nji we 10-njy mekdeplerinde barlag geçirildi. Balkandaky barlaglara polisiýa işgärleri bilen bir hatarda welaýat bilim bölüminiň işgärleri hem gatnaşýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy sentýabrda Balkanda geçirilen barlaglaryň netijesinde VPN hyzmatlaryndan peýdalanyp, Internet ulgamyna baglanýan mekdep okuwçylarynyň ene-atalaryna howpsuzlyk işgärleri tarapyndan haýbat atylandygyny habar berýär.

Turkmen.news neşiri häkimiýetleriň mekdep okuwçylarynyň telefonlarynda syýasy maglumatlary we pornografiýa materiallaryny gözleýändiklerini habar berýär.

“Smartfonda VPN ulanýan çagalar anyklanyp, olaryň ene-atalary MHM edaralaryna çagyryldy. Olar öz çagalarynyň edep-terbiýesine jogapkärçiliksiz çemeleşmekde aýyplandy” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi maglumat berýär.

Türkmen resmileri häkimiýetleriň smartfon barlaglaryny ahlak aladalary bilen düşündirmäge synanyşýar, ýöne türkmen hökümeti onsuz hem ýyllarboýy Internet ulgamyny berk çäklendirmekde tankyt edilýär. Diňe bir okuwçy ýaşlaryň arasynda däl, eýsem, häkimiýetler tutuş ilat arasynda dürli usullar bilen Internet ulgamyny berk çäklendirmek ugrunda aýratyn tagalla edýärler. Bir tarapdan, häkimiýetler ýurduň howpsuzlyk edaralarynyň tehniki mümkinçiliklerini ýokarlandyryp, ilatyň Internet elýeterliligini çäklendirmäge synanyşsalar, beýleki tarapdan dilden edilýän görkezmeler we gorkuzmalar bilen ilaty Internet ulgamyndan daşda saklamaga çalyşýarlar.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleriniň raýatlary VPN ulanmazlyk barada kasam içmäge mejbur eden halatlarynyň hem bolandygyny habar berdiler.

Balkanda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan mekdep müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary okuwçy ýaşlaryň smartfon ulanmagy bilen bagly öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmeýändigini aýdýar.

Ýatlasak, 2020-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çagalaryň, ýetginjekleriň we dürli ýaşdaky adamlaryň köp wagtlaryny kompýuteriň, telefonyň we planşetiň başynda geçirmekleriniň adam saglygyna zyýan ýetirýändigini aýtdy.

Şonda Berdimuhamedow ýaşlary täze tehnologiýalara derek, milli oýunlara çekmäge, olara milli medeniýeti, dili, edebiýaty, taryhy we sporty söýdürmäge çagyrdy.

Aradan iki ýyl soň, 2022-nji ýylyň ýanwarynda, goňşy Gazagystanda turan halk gozgalaňlarynyň arasynda, Berdimuhamedow Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmeleriniň Türkmenistanda berk çäklendirilmegini howpsuzlyk ýolbaşçylaryndan berk talap etdi.

Ýurtda ilatyň Internet elýeterliligini giňeltmek wadalary bilen häkimiýet başyna geçen Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylda “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň dünýäde azat metbugatyň ýagdaýy boýunça çap eden hasabatynda “Internetiň ganym duşmany” yglan edildi.

“Internet ulgamy boýunça edilýän gözegçilik işleri talabalaýyk alnyp barylmady” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň ýanwarynda geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen howpsuzlyk ýygnagynda aýtdy we Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmelerini çäklendirmek işlerini kämilleşdirmegi howpsuzlyk ministrinden talap etdi.

Türkmenistanda häkimiýetler ýyllarboýy sosial torlary, dürli habar çeşmelerini çäklendirip gelýär, şol bir wagtda ýurtda VPN ulgamlaryny çäklendirmek ugrunda häkimiýetler tarapyndan yzygiderli tagalla edilýär. Galyberse-de, smartfonlara VPN ýüklemek hyzmatlaryny hödürleýän telefon ussalary häkimiýetler tarapyndan yzygiderli yzarlanýar.

Türkmenistanda mart aýynda prezident çalşyp, Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçeli bäri ýurt häkimiýetleriniň VPN gözegçiligi güýçlendi.

Türkmenistanyň ilaty onsuz hem dünýäde iň haýal Internet hyzmatlaryndan peýdalanmaly bolýarlar. Britaniýaly barlagçylar geçen ýyl geçiren barlaglaryna salgylanyp, sentýabrda çap eden hasabatynda dünýäde iň haýal tizlikli Internetiň Türkmenistanyň ilatyna hödürlenilýändigini anykladylar. Hasabata görä, Türkmenistanyň Internet tizligi bilen 5 gigabaýtlyk kinony 15 sagatda indrip bolýar.

Şeýle çäkli Internet tizligi bilen Türkmenistanda Internet ulanyjylarynyň multimedia maglumatlaryndan suratlardan we wideo maglumatlardan peýdalanmak mümkinçiligi ymykly çäklendirilýär.

Çagalarynyň smartfonlarynda VPN tapylan ene-atalara “eger çagalary ýene-de bir gezek Internete girse, olaryň işden kowuljakdygy, eger gerek bolsa, jenaýat jogapkärçiligine çekiljekdigi duýduryldy, bu barada dilhaty alyndy” diýip, balkanly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary 19-njy sentýabrda günüň ikinji ýarymynda häkimiýetleriň smartfon barlaglarynyň Mary welaýatynyň orta mekdeplerinde hem alnyp barylýandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG